Статьи по выбранной дате

Ýetim

Damjak bolýan gözýaş ýaly naýynjar, Bir ýigidiň mirasy ol, ýasy ol. Ynjamasyz ýöne ýerdenem ynjar Dyrnajygy gopan maýa ýaly ol. Ýok, ol aglamaýar. Ýok, ol gülmeýär, Şeýle bir perişan bolsa-da haly. Aglar ýaly diňdirmäge kimsi bar, Kimsi bar gülende buýsanar ýaly! Nobatguly Rejebow

Uçurymlara

Çagalyk kenary uzakda galdy. Öňde uzap ýatyr durmuşyň ýoly, Ykballar ýylgyrar, ýöne bu durmuş Geçirmez ýalňyşyň mugallymlar ýaly. Kim bilýär, ýene-de näme boljagyn, Dogan deý synpdaşlar belki ýat bolar. Emma ak mekdepde dörän pursatlar, Garramaz, garramaz, mydam ýatlanar! "Okajak" diýsegem, gelmez o günler. Ýyllaň gapysyndan garap galarys. Uçurym bolsak-da, eziz mekdebim, Göwnümiz deý

Ýatlamalarymda ýaşaýan ýyllar

Meniñ kämahallar halys güýmenere pişe tapman,kämahallar bolsa hut ýüregimiñ emri boýunça fotoalbomymyñ gatlaryna çümüp gidäýme endigim bar. Ine-de,çagalyk,ýetginjeklik ýyllarymy özünde jemlän, sahypalary könelişip giden fotoalbomym.Muña garamazdan ondaky her fotosuratyñ ýatlamasy göwnüme täze ýaly,ol suratlary düşülen pursatlar dek düýn ýaly ýadymda.Adatça,men näz-nygmatdan doly saçagyñ başyna

Goşgy

Hatlaryna beren jogaplarymy Senem meniň deýin gizlin saklapsyň. Käte saňa beren azaplarymy, Göwne alyp, ýyrtmansyn ýa ýakmansyň. Inni iki ýyllap ýazylan hatlan, Jemlenip düwülgi ýüpek bukjada. Okap görýän ýürek gysan wagtlary, Söhbet açýa ajap söýgimiz hakda. Kä kinämiz hakda, öýkämiz hakda Bir-birege beren wadamyz hakda, Söýgimiz joş urup durmandyr çakda, Ýazypdyrys näme bolsa gursakda. Yşkymy

ŞEÝDIP MÄHRIBAN BOLUNÝAR

Ýagşa tutup niýetleriň, Gowa ýorup umytlaryň, Aýagňy ýagşa ätledip, Dosta barylýar-gelinýär, Şeýdip mähriban bolunýar. Gutlaýarsyň doglan günün, Ýatlaýarsyň aglan günün, Aňyp entek oglanlygyň, Baryp aglanýar-gülünýär, Şeýdip mähriban bolunýar. Toýuna halatly barýaň, Öýüne ganatly barýaň, Çybykdan “Gyratly” barýan Körpejä süýji alynýar, Şeýdip mähriban bolunýar. Çala ýüregiň giňese, Girjek bolaňok

Gurbannazar Ezizow-Eneme.

Sen meni ýaman gözlerden gorap saklajak bolduň, Sen meni süýt-gaýmak bilen ekläp-saklajak bolduň. Juda ýagşy suwlar bilen teşneligmi gandyryp, Ýolumdaky ýaman sözleň baryn çöplejek bolduň. Güldür atyr sepmekçidiň ýollaryma, yzlaryma, «Goraň muny!» diýmekçidiň, meniň söýjek gyzlaryma Ýetmezimi ýuwmakçydyň, ýagşyň ýeri ýuwşy ýaly. Öz mähriňi bermekçidiň, gury çykan sözlerime. Sen meni ýaman