AK GOŞGY. Nirede sen? Sesim eşderdenem alysdamyñ ýa? Ýa joram aýtmyşlaý halys "Ýalñyş ýerde, ýalñyş wagtda..." (Wah, ol beýem diýmändi-le. Gödegräk aýtdy dogrusy) Nirede sen? Setirlerim mätäç ýaly Hut senden geljek ylhama. Geñem görünäýýärmi ýa, Yhlasym çyr-çytyr edip, Ylham ugrunda ylgamak. Bilýäñmi, indi dünýäde Ýaşamak kyn umytlaryñ Gutarjak - gutarjagynda. Wiý, aýtmak ýatdan
Pelek, gursagyňa serimi goýsam, Jigerbendiň saýyp, ezizle meni! Alnyňda ýekirlen ýerimi goýsam, Jigerbendiň saýyp, ezizle meni! Mähir — lagşan ýürekleriň söýesi, Mätäç oňa ejizi hem çeýesi. Men — halys müzzeren göwnüň eýesi, Jigerbendiň saýyp, ezizle meni! Zar bolmasa agyz burna, göz — gaşa, Göz owasy gelişenok gözýaşa... Tamakin däl togsan ýaşa, ýüz ýaşa, Jigerbendiň saýyp, ezizle meni! Tapsam
Işçiniň alypsatar goňşusyna açyk haty Diýdiň sen: «Işçiler nädip oňýarka Alýanja şojagaz aýlygy bilen?..» Emma weli işçiň günlük baýlygyn Deňäp bilmen ýyllyk baýlygyň bilen. Seniň puldan başga bilýän zadyň ýok. Pikiriň-zikiriň pul, pul, ýene pul. Bolmasa-da bizde gul diýilýän zat, Sen gul! Haram puluň elindäki gul! …Agaň soňky demde hyrkyldap ýatyr. Sen onuň yzyndan gitmäge derek Şu günki gazanan
Puluň keýpi zerur zatlary almak Özüňi özgäni bagtly edip bilmek Iň gerek zatlary kagyza geçir Gerek däl zatlary kagyzdan öçir Puluň keýpi maksat goýmak öňüňde Şol maksada ýetjek sen haýsy günde ? Meýilnama iň bir gerek namadyr Oýlan belle başlamaly nämeden ? Puluň keýpi däldir edenňi etmek Puluň keýpi ýürek arzuwňa ýetmek Puly maksat dälde gural edeliň Geliň şeýdip dogry ýoldan gideliň Ulanalyň
Içinde kän kir durlaýar, Öz öýümiñ legeni. Nahary süýji bişirýär, Öz öýümiñ gazany. Kelläñe rahat-şypadyr, Öz öýümiñ ýassygy. Aýagyña hezil berer, Öz öýümiñ şypbygy. Hiç hili jygyldamaz, Öz öýümiñ gapysy. Çüýşäñ gapagyn gowy açar Öz öýümiñ çakgysy. Içine kän goş sygdyrýar, Öz öýümiñ sandygy. Aýagyña çümse ynjytmaz Öz öýümiñ ýandagy. Çüý kakanda sesi oñat, Öz öýümiñ çekiji. Arkaýyn münüp düşmeli,