Статьи по выбранной дате

Babekli. (Hekaýa)

Dünýäniň gowgaly syrlarynyň darbazy deý garaňkynyň sapak ýaly işilen ýüreginden nämälimliklere sary ýol alan göç kowgynyň aňtawyndan sypmak üçin usurgan ruhuny süýräp barýardy. Ýollar uzyn, töwerek garaňky, geljek bolsa düýbi görünmeýän boşluga öwrülen umytsyzlykdy. Emma şonda-da umytsyzlykdan-da umyt agtaran göç ýoly külterläp barşyna sag-aman ertir atjak daňy diriligiň deminde garşylamagyň
1

Wysala ýetmedik söýgi ýa-da ajy aýralyk.

Wysala ýetmedik söýgi ýa-da ajy aýralyk. Sen gitdiñ..." "Bu dañ öñkilerden şeýle üýtgeşik. Meni senden, seni menden aýyrdy." Sen gitdiñ - gözeller kän dünýäde sen şolaryñ biridiñ. Aşyklar kän dünýäde men olaryñ biridim. Aýra düşen ykballar kän dünyäde biz şolaryñ biridik. Hüýrler ýaly görküñ, gunça ýaly lebiñ, umman ýaly gözleriñ, tolkun ýaly gaşlaryñ özüme dözülmedik arzuwym,
0

Sowdy ykbal ýoldaşyndan...

Sowdy ykbal ýodasyndan, Bagty tapdym ýollaryñda. Çykyp düýäň kadasyndan, Mekan tutdum sollaryňda. Şol gün duýdum ýaşaýyşy, Şol gün duýdum ölümi men. Şol gün kalbym sowdy gyşy, Bir tapmadym dilimi men. Ýatdan çykdy dönüp galba, Süýji bir zat dadanlygym. A sen mähir çoýduñ kalba, Duýdum ýene adamlygym. Tapdym seni millard içre, Dörüp dünýäñ sesligini. Gadam basyp garyp hüjrä, Dolduñ ýürek
1

"Uruş haçan gutarýar?"

"URUŞ HAÇAN GUTARÝAR?" Enem Gurbanjemal ejäniň ýagty ýadygärligine bagyşlaýaryn. Dogan gitdi, görünmedi garasy, Ýüregimde girman salan ýarasy. (Uruş ýyllarynda Mary bazarynda eşidilen aýdym setirleri). Umsa Gojuk obasynyň gözel gyzlarynyň biri hasap edilse-de, gelnaljysy hiç kimiňkiçe bolmady. Nirededir bir uzak ýerde indi dördünji ýyl soňy gutarmajak ýaly bolup görünýän agyr uruş

Söýýän

SÖÝÝÄN Söýgi—girişmi sen jelepçilige Ýa-da basgançakmyň hudaýlaşmaga?.. Ne söýýän bar, dag basylyp diline, Ne-de söýüp uçýan duşýar asmana. Söýýän—diýmek, salam diýmekden rowaç, Söýýän—parol haram işe meýillä. Söýýän—owadan gyz desse saçlaryn Bulaşdyrtmak üçin irmän daraýar. Söýýän! —adamsyndan alýar-da jogap, Çykarynmak üçin gelin geýinýä. (Söýýän! Duşaly öýlän! söýýän, köýýän dilberim, Bäş

LED

Led name? Led sozi inlis dilinde light emitting diode sozlerinin gysgaldylmagy netijesinde emele gelen sozdur. Onun manysy yagtylyk beryan diotdyr. Led tehnologiyasy elektrik energiyany yagtylyga owuryan yarymgechirijidir. Onun esasy tapawudy elektrik energiyany az harchlayar we ol gyzmayar. Ol hazirki wagtda elektronika enjamlarynyn ekranlarynda yayban ulanylyar. Zaman gazedinden gochurdim. Led

Yenede kelleagyry meselelerden

MEN sana telefon berdim 2sany sen olan hersini onikiyarymdan satdyn 2sini go$san 25 bolya sana 5mun manaty satan ki$ine ber diyip berdim. Sen ol 5mun manatyn 3müñine suw icdin 2müñ manatyn galdy olan hersine müñ manat berdiñ hälki oniki yarymdan hersinden müñ manaty ayryan indi olarda onbir yarym galdy 2sine go$san 23 müñ bolya hälki suw icen 3müñi go$san 26 müñ bolya 25 den 26ny ayrsan 1mûñ

Magnit

MAGNIT Birmahallar magnit bolup birigip, Bir tomus däl, ençe gyşy ötürdik. Aramyza dil sygmadyk mahaly, Mangit bolup bir-birimiz iterdik. Şondan bäri hyýallara gark bolup, Parhsyz atyrýarys her gelen dañy. Men ýarama spirt çalyp ýaşaýan, A sen aý-günleri edipsiñ dañy. Köwüşlermiz bir-birne baglardyk, Bu gun bagjyklarmyz özün baglap dur. Geliñ bizden nusga alaýyñ diýip, Seret, ýatlamalar ýene

Keşeniň ogly Maharajyň hökümdarlygynyň beýany (Taryhy Hinduşa)

Ol kowumyň serdarlarynyň we doganlarynyň ylalaşmagy bilen hökümet tagtyna gadam basan badyna mülki abadanlaşdyrmak we soltanlyk işini düzgünleşdirmek babatda atasyndan has gowy we has artyk tagalla edip ugraýar. Purpuň nesillerinden bolan kişileri emirlik we hökümet (häkimlik) işine çekip, Brahmanyň neslinden bolan kişileri wezirlik, ýazyjylyk, müneçjimlik we tebipçilik işlerinde we wezipelerinde
1