Ol kowumyň serdarlarynyň we doganlarynyň ylalaşmagy bilen hökümet tagtyna gadam basan
badyna mülki abadanlaşdyrmak we soltanlyk işini düzgünleşdirmek babatda atasyndan has gowy we has
artyk tagalla edip ugraýar. Purpuň nesillerinden bolan kişileri emirlik we hökümet (häkimlik) işine çekip,
Brahmanyň neslinden bolan kişileri wezirlik, ýazyjylyk, müneçjimlik we tebipçilik işlerinde we wezipelerinde saklady. Bir topar kişileri ekin we
ekerançylyk işlerine belledi. Bir bölek kişilere bolsa, dürli pişeler we hünärler bilen meşgullanmagy we dürli zatlar ýasamagy buýurdy. Ol ekerançylygy
ösdürmekde şeýle bir yhlas we tagalla etdi welin, Hindistanyň uzak çetlerindäki welaýatlaryň hem köpüsi
abadan boldy. Bihär (Hindistanda bir welaýatyň ady) şäherini bina edip, etraplardan we welaýatlardan ylym we bilim eýelerini çagyryp, şol şäherde ornaşdyrdy. Ybadathanalar we medreseler gurup, düzedip, ol sebitleriň hasylyny ylym talyplaryna
bagyş etdi. Senasy (?) juky (ýoglar) we brahman (dürli ylymlar bilen meşgullanýan talyplar) okap,
öwrenip, ylmy işler bilen meşgullanyp başladylar. Onuň soltanlyk eden döwri ýedi ýüz ýyla çenli dowam edip, şol döwürde Hint ülkesi örän ösdi, rowaçlandy. Ol Hindistanda Jemşidiň we Peridunyň derejesinde bolup, soltanlyk işiniň mäkämleşmegi we goşundyr raýatyň asudalygy üçin kanunlar we düzgünler goýdy.
Olaryň käbirleri häzir hem ulanylýandyr. Her taýpany şol kowumyň ulusynyň ady bilen atlandyrdy. Meselem, Rathu, Çuhan, Puwar we
beýlekiler. Ol hemişe Eýran patyşalary bilen dostluk we doganlyk ýörelgesini saklaýardy. Emma ahyrynda doganoglany ondan ynjap, Peridunyň hyzmatyna gidýär. Ol hem Gerşasp ibn Utrydy (Gerşasp ibn Utryd - Awestada ''Geraraspa'' Legar atyň eýesi ) söweş isleýän goşun bilen oňa kömege ugradýar. Gerşasp ibn Utryt Hint
diýaryna gelip, ol diýarda örän uly harapçylyk edýär. Talaňçylyk we harapçylyk on ýyla çekýär. Onsoň
Maharaç welaýatyň bir bölegini öz doganoglanyna berýär hem-de ony özünden razy edýär. Soňra Gerşaspdan Peridun üçin peşgeşler ugradýar. Ömrüniň ahyrlarynda mülkdarlar Senkeldip ( Sengeldip, Serendip - Şri Lanka adasynyň ady şu şahsdan gaýdypdyr) bilen Kernätek (Hindistanda Deken welaýatynyň bir ady) ikisi zor salyp, Dekeniň häkimi Şiwraýy kowup çykarýarlar. Ol Maharajyň hyzmatyna gelip, ondan medet soraýar. Maharaç özüniň uly ogluny agyr goşun we dagsypat piller bilen Şiwraýa goşup, ýola salýar. Dekeniň mülkdarlary birleşip, uly haýbat we ýaragdyr uruş serişdeleri goşun bilen saplaryny düzýärler. Gazaply uruş turýar. Maharajyň ogly söweşde öldürilýär. Kömege iberilen goşun bilen Şiwraý baýlyklaryny we
pillerini taşlap, ýadaw we ýaraly halda gaçyş sährasyna ýüz öwürýär. Maharaç bu habary eşidenden soň, edil
ýylan ýaly öz-özi towlanyp we özüniň arman elini çakyp (dişläp) başlaýar. Sebäbi tä şol döwre çenli Dekeniň mülkdarlary, hatda Teleng, Pigu (Hindistanyň gündogarynda ýerleşen şäher) we Melbar ýaly el ýeterden uzakdaky adalaryň mülkdarlarynyň (Häkimler göz öňünde tutulýar) hiç biri hem başbozarlyk we näpermanlyk etmäge güýç-kuwwat tapmaýardy. Mundan başga-da şol döwürde Sam Naryman Eýran hökümdary tarapyndan Hindistany basyp almak maksady bilen Penjaba tarap ugrapdy. Onsoň goşunbaşy Malçent Hindistanyň saýlantgy goşuny bilen onuň garşysyna gidipdi. Şonuň
üçin onda sabyrdan başga çäre galmandy. Ahyrynda Malçent gepe çeper ilçileriň üsti bilen zerdir jöwherler
we dag ýaly piller ugradyp hem-de Penjap mülküni berip, Sam Naryman bilen ylalaşyk gazanyp, dolanyp
gelýär. Käbirleriniň pikirine görä, Penjap Peridunyň döwründen bäri Ajam patyşalarynyň ygtyryýanda
bolup, Gerşaspyň nebereleri, ýagny Rüstem we onuň ata-babalary Penjapda, Kabulda, Zabulda we Sintde
mekan tutupdyrlar.
Güýçli we haýbatly goşunbaşy bolan Malçent – Malwa ülkesi şonuň ady bilen baglanyşykly bolupdyr – Maharajyň hyzmatyna gelip ýeten badyna,
eglenmezden we haýal-ýagallyk etmezden haýbatdyr gazap bilen Dekene tarap ugraýar. Garşydaşlary onuň gelýändigini eşiden badyna özlerini ýitirip, töwerege pytrapdyrlar. Malçent olaryň üstünden kine we ar
gylyjyny inderip, olardan nam-nyşan goýmandyr. Soňra hemme zady ýerbe-ýer edip, yzyna dolanýar. Ýolda gelýärkä Guwalýar we Biýana (Hindistanda bir şäher) galasyny gurmaga buýruk berýär. Malçent Telengana (Dekene degişli bir welaýat) we Deken mülklerinden hindi sazy bolan räk (rak) atly saz guralyny we bu hakdaky ylmy hem alyp gaýdýar.
Malçent köplenç Guwalýar galasynda bolansoň, özi bilen bilelikde alyp gaýdan sazçy alym Kelawetanyň
neslinden perzentler köpelip, ol ýerde bu ylym rowaç tapýar.
Maharaç ýedi ýüz ýyldan soň barlyk goş-golamyny baglap, ýokluk älemine ugraýar. Ondan on dört ogul
galýar. Onuň Gişuraç (Kaşuraç) atly mynasyp perzendi
Hindistanyň belent tagtyna gadam basýar.



Muhammet Kasym Hinduşa ASTRABADY


''Taryhy Hinduşa'' 2013.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 22-08-2022, 12:48

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler