Статьи по выбранной дате

Sorag jogap

1. Çenden aşa ýigrenýän adamyňy söýmek mümkinmi? 2. Durmuşdaky baş şygaryňyz? 3. Gatnaşykda: Bir adam bilen has içgin gatnaşýarsyňyzmy ýa-da köpçülik bilen orta tap gatnaşýarsyňyzmy, ýa umuman gatnaşyk saklaňyzokmy? 4. Nätanyşlaryň we tanyşlaryň aradynda özüňizi alyp barşyňyz birmeňzeşmi?

MATEMATIK ŞAHYRYŇ GOŞGUSY

(Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň äheňinde) Häzir aýtjak zadym – täze açyşym, Düşünýän, dilçileň baryna geňdir. Ýöne her bir goşgyň udel agramam, Onuň öz göterýän ýüküne deňdir. Sanly tehnologiýaň ösen mahaly, Döwrüň pulsun durkuň bilen duýmakdyr. San bilen zehiniň goşulyşmagy, Üstünligiň kwadraty diýmekdir. Şygrym okan köpmi, ýa halan köpmi, Diýsem soraýarsyň:”Tapawudy nä?”

Sud

SUD Bu gün meni iň bir halamaýan ýerime çagyrdylar. Beýleki otaga, ýagny iňlisleriň aýdyşy ýaly “liwiňrum”, bizde birhiliräk bolýa. “Ýaşalýan otag” diýseň-ä, nä beýleki otaglarda ýaşalanokmy, “myhman otag” diýseňem, türkmenlerde tersine, gulplyň bäriýany durýan otag. Umuman, bu möhüm däl. Paltaly, pyçakly bardym. Şu gezek bir düşündirip biläýsedim diýen niýet bilen, emma munuň hiç haçan

GALAM HAKYKATY YAZ MYDAM

Galam hakykaty ýaz mydam Ýene elde galam içim dökeýin, Ýalançy dünýãde dogrym hyrydar. Eden günäm egnim bilen çekeýin, Sen bir galam hakykaty ýaz mydam. Duşman däl-de gazanjak bol dostlugy, Ýalançy dost bermez saña rastlygy, Rysgyñ gelse çekip bilsen mesligi, Bilip galam hümmetini ýaz mydam. Galdyrjak bol pesde görseñ bir başy, Gysgalmaz tanabyñ, gysganma aşy, Diläp bilseñ dile ýüz däl müñ ýaşy,

GELIN BOLUP GEL

Gelin bolup gel Saklagyn ojagyñ wepa ygraryn, Odyñ bilen girip köziñ bilen gel. Begenseñde begenjiñe aglaryn, Gün deý nuryñ çoýup gelin bolup gel! Ajyny, süýjini döz gelip köñül, Kürtäñ bilen gidip, gyñaç bilen gel. Görelde gelin bol, söýülip ömür. Baky bagtdan ganyp gelin bolup gel! Hem gelin bol, hem wepaly ýan ýoldaş Asmana sygmajak zemin bolup gel. Bir beden bol, kalbyñ ursyn ýürekdeş, Gursak
-1

"EJE" DIYIP AGLARDYM

"Eje" diýip aglardym Gidenimde senden juda uzaga, "Kemim ýok" diýip seni biraz aldardym. Seniñ beren ýyly mähriñi küýsäp, Ýeke wagtym "Eje" diýip aglardym. Gujagyñdan melhem geler her demde Gözüme bakañda duýgum añlardyñ. Seniñ bilen ruhym göge ýetende, Ýere düşsem "Eje" diýip aglardym. Şatlansam begenjim, gaýgymda gussam, Aýtmak üçin derrew saña ylgardym.
0