Şaý bejerilýän sehda 6 sany erkek adam we 4 sany aýal maşgala işleýär.7 adamdan ybarat bolan brigadany näçe usul bilen düzüp bolar,eger onda 3 aýal maşgala bolmaly bolsa?
Tennis ýaryşyna 3 sany oýunçylar gatnaşmaga talap edýärler.Olaryň arasyndan ikisini saýlamaly, jübüt toparynda gatnaşmak üçin (oýunçylaryň tertipleri hasaba alynmaýar).Näçe usul bilen olary saýlap bolar?
GÖWÜN Eý, göwün, göwün Sen neneňsi zat? Şeýle bir näzik Döredilipsiň, Ýaradylypsyň Ynsana her bap. Ýyly söze sen Joşuberýärsiň. Derýa mysaly Da:şyberýärsiň. Agyr ýollardan Aşyberýärsiň. Ýakymsyz söze Çökýärsiň aşak. Oturjak ýerňe Tikenek düşäp, Sen neneňsi zat, Neneňsi zat sen? Belli çäk ýokmy, Şuny bir aýt sen! Şyhymyrat ABDYLLAÝEW.
Mahriban agzalar kimde ,Iz braktigim kadar barsyn,, diyen kitap bar bolsa ugradaysyn yada kim okan bolsa nam hakynda bu kitap
...Şeýle bir agladym şu gün: Imisala köçelerde Keýpine gezip agladym; Atyr ysly elýaglygmy Gözýaşa ezip agladym; Geçmişimi dyrnap-dyrnap, Dörjeläp, gazyp agladym; Ýoňlap dünýäň gussasyndan, Üşüdip, gyzyp agladym; Ýüwrüp ýadamsoň sapada, Aýagmy ýazyp agladym; ...Bu ahwalyň geçmejegin, Hasratlara a:ç gujagyň Wagty bilen doýmajagyn Hem erkime goýmajagyn Bibaş pikir-oýlaryň hiç. Iň soňky umyda deňiç
Gişuraç hökümdarlyga geçen badyna her doganyny bir tarapa ugradyp, Kalepi (Hindistanyň demirgazygyndaky kiçeňiräk şäher) şäheriniň üsti bilen Gündwana (Asyl nusgada Güwndwara) gelýär hem-de Dekenden baş göterip, tä Senkeldibiň serhedine çenli at sürýär. Topalaňçy raýlardan peşgeşler alyp, ilat gatlaklarynyň arasynda düzgün-nyzamy berkitmekde tagalla baryny edýär. Emma yzyna dolanan wagtynda