ÝIGRIMI ÝYLDAN SOŇ Howa çigrekdi. Birden-birden ösýän çapgyn şemal bilen bilelikde ýagşyň yzam haplap burnuňa urýardy. Şonuň üçinem heniz gije on bolmaka, hemmeler diýen ýaly köçeden aýagyny çekipdi. Şeýle sowuk howada ýek-tük adam bolaýmasa, töwerekde gezip ýören ýokdy. Şol wagt polisiýanyň gözegçisi öz garamatyndaky köçäniň ugry bilen agras ýöräp barýardy. Ol asylam agrasdy, häzirem her öňünden
Aç ýaňaklaryndan 11 ýaşly Dahiriň gözýaşlary akýar. "Men diňe diri galmak isleýärin" -diýdi. Baýdoa şäheriniň daşyndaky tozanly düzlükde maşgalasynyň ýasalan çadyrynyň gapdalynda oturan ýadaw ejesi Fatuma Omar oňa aglamazlygy tabşyrýar. “Gözýaşlaryňyz doganyňyzy yzyna getirmez. Hemme zat gowy bolar "-diýdi. Fatuma ikinji ogly, 10 ýaşly Salat iki hepde öň maşgala obasyndan üç günlük
Indi senden kine saklap ýöremok, Sebäbin gözlämok agyrly gussaň. Jogapsyz söýgimi untjak bolýan Ýöne birazajyk ýüregim gysýar. Ynha men: Daşy ýaran yhlasly damja, Meňzäsi gelen men, ýöne... Dünýäni baglaýan duýgulam bilen Ýoluny tapmadym kalbyňa ýetmäň. Indem özüm bilip ýa-da bilmezden Derwüş ruhym bilen gözýaşlarymy, Ýellere, güllere sowgat paýlaýan. Yşkdan köýen janym awara meňzäp Mesgen tuta
Wladimir Mezensew "Täsinlikler ensiklopediýasy" diýen kitabynda tanimal žurnalist W. Peskowa salgylanyp şeýlebir geň zady ýatlaýar. 1948- nji ýyldaky ýer yranmasynyň edil öň ýany howluda gezip ýören it açyk duran gapydan öýe kürsäp girýär-de, sallançakda ýatan iki - üç aýlyk çagany gundagyndan dişläp, daşaryk alyp gaçýar. Tüpeňe ýapyşan öý eýesi bilen kitaba güýmenip otyran aýaly itiň
"Gözleriňizi uludan açyň we meni gowja diňläň. Biziň ýurtda çagalar, garry atalar, garry eneler ölýärler. Siz ýyljak we ýumşak körpelerde ýatýarsyňyz. Men bolsa sowuk suwuň içinde ýatýan. 3 gün boldy hiç zat iýmedim we özüm üçin sizden hiç zat islämok. Haçana çenli biziň ölüşimize ümsümjek seredip durjak?! Eger men ölsem hemmäňiziň üstüňizden Allaha arz etjek! Allahdan dileýän: Hemmäňiziň