ÖLEN WAGTYM YMYKLY ÖLDÜRIŇ MENI...
Ölen wagtym ymykly öldüriň meni.
Yzymdan zenan gürrüňini etmäň.
Dolduraýyn ölüm bilen öýkeni.
Kim öýkeli?
Menmi, aý, ýok,
Salmaň çarçuwaňyza,
Barybir dünýä sygman.
Bilbiller, gabanmaň meni,
Siz deý saýraman.
Hijrana baş öwretdi
Bu aýralyk.
Bu ýoly men saýladym.
Eleşan duýgulam ýatsyn parahat.
Men — aýralyk,
Men — dünýä,
Men — älem,
Ileri, gaýralyk.
Aglaman,
Zarlaman,
Ýasama gülmen.
Ölmen, how, ölmen!
Dirikäm-ä saljak bolmaň dünýäňize,
Ölemsoňam sygman.
✏Suraý BABANYÝAZOWA
Yzymdan zenan gürrüňini etmäň.
Dolduraýyn ölüm bilen öýkeni.
Kim öýkeli?
Menmi, aý, ýok,
Salmaň çarçuwaňyza,
Barybir dünýä sygman.
Bilbiller, gabanmaň meni,
Siz deý saýraman.
Hijrana baş öwretdi
Bu aýralyk.
Bu ýoly men saýladym.
Eleşan duýgulam ýatsyn parahat.
Men — aýralyk,
Men — dünýä,
Men — älem,
Ileri, gaýralyk.
Aglaman,
Zarlaman,
Ýasama gülmen.
Ölmen, how, ölmen!
Dirikäm-ä saljak bolmaň dünýäňize,
Ölemsoňam sygman.
✏Suraý BABANYÝAZOWA
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
2 комментария