Статьи по выбранной дате

Hoş gal söýgim

Ol gün duşdum köçede, Başyñda bagt öýmäñ bar. Emma hälem bir maña, Gije ogryn köýmäñ bar. Çola ýerde duşduk soñ, Hiç kim bizi añmaýa. Öpmesem sen agladyñ, Öpsem gadrym aglaýa... Gel, indi hiç duşmaly, Duluñy berk saklagyn. Arzan söýgiñ nyrhyna, Gymmat bagtyñ satmagyn. Unutman gül keşbiñi, Ýürejigime bukdum men. Soñky doglan gyzyma Seniñ adyñ dakdym men. Aglamaly gel indi, Aldamaly özümiz.

Kejirlik

Biz bile gezerdik gülüşüp- degişip, Parh etmezden ertir haçan giç haçan. Bizi hiç güýç aýyrmajak ýalydy, Aýrylmajak ýalydyk biz hiç haçan. Aýlanýan señ bilen gezen ýerlerme, Gysylamda giñlik tapýan bu taýdan. Ýalbarardyñ "ýeke goýmagyn" diýip, Bagtymyzam dilärdiñ sen Hudaýdan. Biz bagtlydyk, sebäbi biz biledik, Gol tutubam toý tutjakdyk il ýaly. Bir kiçijik damja deýin säwligimiz, Bizi