Geçip barýar ömrüm meniň, Ýapraklaň saralyşy ýaly. Geçip barýar çaga döwrüň, Şemalyň öwsüşi ýaly. Wagt durmaz seniň üçin, Çeşme ýaly akar gider, Şol sowuk çeşmäniň suwy, Ýatlamalar goýar gider. Resul
Sen ol gyzy taňokdyňam asla, Bilýän janym, seni ejeň öýerdi. Belki öýlenmezdiň özüňe galsa, Ýaşyň ýetdi diýip, ejeň öýerdi. Durmuşa garaýşyň başgady entek, "Söýüp, halap toý etmeli" diýerdiň. Ejeň gurnan eken başgarak geljek, Saňa galsa entek-entek gezerdiň. Ýumrulan söýgümi agzajagam däl, Seňem arzuwlaryň ýykyldy gerek? Özüm hakda hiç zat gozgajagam däl, Ullakan boşluk dur bagtyma
"Ykbal bizi hiç sebäpsiz duşurdy" (Ýöne ýere diýmegiňem ähtimal) Emma seniň bu aýdýanja sözlerňe Men birjigem ynanmaryn mähriban Men-ä ilki ekin ekeli diýýän, Senem bolmaz diýýäň, (entek ekmänem) Hemem, bizi ýöne duşurar ýaly, Barypýatan işsizmikä ykbalam?! Seniň edýän küýlerňi bilmen, emma, Gördüm seni öz bagtyma müwessa Seniň sada, çaga kimin kalbyňy Çalyşmaryn özgelerden müň essä
Bir multik bardy. Bir maýmyn bar, muňam birtopar çagasy bar we bu maýmyn çagalarny kapasada saklaýa. Käte bolsa maýmyn çagalary kapasadan çykyp töweregi "kellä geýýäler". Şu gezekki bölüminde-de şeýle boldy, maýmyn çagalary kapasadan çykdy. Indi ene maýmyn çagalarny kapasa nädip salarka we aslynda şol kapasa näm boldy?! Şu multigiň indi bölümini haýsy saýtdan prýamoý görüp bolarka,
Meşhurlyk gatyna galmakçy bolup, Göwni ýeňillige iterip ýörler Basgançakly ýoluň üstünden gülip, Galdyrjagy gözläp göterip ýörler... "Sagbolsun-a" edenoklar işiňi Bähbide Bagdatdan getirip ýörler Telpeklileň oňarmadyk işini Şlýapaly gelip bitirip ýörler... Ylham GURBANALYÝEW
Salam hormatly Гость Men sizi yetip gelen Gurban bayramynyz bilen tuys yurekden gutlayaryn. Bu mubarek bayramda sizin etjek doga dilegleriniz, kesjek janlyňyz Allah dergähinde kabul bolsun.
Sapdyñ. Sada söýdüń, sada synadyň, Säherler senada ýada saldygym Alyp gitdiň şäherimiñ zynatyn, Ýolup gitdiñ karar kirşin kalbymyñ. Sargaryplar gitdiň, saklap bilmedim, Permanym pes gelip pälwan pelekden. Sensiň diýip bagrym dilip diñledim, Gök titredip aglanynda melekler. Nerkes gözüň nury öçdi gussada, Yşk mülküm öwrüldi hesret hüjräme. Kaýyyl däldik beýle ýowuz kysmata, Tayyn däldik, beýle
4-nji nota Awtordan. Hormatly agzalar! Maglumatlary size düşnükli dilde ýetirmek üçin Grangeriň sözlerinde “yr” harpy bilen ýazarys. Size bir habar aýtmaly boljak. Gynansakda, ol indi mundan beýläk “yr” diýip bilmez, tem boli Müsürde başagaýçylyk wagty. Görgülijik urdu dilini öwrenjek bolupdyr. Şeýdibem dili peltek bolup galypdyr. Fransuzlaryň üstünden azrak gülmeli eken. Haýpy gelijilik edibem
Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 2022-nji ýylda okuwa girmäge isleg bildirýänleriň saglygy goraýyş barlaglary 2022-nji ýylyň 11-nji iýulyndan 13-nji awgusty aralygynda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň şu aşakdaky saglyk öýlerinde geçiriler. AŞGABAT ŞÄHERI Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýi: Aşgabat ş., Görogly köçesiniň 82-nji jaýy, tel.: 36-87-50; 36-87-51. Aşgabat şäher
Ynsan ýaşap ýörkä gadyr bilinmez, Munda gadyr üçin gabyr gerekdir. Ähli zada ýeke günde ýetilmez, Bu dünýäde diñe sabyr gerekdir. Sorasam danadan üstünlik syryn, Görkezdi mañlaýdan halaljyk derin, Hem diýdi aýdaýyn oñ asyl ýerin, Üstünlikden öñde jebir gerekdir. Ýaşanyñda çekmän ýaşa minnedi Ýagşy diýip etsin etse il gepi Öleñden soñ görmek üçin jennedi Haýyrly-sogaply ömür gerekdir.