Статьи по выбранной дате

Buşluk Türkmenistan U23 ýygyndymyz toparçadan çykmagy başardy

Özbegistanda geçýän 23 ýaşa çenlileriň arasyndaky aziýa çempionatynda ildeşlerimiz toparçada ikinji orun bilen indiki tapgyra çykmagy başardy. Ilkinji oýunda ildeşlerimiz ýer eýeleri Özbegistandan 1:0 hasapda ýeňildi. Ikinji oýunda Eýrany 2:1 hasabynda ýeňmegi başardy. Toparçadaky soňky duşuşykda ildeşlerimiz Katar bilen 2:2 deňlikde oýnady we jemi 4 utuk bilen toparda ikinji orny eýeläp indiki

Gizlin söziňiz ygtybarlymy?!

Beýik Britaniýanyň milli kiberhowpsuzlyk merkezi ýakynda internetdäki iň ygtybarsyz gizlin sözleriň sanawyny düzdi. Bu sanawyň başynda, siziň hem çaklaýşyňyz ýaly, «123456» gizlin sözi birinji orunda durýar. Täsin tarapy diňe Beýik Britaniýada bu gizlin sözden 23,2 million adam peýdalanýan eken. Sanawyň ilkinji bäşliginde «123456789», «qwerty», «password» we «1111111» gizlin belgileri bar.

GADYRBILMEZ…

“Howalar soganda ynsan kölege beren agaçlary unudar” Достоевский Aslynda, çyg süýt emen bir jandaryň beýle gadyr bilmez boluşyna geňem galmaly däl. Emma adam pahyr ýene-de eden ýagşylyklaryna, eden zähmedine degmegini, şol zatlaryň gadyrynyň bilinmegini isleýär. Ýöne, ýene-de şol boluş, üýtgeýän zat ýok. Bir ynsanyň iň erbet gününde ýanynda bolan bolsaňam, ilkinji gözden çykaran ynsany sen

ŞAHYR DOSTUMA

Biz nähili oýunbaz, Gör, nähili yşkbaz biz! Kimler üçin-ä hiç kim, Kimler üçin ykbal biz! Bir gün buzdan sowuk biz, Bir gün gyzgyn otdanam. Kä göwündeş gözleýäs Ýakyndanam, ýatdanam. Käte aýdym küýseýäs, Käte özümiz aýdym. Kä zalym biz, Käte-de ýukalygnyň derdinden Ýüregmiz tüýdüm-tüýdüm. Gyşda ýanýas alawlap, Gagşap ýörüs tomusda. Garaçyndan begenýäs Kapyýa kapyýa gowuşsa. Şahyr bolmak isläbem,

?

Arturmishi diyen tennisci bolan agyr kesellap olim dusheginde yatanda bir dosty gelip name ucin indi sen, sen kesel bolup name ucin sen olýäñ yaş wagtyñ diýipdir Shonda ol gowy jogap beripdir : men tennise baslan wagtym 500mln adam tennis oynap gyzykyardy tennis barada bilyardi solardan 5mln tennis oynamany bashlady sholardan 500si cempionlyga layyk dunya boyunca professional tennise gecdi

Söýgi mukamy (soňy)

* * * Çakan aga bir-iki ýyldan bäri oba gelip görmändi. Ýöne häli-şindi ýagdaýyny sorap durýardy. Kolhozda o guruldy, bu guruldy, kolhozçylar täze jaý edinýärler diýip eşitse-de keýpi kök bolýardy. Indi ol şol eşiden zatlaryny gözi bilen görüp başlady. — Bu kiçeňräjik eşekgeriş tamlar näme? — diýip, ol gapdalynda oturan Nazara ýüzlendi. — Kolhozçylaryň jaýlary, Çakan aga. — Men öňki gelemde bu

Mollanepes

(1810-1862) Söýgi goşgularynyň ussady, türkmenleriň arasynda “Yşk mülkiniň şasy”diýlip tanalýan Mollanepes XIX asyrda ýaşapdyr. ÖMRI Beýik söz ussady Mollanepes XIX asyrda ýaşap geçen nusgawy şahyrymyzdyr. Beýleki nusgawy şahyrlarymyza garanyňda, Mollanepesiň terjimehalyna degişli köp maglumatlar saklanyp galypdyr. Adamlarda gözel duýgulary, ajaýyp arzuwlary oýarýan şygyrlary bolan lirik
4

PORTRET

Mekdepde hemme zat üýtgedi, ýöne şu komissiýa diýilýäniñ arak bilen börekden doýup gitmesi, direktora towuk ütdürmesi üýtgemedi. Ömür kartalary bilen başagaý bolup ýören jugrafiýa mollumy Almämmet aganam aljyradan şol komissiýa boldy. Nämemiş, jugrafiýa kabinetinde serdaryñ suraty ýokmuş. Ýogsa okuw ýylam soñlanyp barýady... Komissiýa gelip gidenden soñ geçirilen maslahatda-da bar gürrüñ şol

Klasdaşlar (täsin hekaýa)

Şu ýyl mekdebi tamamlanmyza 25 ýyl bolýar. Eger nesibämizde bar bolsa klasdaşlar bolup üýşip belläris. Bu zatlaryň işi haýyrla, ýöne meni başga bir zat alada goýýar. Meni klasdaş oglanlaryň biri alada goýýar. Men bir klasdaş oglany köpden bäri göremok. Eger haýsy klasdaşyňy görmeýän bolsaň, bilip goý. Şol klasdaşyň türmededir, —diýip bir dostum aýdypdy. Men şu ýylyň başynda ýatlamalarymy dördüm