Pikirleriň ummanynda gulaçlap, Käte-käte agyr oýa batylýar, Bize ak süýt beren ejeleň ady, Nämüçindir, söwünçlerde tutulýar. "Emma, welin, ýöne, bilen, hem..."ýaly, Baglaýjy sözleri bir ýere jemläp, Iki sany ýigit gelýär köçeden, Iki sözüň biri ejeň-ejeňläp... Paýyş söz içine sygan enäniň, Hany keramaty, hany hormaty? "Eje" diýseň, göýä, söýüljek ýaly, Gaýtam, söwünçlerde
Ömrümiziň dowamynda sansyz kararlar berýäris we her täze günüň getirýän täze meselelerini çözmäge synanyşýarys. Meseleleri nädip çözýänimiz we kabul edilmeli möhüm kararlary nädip kabul edýändigimiz herimizde tapawutly bolup biler. Mysal üçin, gaty optimist bolsak, karar berenimizde bolup biljek töwekgelçilikleri görüp bilmeris ýa-da tersine... Onda näme etmeli? Psiholog we filosof Edward De
Söýmek diýmek, özüňe gowy hasaplaýan zadyňy başga birine arzuw etmek, seniň üçin däl-de, söýýän adamyň hatyrasyna arzuw etmek we mümkin boldugyça bu ýagşylygy oňa gowşurmak üçin synanyşmak diýmekdir. Aristotel
Uffff.ffff yssy bilen öwrenşyanizmi
„Eje, men bir dünýä düşdüm, Dünýä diýseň „dünýä“ eken...“ Aýgül Garaýewa Ganatsyzam uçup ýörün, Täsin dünýä düşdüm, eje. Ýa-ha bular hut hakykat, Ýa huş ýaly düýşüm, eje. Gördüm öýdýän bagtyň keşbin... Meňzeşmikä asyl, eje?! Ol meniň ýanymda ýaly Hemem juda alys, eje. Bir görsediň, Aý üstünde Joşup-joşup läle kakýan. Maňa bagt dilän melegim Ýyldyzlardan monjuk dakýar. Barýan ýolum — akja bulut,
Şiraly Nurmyrat Ganatlaryň pel-pelleýä depämde, Durnamy sen, guwmy sen? Näumyt hassany dikeldýä lebiň, Aýnalbaky suwmy sen? Tümde goşa ykbal azaşmaz ýaly, Hiç ýaşmaýan günmi sen? Çyn söýginiň kükreginde açylan, Hiç solmaýan gülmi sen? Gamgyn duýgulary ýele sowurýan, Aýdymmy sen, sazmy sen? Gara gyşyn ak garyny eredýän, Baharmy sen, ýazmy sen? Maý bermeýen dikeltmäge egnimi, Beýle agyr ýükmi sen?
Ýaşuly, ýaş kiçi, Birtopar kişi – Adamdan doludy Otagyň içi. Boşady bäş sanak Palawly çanak. Çanaklaň deregne Aýlandy çäýnek. Gök çaýyň başynda Gyzyşdy gürrüň: “Plan ýerden, awdan Gelýärdim bir gün. Goýberdim tazyny Uçurdym guşy…” Garaz, agyrdyldy Müň gepiň başy. Gürrüňiň az-owlak Gaçyşyp duzy, Anekdota ýazdy Gürrüňiň yzy. Onýança ýerinden turdy-da Oraz Diýdi: “Bolsady hem ekeliň biraz. Ynha, bar
Kime gitseň git, haýsy diwara ýaplansaň ýaplan, özüňden berk, sagdyn diwar tapmarsyň bu durmuşda. Näme üçin diýýäňmi? Çünki, ynsan diňe özüne şübhesiz ynanýar. Ynam beren ähli zat, ähli kişi azajygam bolsa şübhäni öz içine alýar. Ynsanyň jany şeýle bir ýanandyr weli, hemmeleriň ony haçanam bolsa bir gün taşlap gitjegine ynanar. Aslynda dogry. Bir erbet waka duş gelsek kimdir birlerini
Ýyllar... Ýyllaryñ geçerne howlugardym öñ, Indi arzuwlaýan yza teserin. Tesmeýär ol,diñe hakydamyzda, Ýazyjy deý,goýup gidýär eserin. Ýöne,ol eserleñ galam hakyna, Alyp gitdi juwanlygyñ heserin. Şoñ üçinem giç bolmaka agtaryp, Geçip giden ýyllaryñ iñ ýeserin. Bimany ýyllary ýüñ ýaly egrip, Ele alyp kämilligiñ keserin. Dokamaly bir halym bar,oñ üçin, Kalbym-a erişdir,argajy sïerim. Düşelgesi
Guý ýagyş, ýürekler ylhamdan dolsun, Hoş bolsun özünden, goý, mawy asman. Oýlap görüň, neneňsi bor söwer ýar, Gitse eger aşygyna sataşman. Aýdylşyna görä, has ozaldanam, Aşykmyşyn, bir-birine asman, Ýer. Şeýdip ýagýan ýagyşlara döneýin, Gör-ä, onuň gülleri-de mydam ter. Penjiräň öňünden aýrylyp bilmän durun, ýagyş entek diňip bilenok. Bagyşlan bolsa-da özün topraga, Meger, didaryndan doýup