Belki...
Belki...
Belki men hakynda pikir edýänsiň,
Sözlerme meňzeş söz eşden mahalyň.
Ýüregime öz köküni ýaýratdy,
Seniň tarpa eken söýgi nahalyň.
Belki meni görýänsiňem düýşüňde,
Huşuňda duşaýsaň kejir gyzlara.
Maňa sowgat beren söýgi şemalyň
Alyp gider güläleksiz ýazlara.
Belki ýazlar içre gözlärsiň meni,
Duýmarsyň kalbymda gar ýagdyranyňy.
Aýly gijäň şöhlesiniň astynda
Duýmarsyň näumyt galdyranyňy.
Belki kesişmezem biziň ýolumyz,
Duşmarysam bolmasa bir saý-sebäp.
Arman bolan kalbymdaky söýgimi
Diňe özüm üçin saklaryn aýap.
Sona Halykowa
Belki men hakynda pikir edýänsiň,
Sözlerme meňzeş söz eşden mahalyň.
Ýüregime öz köküni ýaýratdy,
Seniň tarpa eken söýgi nahalyň.
Belki meni görýänsiňem düýşüňde,
Huşuňda duşaýsaň kejir gyzlara.
Maňa sowgat beren söýgi şemalyň
Alyp gider güläleksiz ýazlara.
Belki ýazlar içre gözlärsiň meni,
Duýmarsyň kalbymda gar ýagdyranyňy.
Aýly gijäň şöhlesiniň astynda
Duýmarsyň näumyt galdyranyňy.
Belki kesişmezem biziň ýolumyz,
Duşmarysam bolmasa bir saý-sebäp.
Arman bolan kalbymdaky söýgimi
Diňe özüm üçin saklaryn aýap.
Sona Halykowa
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
2 комментария