Dini hekaýalañ aýtmagna görä, Adam yedi gezek dünýä gelermiş. Nirede, kim bolup doguljagyny, Goja dünýä birem Alla bilermiş. Munda türkmen bolsañ, soñkuda nemes, Bu gezek Maýasyn, soñ bolsa Maşa. Dawid bolup biler, Dawut atlylar, Sapar rusda dogsa, boljakmyş Saşa. Bu dünýäde kim ya neneñ ýaşanyñ, Diñe o dünýäde aýan boljakmyş. Jumamy ýa Jonmy, Işanmy, Iwan, Hemmelere bir den beyan boljakmyş. Bu
“Indä gyş gutardy” diýlen pursatda Ownujak gar tozgalary galgaýar Käte şeýle işler bolýar dünýäde Tebigatam adamlary aldaýar Ynam edip, käte ynsan ynsana Özünde bar pikirlerin baglaýar Käte garaşan tamaňam çykanok Pikirlerem adamlary aldaýar Hasrat laýyna batanda kä ynsan Arak bilen keýplerini çaglaýar Dogry ýoly gözlemäge çalşanok Şeýtan mydam adamlary aldaýar “Plan günden plan zat bolmalydyr
KLASDAŞ On bäşimde oýun etdim ot bilen— SÖÝGI atly ýalyn bilen, klasdaş, Geçen günler bu gün bize ýat bolan, Ýatlamalar ýalan bolan, klasdaş. Garaňy görmesem, teý durup bilmän, Ýüregiň ahyny goýduryp bilmän, Bu ahwaly, saňa duýduryp bilmän, Diýip bilmän dilim bilen, klasdaş Bagrym dilim-dilim bolan, klasdaş, Göýä seni gijelerden gysganyp, Gezdim şamdan daň ataryna gyssanyp, Bir gijäniň uksyny
Ýaňy YouTube'da bir wideo gördüm. Has dogrusy, Türkmen owazy teleýaýlymynda Akmuhammet Saparowyň (Akyş) aýdan aýdymy. Şeýle ýazylgy: TUT ELIMDEN Sazy: Akmuhammet Saparowyňky Sözi: Akmuhammet Saparowyňky Aýdymyň sazy hakda-ha aýdybam oturjak däl welin, sözleri hem diňe käbir ýerleri üýtgedilen türk aýdymy. Ýagny, Tarkan - Beni cok sev Ýaş aýdymçylardan geň görmegi birmahal goýsamam, edil Akyş
Salam, eziz Agzalar! Ýadyňyzda bolsa, 10 sany uly ýaşly agzalaryň arasynda kiçiräjik ýaryş gurnamakçy diýipdim. Bilşiňiz ýaly, saýtda uly ýaşly gadyrly, hormatlanýan akylly agzalarymyz kän. Emma şolaryň arasyndanam 10 sany agzany saýlap almaly boldy. Menem saýladym. Bu gezek şu 10 agza, indiki gezeklerde beýlekiler bilen dowam ederis, nesip bolsa. Ol agzalar: Oksimiron; Pegas; Dark_Wolf;
ŞYGRY NÄDIP ÝASAMALY? Şahyrana eserde täzelikçilik hökmanydyr. Şahyr özüne gabat gelen söz serişdelerini, utgaşmalary täzeden işlemeli. Goşgy ýazanyňda köne — galyndy sözler täze serişdäniň sany bilen berk gabat getirilmeli. Şol täzelikleriň sany hem-de hil mukdary eseriň ulanylmaga ýaramlydygyny ýada däldigini kesgitlär. Täzelikçilik, elbetde, ähli zady tarpdan döretmegi aňlatmaýar. Goşgy
Salam.Meniñ garga sesimi eşdip göresiñiz gelýärmi? :) Onda şu gün sagat 16:00-da "Watan"radioýaýlymyndaky "Edebi çemen"gepleşigini diñläp bilersiñiz. Öz-özüme teswir:Görümsiziñ radio söhbetdeşligi boldy, Çekip radionyñ nurbatyny ýoldy. :)) Öz-özümiñ teswirime jogap:Soñ bir ýerde agzasam saýtdaşlarym "Näme üçin şonda bize aýtmadyñ? Diñlärdik aýdan bolsañ"
Gadym eýýamlarda telbe ýaly bolup, dag eňňitlerinde aýlanyp ýörýän pähim-parasatly bir kempir bar eken. Günlerde bir gün ýaňky kempir gymmat bahaly daş tapypdyr. Ertesi gün hem ýaňky kempir özi ýaly gezendäniň biri bilen gabatlaşypdyr. Gezendäniň garny aç eken. Kempir ýantorbasyndan duz-çöregini çykaryp, gezendäniň öňünde goýupdyr. Şonda gezende kempiriň torbasyndaky gymmat bahaly daşy
Ýaş ýigidiň biri göreş sungatyny berk ele almak üçin, ady äleme dolan pälwanyň ýanyna barypdyr. Halypasyna ýüregi bilen berlip, birnäçe ýylyň dowamynda göreş tilsimleriniň ählisini özleşdiripdir. Bir gün ol halypasyna: «Maňa ýene öwretmeli zadyň barmy?» diýip sorapdyr. Halypasy oňa: «Menden almaly zatlaryňy aldyň, ýigit!» diýip jogap beripdir. Onsoň, ýigit hondan bärisi bolup, halypasy bilen