Salam, eziz Agzalar!
Ýadyňyzda bolsa, 10 sany uly ýaşly agzalaryň arasynda kiçiräjik ýaryş gurnamakçy diýipdim. Bilşiňiz ýaly, saýtda uly ýaşly gadyrly, hormatlanýan akylly agzalarymyz kän. Emma şolaryň arasyndanam 10 sany agzany saýlap almaly boldy. Menem saýladym. Bu gezek şu 10 agza, indiki gezeklerde beýlekiler bilen dowam ederis, nesip bolsa.

Ol agzalar:

Oksimiron;
Pegas;
Dark_Wolf;
Hiayress;
Bayker;
Soho;
Remezan;
Granger;
Gumly gelin;
Esma.


Ine, şularyň aglabasy — galamkeşler.
Ýaryşyň maksady: sorag-jogap alyşmak, öz zehinimizi kämilleşdirmek.

Ýaryşyň şertleri ýönekeýje. Olar:
10 sany agza öz aralarynda 2 topara bölünmeli. Her topar 5 agzadan ybarat. Her agza 2 sany, jemi 20 sorag taýýarlamaly. Ol soraglar islendik ugurdan bolup biler. Şeýlelik bilen her toparyň 10 sany soragy bolýar. Soraglaryňyzy ertir irdene çenli jogaplary bilen bilelikde ugratmaly. Bellenilen gün, bellenilen wagtda şol 10 agza ulgamda bolmaly. Ilki bilen A topar (toparyňyza özüňiz at berip bilersiňiz) B topara taýýarlan 10 soragyny berýär (Bulary men paýlaşaryn). B topar belli bir wagtyň dowamynda şol soraglara jogap berjek bolmaly. Edil şolar ýaly, B toparam A topara soraglaryny hödürlär, olaram jogap bermäge synanyşmaly. Ahyrynda haýsy topar köp soraga dogry jogap beren bolsa, şol topar ýeňiji bolar we baýrak bilen sylaglanarlar.
Göwnümi ýykman, gatnaşmaga razy bolanyňyz üçin ähliňize öňünden minnetdar!

Ýaryşyň senesini, wagtyny toparlar we soraglar belli bolanyndan soň habar bererin. Siziň teklip etjek günüňiz, sagadyňyz bar bolsa aýdyp bilersiňiz.
Ählimizem gündiz işli bolýandyrys diýip pikir edýän. Şoň üçin agşam geçirilmek ähtimallygy uly.

Mümkin bolsa, öz toparyňyzy özüňiz döredäýiň ylalaşyp. Baryňyzam güýçli agzalar :)

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 22-07-2022, 12:15

  • Remezan Remezan off № 1 22 июля 2022 13:16
    Sorag nähili bolsada bolýamy?
    soragy taýýarlap öňki el. poçtaňyza oklasak bolýamy, ýagny jogaby bilen
    Jogap
  • Waleryanka Waleryanka off № 2 22 июля 2022 13:22
    Şowly bolsun! O temaň teswirlerini okaňsoň pikiriňi üýtgetdiňmikäň diýip , alada edip otyrdym.Men-ä @Lider bilen tas " odin na adina" çykýadym) Şu senden negatiw , esassyz teswirlere baş galdyrmazlygy , giňgöwrümliligi öwrenmeli öýdýän.
    Jogap
  • Anil Kapur Anil Kapur off № 3 22 июля 2022 13:27
    Meni ayyryp gowy etdin. Men yarysha gatnashardan entek barrakde. Showly bolsun gatnashyjylara. Kan elem degenok yarysha zada. Komek gerek bolsa tayyar
    Jogap
  • iKONic iKONic off № 4 22 июля 2022 13:36
    Labyry galdyryň onda.
    Jogap
  • Anil Kapur Anil Kapur off № 5 22 июля 2022 13:37
    Meni indiki yaryshlardada goshmazlygynyzy hayysh edyarin. Sebabi ishimin dashyndan realtorchylyk edyan koplenc oye gic gelyan. Elim degenok girmage. Kopusi yaly way meni goshmadyn diyip gaty gormen goshsanyz ynamynyzy odap bilmerin diyyan. Sho un men fanat dashynyzdan)
    Jogap
  • My life My life off № 6 22 июля 2022 14:18
    Ahli gatnashyan agzalara ustunlik arzuw edyan!
    Jogap
  • Gauzen Gauzen off № 7 22 июля 2022 14:58
    Tomaşaçy bolup bilerin obaly
    Jogap
  • Margarita Margarita off № 8 22 июля 2022 15:17
    Üstünlik hemmelere! Şowly bolsun!
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 9 22 июля 2022 15:58
    Remezan
    Sorag nähili bolsada bolýamy?
    soragy taýýarlap öňki el. poçtaňyza oklasak bolýamy, ýagny jogaby bilen

    Manyly we düşnüklije sorag bolsa bolýar, ugrunyň tapawudy ýok.
    Hawa poçtamada ugradyp bilersiňiz, şahsy hatdanam ugradyp bilersiňiz. Özüňize haýsy amatly bolsa şeýdäýiň.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 10 22 июля 2022 16:01
    Waleryanka
    Şowly bolsun! O temaň teswirlerini okaňsoň pikiriňi üýtgetdiňmikäň diýip , alada edip otyrdym.Men-ä @Lider bilen tas " odin na adina" çykýadym) Şu senden negatiw , esassyz teswirlere baş galdyrmazlygy , giňgöwrümliligi öwrenmeli öýdýän.


    Minnetdar Walerýanka!
    :) Şolar ýaly teswirler käte höweslendirýär.
    Öwrenseňiz özüňiz üçin gowy bolar.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 11 22 июля 2022 16:04
    Anil Kapur
    Meni ayyryp gowy etdin. Men yarysha gatnashardan entek barrakde. Showly bolsun gatnashyjylara. Kan elem degenok yarysha zada. Komek gerek bolsa tayyar


    Sizi bu gezek aýyrdym. Indikilerde nesip bolsa bolarsyňyz.
    Minnetdar Shahrukh khan akga!
    Näme kömek edip bilýäňiz? :)
    Şu gatnaşyjylar üçin näme kömek etjek diýseňizem ýok diýmeris. (?)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 12 22 июля 2022 16:05
    Anil Kapur
    Meni indiki yaryshlardada goshmazlygynyzy hayysh edyarin. Sebabi ishimin dashyndan realtorchylyk edyan koplenc oye gic gelyan. Elim degenok girmage. Kopusi yaly way meni goshmadyn diyip gaty gormen goshsanyz ynamynyzy odap bilmerin diyyan. Sho un men fanat dashynyzdan)


    Bolýar onda, ýagdaýyňyza görä bolaýarys.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 13 22 июля 2022 16:06
    My life
    Ahli gatnashyan agzalara ustunlik arzuw edyan!

    Minnetdar My life!
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 14 22 июля 2022 16:06
    Gauzen
    Tomaşaçy bolup bilerin obaly

    Minnetdar Gauzen!
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 15 22 июля 2022 16:06
    Margarita
    Üstünlik hemmelere! Şowly bolsun!

    Minnetdar Margarita!
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 16 22 июля 2022 16:26
    Oksimiron
    Pegas
    Dark_Wolf
    Hiayress
    Bayker
    Soho
    Remezan
    Granger
    Gumly gelin
    Esma

    A topara goşuljaklar “A”, B topara goşuljaklar “B” diýip ýazaýsyn.
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 18 22 июля 2022 17:12
    A topar.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 21 22 июля 2022 17:42
    Rigel
    gyzyklyja yarys boljaga ha menzeyar. salam

    Salam. Hawa, gyzykly geçer diýip pikir edýän menem.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 22 22 июля 2022 17:43
    Pegas,
    Dark_Wolf,
    Ýigitler, soraglaram gaýrat ediň.
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 24 22 июля 2022 18:54
    A topar Malfoýyň topary
    B topar Grangerin topary
    Jogap
  • ýüreksözi ýüreksözi off № 25 22 июля 2022 19:06
    Hany Alla gaýrat bersin hemmäne üssünlik ýaranyňyz bolsyn
    Jogap
  • Anil Kapur Anil Kapur off № 26 22 июля 2022 19:13
    Nirvana,

    Shahsa yazay elimde gelse gurruni bolmaz
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 27 22 июля 2022 19:47
    Gumly gelin,
    Gelneje, soragyňyzy ugradaýyň sizem.
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 28 22 июля 2022 19:47
    Slizrland with Grifindorf.
    Şeýledimi şol?!
    Jogap
  • Tuman Tuman off № 29 22 июля 2022 20:34
    Berkella saňa
    Jogap
  • Gauzen Gauzen off № 30 22 июля 2022 20:44
    Dowsypat.
    Slizrland with Grifindorf.
    Şeýledimi şol?!

    Slytherin vs. Griffindor
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler