Статьи по выбранной дате

Belki...

Belki... Belki men hakynda pikir edýänsiň, Sözlerme meňzeş söz eşden mahalyň. Ýüregime öz köküni ýaýratdy, Seniň tarpa eken söýgi nahalyň. Belki meni görýänsiňem düýşüňde, Huşuňda duşaýsaň kejir gyzlara. Maňa sowgat beren söýgi şemalyň Alyp gider güläleksiz ýazlara. Belki ýazlar içre gözlärsiň meni, Duýmarsyň kalbymda gar ýagdyranyňy. Aýly gijäň şöhlesiniň astynda Duýmarsyň näumyt galdyranyňy.

Täsinlikler

Adamlar! Men täsin tokaýa düşdüm. ...Ýolbars ýer sürüp ýör, Syçan it kowýar, Siňek şäher gurýar, Ary söwdigär, Balyk aýdym aýdýar, Çybyn ýer köwýär, Möjek goýun bakýar, Şagal goragçy, Tilki buýruk berýär, Towşan soragçy, Pişik Pil awlaýar, Tal miwe berýär, Doňuz top oýnaýar, Pyşdyl ylgaýar, Çägeden ýöräp barýar, ulakan gämi, Bürgüt ýasanypdyr, derýadan hini, Gije gün dogup dur, Bulutlar ýerde,

"Läle ýatlama" hekaýa

Işden çykyp,obamyza gaýdýan awtobusa mündim.Awtobusda adam azdy.Köp garaşdyrman awtobus obamyza tarap ýola düşdi.Sürüji radiony açdy.Radioda aýdymçy ýigit läle kakýan gyzy taryplap "Belent heňde bagt lälesin kakan gyz" diýip aýdym aýdýardy.Bu aýdym maňa mundan on sekiz ýyl öň aradan çykan Läle atly synpdaş gyzymyzy ýatlatdy.Läle aýdym aýtmaga,läle kakmaga diýseň ökdedi.Mekdebimiziň