Maksim Ya tak privykla zit adnim taboy adnim taboy, I wstrecat, rasweta uslyshat kak prasnyoshsya ne samnoy, Mne stala tak legko dyshat atkrytoe akno i pawtaryat yey lish adno Znayishli ty wdol nacnyh darog shla basikom ne zeleya nog A serdse yego teper w twaih rukah Ne poteryay yego i ne slamay!
Dürdäne Akmyradyň düýşüne-de girdi. Ýaş ýigit heniz ýüzüni görmedik gyzyna, iň bolmanda, düýşünde bir sataşmagyň arzuwyny edip ýördi welin, şol-a boldy. Ýazylan hatlaryň, telefonda aýdylan süýjüden-süýji sözleriň netijesinde, gaýybana çekilen şekil hakykatdan gaty bir daşda-da däl ýaly ekeni. Akmyrat çakynyň dürs çykany üçin düýşünden razy boldy. Uniwersiteti gutaryp, ýaňy bir ýyl bäri
Mekdebi tamamlap, okuw diýip hiç ýere gitmedigem bolsa, Bibigözel ejäniň okumyşlygy hiç bir adamdan kemlär ýaly däldi. Eli sypyndygy kitaba ýapyşardy. Munuň üçin adamsyndan igenç eşiden saparlaram bolupdy. Şonda-da kitapdan el çekmek hakda pikirem etmändi. Hatda ol gündelik gazet - žurnallara seretmägede wagt tapýardy. Kitap okamagy ogly Serdaryňam kiçilikden aňyna guýupdy.
Liftyň içi örän giňde, ol lifta arkaýyn iki sany ýeňil maşyn sygjakdy. Emma maşynyň ýerine iki sany äpet adam durdy. Ol adamlar birek birege edil iki damja suw ýaly meňzeşdi. Olaryň gözleri gara äýneklidi we nirä seredýänleri belli däldi. Ol adamlaryň emeli usul bilen ýasalandygy bildirip durdy. Olardan başga liftyň içinde Halyl atly oglan hem bardy. Halyl 27 ýaşynda-dy we düýn diýen ýaly ýokary
Salam. Haýsy biriňizde "Aýýaryň oýuny" atly hekaya bar. Bar bolsa ullkan haýyş şol hekayany dolulygyna şu saýtda paýlaşyň ýada poçtama ugradyp beriň :)?!
Pula ýüzýär wyždan sa:ly Tiz baýamak ynsan bary Ynsaby ýuwudan bizdik Aýt, döwürde günä barmy Bugün Gurban, erte Çary Bugün Gyzyl, erte Sary Söýgüni guradan bizdik, Aýt, döwürde günä barmy?! Nirä barýar edep ha:ly On sözüňem sögünç ýary Edebi unudan bizdik, Aýt, döwürde günä barmy?! Gussa çümdi ýaşlaň aňy "Tüssä" çümdi ýaşlaň aňy Bolany döreden bizdik, Aýt, döwürde günä barmy?! Bilinmez
“HALASGÄRIM!” DIÝDI SAŇA DERT ÇEKEN…” Zehine baş egmek ynsana mahsus, Lukman inim, şo-ol zehiniň biri sen. Lap edip men muny aýtdygym däl, - Ýürekdäki damarlaryň piri sen! Bu sarpa her kese başardýan däldir, Bi hormat, bi sylag, bi ýagşy päldir, Alkyş bilen seni ýaşardýan kändir, Saýlap aldyň halas etmek käri sen. Ýetmiş ýaşda diňläp bir gün ýüregim, Diýdiň: "Agam, bitin eken çöregiň“.
Göwnüm gitmez göwnüň ýetmez işlere, Paýhasym ýoluňy tutar her haçan. Yhlasym birigip umytlam bilen, Seň ugruňda zähmet çeker, der saçar. Amal etmen ýersiz-ýere gögerip, Boý almaga yhlas edýän kinäňe. Sende barmy, ýokmy — on-a biljek däl, Ýöne gamly günüň hoş söz diýmäge döwtalap men. Dünýäm, mende juda kän şeýle niýet. Şeýle päliň biri men. Ýüregiňden bireýýämler göç eden ýagşy arzuw, Saňa köňlün
*bir gyzyň iň näzijek ýaşy 0-2 aralygyndadyr, soňra gürlemegi öwrenýärler. *gyzlara düşünmersiňiz. o sumka onça zat nähili sygýar şoňa düşünseňem bolar. *lakly dyrnaklaryny surata çekip, onu-da imo profiline goýýan gyzlardan soramak isleýän: näme edeýin, üfläýinmi? *20 sany gyzyň hemmesi 1 ýere seretýän bolsa ýa skidka bardyr ýa-da men geçip barýandyryn :D *öňki söýgülim meni gabandyrmak üçin