EZIZLE MENI!
Pelek, gursagyňa serimi goýsam,
Jigerbendiň saýyp, ezizle meni!
Alnyňda ýekirlen ýerimi goýsam,
Jigerbendiň saýyp, ezizle meni!
Mähir — lagşan ýürekleriň söýesi,
Mätäç oňa ejizi hem çeýesi.
Men — halys müzzeren göwnüň eýesi,
Jigerbendiň saýyp, ezizle meni!
Zar bolmasa agyz burna, göz — gaşa,
Göz owasy gelişenok gözýaşa...
Tamakin däl togsan ýaşa, ýüz ýaşa,
Jigerbendiň saýyp, ezizle meni!
Tapsam gussaň lezzetlisin — oňaýyn,
Ejir beren şatlygymy zyňaýyn!
Şu çaka gepledim, häzir dymaýyn...
Jigerbendiň saýyp, ezizle meni!
24.03.2017ý.
✏Sapa HOMMADOW
Jigerbendiň saýyp, ezizle meni!
Alnyňda ýekirlen ýerimi goýsam,
Jigerbendiň saýyp, ezizle meni!
Mähir — lagşan ýürekleriň söýesi,
Mätäç oňa ejizi hem çeýesi.
Men — halys müzzeren göwnüň eýesi,
Jigerbendiň saýyp, ezizle meni!
Zar bolmasa agyz burna, göz — gaşa,
Göz owasy gelişenok gözýaşa...
Tamakin däl togsan ýaşa, ýüz ýaşa,
Jigerbendiň saýyp, ezizle meni!
Tapsam gussaň lezzetlisin — oňaýyn,
Ejir beren şatlygymy zyňaýyn!
Şu çaka gepledim, häzir dymaýyn...
Jigerbendiň saýyp, ezizle meni!
24.03.2017ý.
✏Sapa HOMMADOW
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
Комментариев нет