Shu gun Gurtla bir ish bilen bardym. Dowletli marketdan suw alyp chykdym bir chagajyk otyran eken. Ozem kirlije eshikde. Men chykanym sho mana sheyle bir nayynjar seretdi. Sho seredishde 23 yyl mundan ozalky Yusuby gordum. 23 yyl mundan on menem sheyle birine sereden yaly duygy doredi. Elimdaki suwdan birje owurtlap sho chaga uzatdym olam "sag bol agam" diydi. Birazajyk oturyp ona
Bolup ýörşüm, solup ýörşüm geň görme, Ýagdaýyma agyrmasyn nebsiňem. Ýaralarňy bitir diýen ýyllaryň, Başarmady hasratymy egsibem. Duýmadyk bol, öçmedigni henizler, Birmahalky ýakyp giden alowyň. Belki bizem bagtly borduk has öňräk, Dartan bolsak duýgularyň jylawyn. Ody alnan göreçlemiň içinden, Şatlyk gözläp galyp durma azara. Islesemem, indi ejiz ellermiň Ysgyny ýok saňa tarap uzara. Boýun aldym
Toý gutlagy Saçaklar hemişe ýazylsyn toýa. Çagalaryň gülki sesi ýatmasyn. Her säher bereket paýlansyn öýe. Baglaryň içinde ýandak bitmesin. Öýüňiz hemişe myhmanly bolsun. Ýakyn-ýada açyk dursun gapylar. Elim gysga diýip alada etme. Saglyk bolsa, hökman alaç tapylar. Hemmä nesip etsin şeýle toý tutmak. Gyz çykarmak hemem ogul öýermek. Ogullar adyna mynasyp bolup, Nesip etsin ata kesbe eýermek.
Iç gysma. Geçirilen eksperimentde gatnaşyjylara 6-15 minutlyk pikirlenip oturmak aýdylypdyr, ýöne isleseler öñündäki duran düwmä basyp özlerine tok urduryp bilýän ekenler. Şeýlelikde? Şeýlelikde eksperimende gatnaşyjylaryñ içi gysyp, zenanlaryñ 25%-i, erkekleriñ 67%-i özlerine tok urdurypdyrlar. Hatda gatnaşyjylara özlerine tok urdurmasalar pul beriljegi hem aýdylanlar bolupdyr. Ýöne şonda-da
Çyna ýazdy, şol gijeki gören düýşüm Uçup gitdi başymyzdan döwlet guşum. On ýedide galdy şeýdip, ýetim başym Seni ýatlasam, silde ýakar gözde ýaşym. Ýetim galdy bäş balalaryň jan Kakam. Kakamjan seniň adyňa sogap ýazsam. Kakamjan çyn wepaly ogluň bolsam. Kakamjan päkligiňden nusga alsam. Kakamjan adyň bilen beýige galsam. Kyrksekiz ýaş ýazdy, Allam kysmatyňa Käbäm aglar, bakyp, nurly suratyňa. Ata
HORASANYŇ DURNASY Gurbannaza Ezizowyň ýadygärligine Uçup gitdi Horasanyň durnasy, Bulutly güýz güni uçup gitdiler. Güýzüň öňki gussasynyň urnasy Bolup bizden ara açyp gitdiler. Saralan bu seleň sährany synlap, Geçip gitdi gök ýüzünden hatarly. Güýz güni gussadan gutulmak kyn zat, Adam sähel zada gussa batarmy? Sähel zada gussa batýar adamzat, Iň bolmanda görüp durnaň nyzamyn Durnalaň yzyndan
Salam, islenenler! @Mümkin agza bilen başlanan, dünýäniň iň global soraglaryny özünde jemleýän Siziň söýgüli gepleşigiňiz dowam edýär. Bu gepleşigiňem meniň saýtdaky karýeram ýaly özboluşlyja taryhy bar. Oňa gatnaşan käbir agzalar häzirem aramyzda agzybir ýaşap ýör. Ýöne käbir agzalar (@Гость bilen @Ahmedik97. Geliň şular üçin bir minutlyk dymyşlyk yglan edeliň) eýýam geçmişe öwrülip aramyzdan
Çagalar we ýetginjekler TikTok-da YouTube-a garanyňda has köp wagt geçirip başladylar. Bu barada Qustodio kompaniýasynyň gözlegine salgylanyp, “TechCrunch” internet neşiri habar berýär. Muny incrussia.ru ýetirýär. TikTok ilkinji gezek 2020-nji ýylyň iýun aýynda 4 – 18 ýaş aralygyndaky ulanyjylaryň arasynda bir günde ortaça görüş wagty boýunça YouTube-dan öňe geçdi. Çagalar TikTok-a günde ortaça
Bir oglanjyk bar, üç-dört ýaşlyja. Özem hem-ä garagol, hem-de akyllyja. Üstesine-de dillije. Üstesine-de juda bilesigeliji. Megerem, onuň ýaly oglanjyklar, azyndan her iki öýüň birinde-hä bardyr. Özem, hut, şu oglanjygyň we oňa meňzeşje köp-köp oglanjyklardyr gyzjagazlaryň barlygy bilenem, belki, bu dünýä şeýle gyzyklydyr. Şol oglanjyk bilenem, Hudaýyň beren her güni, bir gyzykly waka bolup
Jahankeşde Men oňa ýoluň çatrygynda gabat geldim. Bu adamyň egninde ýapynjasy, elinde bolsa, hasasy bardy. Onuň köp horluk çekendigi ýüzünden bildirýärdi. Hoşamaý salamlaşanymyzdan soň, men oňa: – Öýe baraly, biziň myhmanymyz bol! – diýip, teklip etdim. Ol ylalaşdy. Aýalym we çagalarym bizi bosagada garşyladylar, ol mähirli ýylgyryp,