Статьи по выбранной дате

Jorj Örruel - 1984 (romandan bölek)

...- Ýöne ýerasty ýitip giden haýwanlaryň süňklerinden doly - mamontlar we ş.m ýer ýüzünde adamzat döremänkä has öň ýaşan ullakan süýrenijiler, ýagny dinozawrlar." - Winston, şol süňkleri gözüň bilen gördüňmi? Elbetde ýok. Olary XIX asyr biologlary oýlap tapdylar. Adamdan öň hiç zat ýokdy. Adamdan soň hem hiç zat bolmaz. Adamyň daşynda hiç zat ýok. -Ýöne tutuş älem daşarda. Ýyldyzlara seret!

Saňa duşup öwrendim...

...Ganatsyzja uçmagyda Şatlyk, bagty guçmagyda Umyt öýin açmagyda Hiç zatsyz tutaşyp - sensiz, Ýene sensiz öçmegide... Ýene sessiz öçmegide... Ählisin senden öwrendim...! Senli bahar, sensiz gyşdym Her gije düýşümde duşdym Aý nurly, gül keşbiň gördim Göreçlere bakdym Tapylmadyk, Hiç kimden tapylmajak Yşgymy tapdym Orhideýalarymy berdim... ...Öňler beýle däldim, Bu ukuby-da senden öwrendim...!

☘️☘️☘️

Bir gelin adamsyn söýýán ekeni, Örtenip,gabanyp, köýýän ekeni. Adamsy bir gelne seredäýsede, Zat ýok ýerden gaty görýän ekeni. Ýogsa ýigit öz gelninden özgäni, Söýmändirem,ýa söýjegem bolmandyr. Maşgala adatyn,mukaddes däbin, Ýeke gezek oýun edibem bozmandyr. Gelin bolsa şol gabanyp ýörenmiş, Ýaňky ýigit ahyr bir gün ölenmiş. Ajaldan öldümi ýa-da hezretden, Ýa ýersiz igençden,ýa ýalan gepden.

Täze ýylyň iň ilkinji goşgusy

Sen bilýäňmi näme, bu gün – täze gün, Täze ýylyň iň ilkinji säheri. Men täze gündelik tutundym indi, Men täze kalendar asyndym häli. Diňle, men öňünden bellikläp goýdum. Täze kalendarda «Möhümler» diýip, Bir-ä biziň iň ilkinji duşuşan, Birem seniň doglan günüň aýratyn. Sen bilýäňmi näme, ilki ýazanym, Täze gündeligme şu söz boldy: «Giç...» A soň derrew pozup aýyrdym, çünki, «Biziň çekýän
2

ÖLEN WAGTYM YMYKLY ÖLDÜRIŇ MENI...

Ölen wagtym ymykly öldüriň meni. Yzymdan zenan gürrüňini etmäň. Dolduraýyn ölüm bilen öýkeni. Kim öýkeli? Menmi, aý, ýok, Salmaň çarçuwaňyza, Barybir dünýä sygman. Bilbiller, gabanmaň meni, Siz deý saýraman. Hijrana baş öwretdi Bu aýralyk. Bu ýoly men saýladym. Eleşan duýgulam ýatsyn parahat. Men — aýralyk, Men — dünýä, Men — älem, Ileri, gaýralyk. Aglaman, Zarlaman, Ýasama gülmen. Ölmen, how,

Begenç

Adamlar dogulýar we olar bilen dogulýar şatlyk-gülkisi begenji, Söýgüsi, Gaýgysy, Öýke-kinesi Bularyň ählisi tapylmaz genji. Emma begenç mydam aýratyn gezer Begenç - giň derýadan saýlanan akym Käte alyslarda gezýän sergezdan, Hem kalbyňa gelýän, duýdansyz höküm Begenç - ýylgyrşyň mydam sebäpkäri. Begenç - gam-alada garşy durýan güýç. Ol kalbyň ylhamy. Tukatlyk soňy. Onuň bilen gözýaşlar aksa-da
2