Статьи по выбранной дате

GIJEKI OÝLAR…

Aý salypdyr gara bulda tagmasyn. Bu gijäňem içi gysar, bilýärin. Ümsümligim garna aldy gaňňasyn, Ruhum bolsa eýerledi dünýämi. Penjireden tümlük girýär otagma, (Men tümlikden öler ýaly gorkýaryn.) Belki, şu gün, gijäň soňy gutarmaz, Ynamam ýok wada berip uklara. Gazetler, kitaplar, şekersiz kofe... Hem-de ynsanlykdan bir ädim daşlyk. ...Sabryma seretmän öwrülýär oda, Özgäň ynamyna aldanan yşkym.

Goşgy/Keýpine ýaşaň

Näme bar gynanyp gysga dünýäde Iýiň içiň geýiň ýaşaň keýpine Gussa batyp gezmek bormy gündede Diýjegňizi diýiň keýpine ýaşaň Maşyn ýer telefon eklenç don telpek Jaý mellek iş…gutarmaz entek Ýalançy dünýäni tutan ýok entek Kangatly hem-de keýpine ýaşaň Gabartma gulagyňy edilsede gep Il aýbyn gözleme öz aýbyňy ýap Gyşgajygam bolsa muşakgaty köp Ýagşy umyt bilen keýpine ýaşaň Bize gözün dikip

ŞAHYR ÝÜREGI

Bir şahyry beýleki şahyrdan parhlandyrýan zat nämekä? Şahyr il içinde nädip tanymal bolýarka? Öz döwründe onlarça goşgular kitabyny çap etdiren şahyrlaryň bu gün meşhurlyga ýetmeg-ä beýlede dursun, galamdaşlaryndan tapawutlanman, unudylanlary bir ýa iki däl. Edebiýatyň taryhynda muňa näçe diýseň, mysal tapyp boljak. Diýmek, goşgynyň hili barada gürrüň edilende mukdar ölçegi islesek-islemesek,

Men barybir bagyşladym

Awusyny duýdum senden, Meni başga çalyşmagyň. «Git» diýdi ýürek içimde, Men barybir bagyşladym... Suwumsyz adamlar bilen Ynjytdy iş salyşmagyň. «Goý» diýdi ýürek içimde, Men barybir bagyşladym... Meň söýgimden öňe geçdi, Iki günlük tanyşlaryň. Ýürek diýdi: «Öte geçdi» — Men barybir bagyşladym... Gözüme bakyp aldadyň, Ynan, çynym, garaşmadym! Ýürek diýdi: «El çek bahym», Men barybir bagyşladym...

Gara atly / hekaýa

"Örän aýdyň hem çuň bir hakykat bar: Diriler ölüpdir. Diriler ölýä. Ýöne şol ölenler müň ýyllar ötüp, Başga biri bolup inýär bu dünýä". G.Ezizow Çöl. Ýene-de şol nirädigi näbelli tarapa gaçyp barýaryn...Ýok... Näme üçin "gaçyp barýaryn"?! Kimden, näme üçin gaçyp barýaryn?! Ol zatlary seljermäge wagtam, mümkinçiligem ýok. Sebäbi men şu wagt düýşde. Hawa, hawa ýalňyş okamadyňyz:

Gara deşikler bar, ak deşikler bolup bilermi? Älem ak deşikler bilen döredimi?

Ynsan oglunyň aňy goýaldygyça, pikir etmek, pikir ýöretmek, bir zada düşünmek ýaly ukyplarymyz esasynda köp zatlary bildik, ýöne bilmegiň, öwrenmegiň çägi ýok. Şo sebäpli adamzat, älem-jahan, dünýä bilen baglanşykly pikirleri ýöretdigiçe, has dogrusy, köp zatlary bildigiçe has paradoksal, has problematik netijelere baryp ýetdi. Kim ýaratdy? Bu sorag taryhdan häzirki zamana çenli dowam edip gelen,

GELMEDIM

“Men hiç wagt gidip bilmen, Gitmek üçin gelmedim.” G.Şagulyýewa Aýdyň bagt bolarmy şundan zyýada: Razy etseň Watanyň hem pederiň. Soňra şygrym goýup kagyz, syýada, Men mundan wagt deýin biwagt giderin. Ýok, men muňa gitmek üçin gelmedim, Geldim ojaklara ot bolmak üçin. Geldim birmahallar dula taşlanan Namut sallançaga bat bolmak üçin. Diýjek sözlerini dilinden däl-de, Gözünden dökene bolsam

Gurbannazar Ezizow

Ynsana bagt uçin nämeler gerek? At gerek, ýol gerek hoş hyýal bilen. Her goşgymda kämil bolmana derek, Onuň barha kyn düşýänne razy men. Razy — çynym bilen sadany söýýän, Razy — halal saçagymda çöregim. Razy — çalarypdyr saçlarym eýýäm, Razy — hernä üýtgemändir ýüregim. Razy — günler ýüpek sowsana döndi, Razy — ýüregimde özgäň agysy. Razy — «Mydam Güneş bolsun-a» doldy, Asman bilen şu zeminiň
2

ÖTÜNÇ…

Meni söýmeýän ynsanlary söýenim üçin, özümden ötünç soraýaryn. Gitmek isleýän ynsanlaryň öňünde duranym üçin, özümden ötünç soraýaryn. Maňa gadyr bermediklere gadyr berenim üçin, özümden ötünç soraýaryn. Düşünmeýänä düşündirmäge synanyşanym üçin, özümden ötünç soraýaryn. Başgalaryna ýetişjek bolup, özüme giç galanym üçin, ýene özümden ötünç soraýaryn. Hamana öz derdim ýok ýaly, degmejek

"Gel, dutarym, sözleşeli! "

"Gel, dutarym, sözleşeli! " halk aýdymyndan bir-iki setir Ah, gara tamdyram, gazma tamdyram, Bu bir sowuk ülke, gyzma, tamdyram. Gel, kirşiňi gaty çekmän düzeýin, Oňa derek öz damarym üzeýin. On ýyl ozal aýra düşüp ilimden, Seni taşlap gaýdyp bilermidim men?! Ýok, men sazanda däl, aşygy sazyň. Içiňe sygdyryp bilmän owazyň, Dymyp dursuň otagymyň töründe. Ýeriň ol ujunda gezip ýörün-le,