“ŞEÝLE BIR AGLADYM ŞU GÜN...”
...Şeýle bir agladym şu gün:
Imisala köçelerde
Keýpine gezip agladym;
Atyr ysly elýaglygmy
Gözýaşa ezip agladym;
Geçmişimi dyrnap-dyrnap,
Dörjeläp, gazyp agladym;
Ýoňlap dünýäň gussasyndan,
Üşüdip, gyzyp agladym;
Ýüwrüp ýadamsoň sapada,
Aýagmy ýazyp agladym;
...Bu ahwalyň geçmejegin,
Hasratlara a:ç gujagyň
Wagty bilen doýmajagyn
Hem erkime goýmajagyn
Bibaş pikir-oýlaryň hiç.
Iň soňky umyda deňiç
Hasratlaryň bakydygny
Ap-aýdyň syzyp agladym...
Ýazyp agladym...
22.08.2022ý.
Sapa HOMMADOW
Imisala köçelerde
Keýpine gezip agladym;
Atyr ysly elýaglygmy
Gözýaşa ezip agladym;
Geçmişimi dyrnap-dyrnap,
Dörjeläp, gazyp agladym;
Ýoňlap dünýäň gussasyndan,
Üşüdip, gyzyp agladym;
Ýüwrüp ýadamsoň sapada,
Aýagmy ýazyp agladym;
...Bu ahwalyň geçmejegin,
Hasratlara a:ç gujagyň
Wagty bilen doýmajagyn
Hem erkime goýmajagyn
Bibaş pikir-oýlaryň hiç.
Iň soňky umyda deňiç
Hasratlaryň bakydygny
Ap-aýdyň syzyp agladym...
Ýazyp agladym...
22.08.2022ý.
Sapa HOMMADOW
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
15 комментариев