TÜRKMEN ALABAÝY Asyrlaryñ sungatyna Dowam türkmen alabaýy. Halkyñ milli gymmatyna Kemal türkmen alabaýy. Ýurdum - joşgunyñ mekany, Toýuñ, buşlugyñ mekany, Gujurly, syzgyr, wepaly, Merdan türkmen alabaýy. Durky peleñ, şir mysaly, Mizemez şöhratly ýoly. Gerek bolsa, gerçek ýaly Edermen türkmen alabaýy. Penasynda hatar nerler Ýol geçendir kerwen-kerwen. Agramyna altyn berlen Halal, türkmen alabaýy.
Dünýädäki iň baý top 10 döwletler 1.США 126.3трлн$ 2.Китай 74.9трлн$ 3.Япония 26.9трлн$ 4.Германия 18.2трлн$ 5Великобритания 15.3трлн$ 6.Франция 14.9трлн$ 7.Индия 12.8трлн$ 8.Италия 11.9трлн$ 9.Канада 9.94трлн$ 10.Австралия 9.27трлн$
Futbol dünýäsi, dünýä futboly, hakykatdanam, geň-enaýy wakalara, şahsyýetlere baý hasaplanylýar. Munda dünýä täsirini ýetiren şahsyýetler — ynsanperwerlikde “ýakasyny tanadan” futbolçylaram, dünýä belli futbol toparlaryna baş tälimçilikden başlap, şäher häkimi bolan, hatda, tutuş bir ýurduň prezidenti bolan futbolçylar hem bar. Häzirki gürrüňini etjek futbolçylarymyz bolsa, hatda, garşydaş
ÝAŞASYN PARAHAT DURMUŞ! Meniň sözüm — könäň sözi, Meniň sözüm — täzelik däl: Ýaraglaň sesi, here boluň! Mukaddes zatlaň hakyna, Bütin dünýäniň hakyna, Saklanalyň, adamlar! Millionlarça ykbala Gyýa garamak bolmaýar, Ýowuz daramak bolmaýar! Soňsuz asmanyň hakyna, Beýik Zeminiň hakyna, Saklanalyň, adamlar! Dert-belalar ýol salmasyn, Öz döredýän kynçylygmyz, Goý, hiç haçan ýol almasyn! Tutuş
"Maňa düşünjek barmyka dünýäde?"- diýip käte öz-özüme diýýän men Belki olar azdyr, belki-de köpdür Ýöne şolaň bardygyny duýýan men Enesinden jyda düşen owlak deý, Elewreýän del duýgulaň yzynda Juwan ýaşda garrylara meňzäp men, Pos basanja sözlerimem yzymda Kä tekizlikde büdreýän ynama, Hemmä deň göz bile bakanymdandyr Alçy gopmasa bir bendäň aşygy, Özünden öň içim ýakanymdandyr
Sen elewreýäň, hars urýaň çar ýana Bagtyň asyl manysyna düşünmän Janym sagat, demim rahat alýan-a Men bagt diýlende şoňa düşünýän Gezip ýör gör niçe, baýlyga gyzyp Nebsine haý diýmän, serhetden ozup Hanha otyr ejem-kakam çaý süzüp, Men bagt diýlende şoňa düşünýän Saklap bilsem abraýymy, şanymy Ilim üçin gaýgyrmasam barymy Ýoldaş etsem ömür söýen ýarymy Men bagt diýlende şoňa düşünýän Belli dälem
Öýüň erkegi agşam işden gaýdyp gelende öýüň içi çalam-çaşdy. Saçak ýygnalmandyr, gap-gaçlar duran-duran ýerinde, halynyň üstündäki hapa aýak yzlar henizem syrylman eken, ýorgan-düşek galdyrylman dur, gijelikler, joraplar o taýda-bu taýda dagaşyp ýatyr. Üstesine agşam naharam taýyn däldi. Gany depesine uran adam öýüň içinde ters öwrülip aýalyny gözledi. Aýaly bolsa, balkonda bir oturgyja
Üç ýaşlyja gyzym bilen ondan iki ýaş uly oglumy alyp, uzak diýarlara syýahata çykypdyk. Ýolda barýarkak çagalara miwe, şokolad ýaly zatlar almak üçin zol-zol durýardyk, her gezeginde-de alan zatlarymyzy yza, çagalara tarap oklap: – Al muny, doganyň bilen paýlaş – diýýärdik. Uly ýoly sypdyrman barşymyza, onuň ikä aýrylýan nokadyna baryp ýetdik. Gelnim sag tarapdan gitmelidigimizi aýtdy. Men bolsa,
Dünýäniň aýşy-eşretinden ýüz öwrüp ýaşamagy özüne ýörelge edinen pelsepeçi Diogen bir gün darajyk köçeleriň birinden geçip barýarka baýlygyndan başga zada guwanmaýan, tekepbir bir adam bilen pete-pet gelýär. Şol dar ýoldan ikiň birden geçmek hyllalla eken. Şonuň üçin tekepbir baý Diogene kemsidiji nazaryny dikip: – Men haýsydyr bir ýeňiýoluga ýol bermerin – diýipdir. Diogen bolsa, gyra
Hypatia Pegas Dark_Wolf Hiayress Bayker Soho Remezan Granger Gumly gelin Esma Siz şu gün ýaryş üçin wagt tapyp bilýäňizmi? Haçan amatly siziň üçin? A topar: Pegas Dark_Wolf Gumly gelin Baýker Hypatia B topar: Granger Hiayress Esma Remezan Soho Soraglaryny ugratmadyklar sizem ugradaýyň. Eger siziň üçinem mümkin bolsa, şu dynç güni geçiräýeliň.