Статьи по выбранной дате

Pul eken

Adamlary agyr işe gul eden, Adamlary haram işe başladan, Ynsaby ýok edip nebissiz goýan — Pul eken adamlar, kirli pul eken. Jelepçilik işe — itergi beren, Wokzallarda küntileri döreden, "Daça"-larda haram işi ýöreden — Pul eken adamlar, haram pul eken. Adamlara men-menligi öwreden, Mesligi döredip, Haky ýok eden, Beýhuş edip, azgynlyga ýol eden — Pul eken adamlar, nejis pul eken.

Diýmäň asla: -"Ýanypdyr bu neresse..."

Diýmäň asla: -"Ýalňyzlygňy ýeňmeli...", Aýby ýog-a ýeke-ýalňyz gezmäňem! Ýaralarym päk söýgüniň tegmili, Gynanç bilen duýgularmy ezmäňem! Diýmäň asla: -"Ýanypdyr bu neresse...", Ýazgarsaňyz, ýazgaryň men biweji! Bir ummanyň jümmüşinde ýer etseň, Duýup bilmez akwarýumyň leňňeji. Köp iýilen zatdan doýsa-da mäde, Tagam duýulanok göreniň bilen. Bir tarap çyn bilen söýse-de, käte,
7

Habarňyzam ýokdur öljekligimden.

Ýer sermenip söyüp yörmüşem sizi Yüzüne tüýkürip yhlaslarymyň Meni bärde eşşi edişip gitdiniz . Suraýsyz Bir aýsyz tüm gijelerde Unudaryn galyp özüm bir burçda Çugutdyrdym Utdurdym Ugratdym arzuw meýdimi Bizar adamjyklaň şum kanunyndan Tüm kanunyndan . Söydüm özümi . Gara ajalam gelip geçsin owarram, Janymy bir demde berip giderin Bir gün - ä şu gyran degmişiň ýalançysynda Ölüp giderin . Sizem

MARTDA DOGULDYLAR:

01.03.1908ý. - Türkmen ýazyjysy Ruhy Akbar Alyýew 01.03.1917ý. - Türkmen bagşysy Nurberdi Gulow 01.03.1940ý. - Türkmen şahyry Gurbannazar Ezizow 03.03.1818ý. - Orta Aziýany basyp alyjy rus generaly Konstantin fon Kaufman 03.03.1886ý. - Türkmen sazandasy Amangeldi Gönübek 03.03.1948ý. - Türkmen şahyry Ogulnabat Jumaýewa 06.03.1922ý. - Türkmen şahyry, dramaturg Ata Abdyrahmanow 06.03.1937ý. -