GELIN BOLUP GEL
Gelin bolup gel
Saklagyn ojagyñ wepa ygraryn,
Odyñ bilen girip köziñ bilen gel.
Begenseñde begenjiñe aglaryn,
Gün deý nuryñ çoýup gelin bolup gel!
Ajyny, süýjini döz gelip köñül,
Kürtäñ bilen gidip, gyñaç bilen gel.
Görelde gelin bol, söýülip ömür.
Baky bagtdan ganyp gelin bolup gel!
Hem gelin bol, hem wepaly ýan ýoldaş
Asmana sygmajak zemin bolup gel.
Bir beden bol, kalbyñ ursyn ýürekdeş,
Gursak ýūkin çekip gelin bolup gel!
Hiç pozmagyn bu mukaddes ähtiñi,
Ot deý ýanyp, sönüp, ýene ýanyp gel.
Gursagyña salyp perzent mährini,
Bu öýiñ törine ene bolup gel!
Jemşit Hajymämmedow
Saklagyn ojagyñ wepa ygraryn,
Odyñ bilen girip köziñ bilen gel.
Begenseñde begenjiñe aglaryn,
Gün deý nuryñ çoýup gelin bolup gel!
Ajyny, süýjini döz gelip köñül,
Kürtäñ bilen gidip, gyñaç bilen gel.
Görelde gelin bol, söýülip ömür.
Baky bagtdan ganyp gelin bolup gel!
Hem gelin bol, hem wepaly ýan ýoldaş
Asmana sygmajak zemin bolup gel.
Bir beden bol, kalbyñ ursyn ýürekdeş,
Gursak ýūkin çekip gelin bolup gel!
Hiç pozmagyn bu mukaddes ähtiñi,
Ot deý ýanyp, sönüp, ýene ýanyp gel.
Gursagyña salyp perzent mährini,
Bu öýiñ törine ene bolup gel!
Jemşit Hajymämmedow
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
Комментариев нет