Статьи по выбранной дате

Henizem ganamok

Henizem ganamok. Henizem ganamok muhapbetiňden. Gyzgynjak mähriňden nädip ganaýyn? Ezizim namysym, mukaddessim sen. Bagryňa bas, bar ünjiden dynaýyn. Galaýyn men,ol duýgyly dünýäňde Ähli kemçiligňi görmediksiräp. Döretdiň dünýämde täze bir dünýe, Men başga dünýäden barýaryn ýöräp . Indi igenjiňem göwnüme ýarap, Sözleri ýaňsylap gülüşen bolýas . Gussany paýlaşyp, gülkä gülüşip, Bar zady des-deňje

"Çemen"(salamlaşyk goşgy)

"Çemen" (salamlaşyk goşgy) @Pegas agzanyň haýyşy boýunça Salam bilen başlaýyn Sözümiziň başyny Topardaş klasdaşlarym Gurşap aldy daşymy Toparmyzyň ady "Çemen" Çemen bolup gül açarys Ynanýarys özümize Ähli synplardan geçeris Agzybir joralam bilen Döretdik agzybir topar "Agyzybire Taňry biýrdir" Zehinli biz dile çeper Geldik bu gün bäsleşige Baş baýragy alarys biz

"GÖWNÜME BOLMASA ADAMLAR KEM-KEM..."

Göwnüme bolmasa adamlar kem-kem, Ozalky bolşundan kiçelip barýar, Adam däller bolsa gün geçdik saýy, Öňküsünden hasam goçalyp barýar. Göwnüme bolmasa iýýän tagamlam, Indi öňküsi deý süýji gelenok, Obada bir başlyk saýladyk welin, Gohy gelýä yöne güýji gelenok. Göwnüme bolmasa säher päkligin, Kirletýär ekeni kamaz tüssesi, Gije garaňkylyk, daňdanam kamaz, Heý bir geçermikä ýürek gysmasy. Aşyr

Гость agza ýazan goşgym

Sen gelseň saýtymyz bolýar gyzykly. Hoş geldiňiz ! Şeýdip günde gelip dur. Sen geldiň saýtymyz hasam gyzykdy, Gowydan-gowy bloglary ýazyp dur . Käte-käte geläýsene boş wagtyň . Hökmanam däl, derwaýys däl iş wagtyň. Ýöne bu ýerlerden gözleme bagtyň Wirtual bu şonam ýada salyp dur. Realda-da arzuwlaýan ak bagty . Işiň rowaç bolsun ýollaryň ýagty. Ýürekden ýylgyr sen ýylgyrýan wagtyň Gaýgylanma,

Üýtgeşik kesel

Reňgi-roýum ýitip barýar ýüzümden, Sensiz - bu keseli ýeňmeli boldum. Allergiýadyr diýp, dünýäm düzünden Senden başga, ähli gülleri ýoldum. Elim gymyldanok, aýak ýöränok O nädip?! (Döweniň ýürekdi ahyr!) Şol kesel-ä barlygyňda döränok, Emma ýoklugyňda edäýdi - şahyr. Hassa deý ýatamok, ýöne barybir Gussalar görmäne her gün gatnaýar. Bu keselde geçýän günleň bary - bir, Her gün täze güneş dogup,

KÖMEK GEREK!

Hany, ýazýan-pozýanlar, bir haýyşy bitireliň-le: 7-nji klas okuwçylaryň arasynda bäsleşik geçýär mekdepde. Onsoň her klas özüne topar adyny saýlapdyr. “Çemen” diýen toparyň adyndan goşgy ýazmaly 14-15 bent. Ilki salamlaşyk bolmaly, toparyň ady taryp edilmeli hemem döwrümiz wasp edilmeli şol 15 bentde.

2023-nji ýyl UFO-lar ýyly.

Näbelli uçar obýektli wakalaryň hasaba alynmasy barha artýar. Öňräk ABŞ iki üç sanak ufo urup düşürenni aýtdy. Mexika hem öz howwa giňişliginde ufo görenini aýtdy. Ruminýa we Wengriýadada hasaba alyndy şoňa meňzeş fenomenal wakalar. Hytaý goranmak ministrigi hem ufo görenini aýtdy. Ýakynda Russiýa hem aýtdy... #barypýatanmyşmyşdildüwşikteoriýalary