Статьи по выбранной дате

"Baharda doglan güýzüň şahyry..."

Senenama Ezizowy baharda dogulandygyny görkezýär, ýöne ol aňzakly gyşyň öňsyrasynda dogulypdy. Sebäbi şondan soňky ýyl adamzat taryhynyň iň aýylganç ýyllary başlapdy: Ikinji jahan urşy. Açlygyň ähli ojaga giren, ölüm-ýitimiň adaty halata öwrülen wagtlary. Ynsanlaryň ruhy taýdan sussypeslige gark bolmagynyň öňüni almak mümkin däldi. Ynha uruş gutardy, indi özümize geleli, durkumyzy düzeldeli

Ýaşlygyň ýüki

ÝAŞLYGYŇ ÝÜKI Gyşda gar ýapynyp, ýazyna gülläp, Agyr zähmet bilen dem alýar Lebap. Uruş ody bolsa ýanýardy lowlap, Ýarym ýalaňaçdym, ýarym açdym men. Oňa derek, ah, nähili ýaşdym men. Gelmese-de topuň, tüpeňiň sesi, Çaňap durdy Amyderýaň depesi. Kä surnugyp, käte dürsäp nepesi, Paý-pyýada menzillerden aşdym men, Oňa derek, gör, nähili ýaşdym men. Dyz eperdim selpäp ýadalanynda, Giň çölüň adamsyz

SAŇA MINNETDAR

Ýok meniň üýtgeşik terjimehalym, Ölçemedim ýoluň ýakyn-daşlygyn. Ýöne men şo ýolda hoş habar aýdyp, Alan bolsam bir kişiniň buşlugyn, Men saňa minnetdar, gözel ýaşlygym! Çagalyk bireýýäm gizlendi bizden, Gör, indi ýygyrtlar ýol salýar ýüzden, Sypmaly däl ýagşam, ýamanam gözden, Aňlan bolsam günleň ýaz ýa gyşdygyn, Men saňa minnetdar, gözel ýaşlygym! Köp zat görjek boldum, durman galgadym.

Haýsy kompozitor ýazdyka meni?!

Haýsy kompozitor ýazdyka meni, Kalbym-nota, zybanym-saz guraly, Ýüregim aýdyma zowladyberýär, Içimde bir bagşy oturan ýaly. Meni haýsy şahyr düzüp goýduka?! Şygyr men - sünnäläp ýazlan kagyza, Söýgisin kalbynda gizlän aşyklar, Meni okap berýär söýen gyzyna... Kimkä meni çeken?! Kim ol suratkeş?! Çekipdir täsin bir söýgä meňzedip. Indem aldygyna şygyr ýazýaryn, Bilmän derýalar deý yşkym

O nähili dowzah pully

Bir oglanjyk kakasyndan sorayar: -kaka jennede gitmek ansatmy-diyip kakasy bolsa: -oglum jennede gitmek ansat hem de mugt dowza-h bolsa pully-diyip jogap berdi oglu bolsa:-kaka o nahili jennet mugtda dowzah pully dowzaha pul berip girmelimi -oğlum elbetde jennede oraza tutanyňa gowlyk edenňe adamlar bn mähirli bolandygyň sogap gazananyň üçin senden pul soranoklar emma dowzaha girmek üçin pul

Tirkiş Jumageldiýewden sitatalar

Adam bagta gezek gelende deňlik küýsänok, begtbagtlyga deňlik küýseýär. * * * Ägirt wepany haýwanyň ýüregine salan Adam, özüň biwepalygy nirden öwrendiň! * * * Sungat hemişe pida talap etýär. * * * Bir adamyň rowaçlygy üçin ikinji adam şowsuzlyga uçramaly. * * * Kalby süýji aýalyň bişirýän tagamyda süýji. * * * Ygalsyz ýazyň asmany meniň ýüregimi guratdy. * * * Arassa duýguny söz bilen beýan

Şygyr kibisiñ

Nazaryñ kalbymdan parran geçende Şygyrdyr öýtdüm. Hyýalyñ hyñ berse aklyñ içinde Şygyrdyr öýtdüm. Dar gursagy ýaryp gitse közleriñ, Şygyrdyr öýtdüm. Sarç serime baş öwreden sözleriñ, Şygyrdyr öýtdüm. Otly didäñ sowrup birehim uçgun, Köñlümi çakmaksyz ýakyberýärdi. Megerem,şygyrsyñ. Üzñe närse däl Ýylgyrşyñ şygyr deý ýakym berýärdi. Dünýäm,dünýä deýin dymýarsyñ neçüýn? Dillensene,göwnüñde bar nä

Käbäm

Otyrsyň öňümde ak saçly ine, Agtyklaň gygyrýar Ene-de Ene, Biziň aramyzda köp ýaşa ýene, Bize entek-entek gereksiň käbäm. Ömür ummanyma küreksiň käbäm! Bu gün ýaş toýuňy belleýäs üýşüp, Ýakyn ýadyň geldi her ýerden süýşüp, Saňa arzuw baryn otyrys diýşip, Bize entek-entek gereksiň käbäm. Durmuşuma derkar dereksiň käbäm! Käbäm 53- yaşyň dolupdur ynha, Gapyň märekeli seret gör hanha, Asla bolmaz