“Howalar soganda ynsan kölege beren agaçlary unudar”
Достоевский
Aslynda, çyg süýt emen bir jandaryň beýle gadyr bilmez boluşyna geňem galmaly däl. Emma adam pahyr ýene-de eden ýagşylyklaryna, eden zähmedine degmegini, şol zatlaryň gadyrynyň bilinmegini isleýär. Ýöne, ýene-de şol boluş, üýtgeýän zat ýok. Bir ynsanyň iň erbet gününde ýanynda bolan bolsaňam, ilkinji gözden çykaran ynsany sen bolýaň. Ýykylany galdyrýaň, ol turanyndan soň bolsa, ýykylanyny inkär edýär.
Hiç kime özüňden artyk gadyr we üns bermeli däl. Näme-de bolsa, günleriň bir güni ähli zadyň garşylygynda: “Etmelem däl ekeniň, kim saňa et diýdi?!”-diýer. Şol ynsana edenime deger diýip eden ähli zadymyz unudylýar-da, özümiz üçin etmedik zatlarymyz bilen ýeke galýarys. Oňam adyna tejribe diýýäs, başdan geçirme, ýatlama diýýäs, emma nämüçindir akyllanaýamzok. Asla etmerin diýen zatlarymyzy gaýtalap-gaýtalap edýäs. Ahyrynda duýgusyz ýaly boluberýäs.
Bu duýgusyzlyk bize kakamyzdan miras galmady. Bu bize ýakynlarymyzyň sowgady.
#Durmuş-ýitiren ýeriňden başlaýar.
GADYRBILMEZ…
Bilim,
Telwas
tarapyndan
7-06-2022, 20:10