Watana söýgi Watan hakda ençe goşgy döretdim. "Men watany söýýän"diýip gygyrýan. Bu gün bolsa öz-özüme seretdim, Watanymy söýdümmikäm gaýgyrman? Söýýän bolsaň gora gelde watany, Iki ýyljyk goragynam kän gördüm. Il oňlarmy "Söýýän" diýip ýatany, Söýýän bolsaň söýgüliňe näm berdiň? Hatda nädip söýmeldignem bilemok Öwrenmeli ony serkerdelerden. "Söýýän diýýäň ýöne göze
Döredijilik synaglary Elbetde her bir goşgyçyda döredijilik synaglary mahsusdyr. Her bir adam bir işe ýürekden ýapyşsa, wagtyň geçmegi bilen şol işinde kämilleşmäge başlaýar. Dürli zatlary öwrenýär dürli ýollary synap görýär. Türkmen elipbiý harplary boýunça A-Alkymyň alma deý ýaňja gyzaran B-Biliň balyk kimin balkyldar durar Ç-Çeper keşdelerden dünýä döredýäň D-Dişleriň dür deýin ýylpyldar durar
Süýji dil, adamlar bilen gowy gürleşmek we olara zyýan berjek sözlerden uzak durmak diýmekdir. Adamlar bilen netijeli aragatnaşyk saklamagyň esasy usuly ýumşak gürlemekdir.Süýji dil we ýakymly sözler bilen ýüz tutýan adam siziň bilen habarlaşmakdan çekinmez we sizi söýer we hormatlar. Bu hakda özümiz hakda oýlananymyzda düşünip bileris. Mysal üçin, bir dostumyz gödek dil bilen bir zat sorasa, biz
Köp wagt mundan ozal flirt alamatlaryny bilmeýärdim. Men onuň barlygyndanam habarym hem ýokdy. Öňümdäki gyz bilen gürleşýärdim we öz-özüme: "Owadan eken " diýenimde, indiki ädimimi haçan etjegimi bilemokdym. Indi ýagdaý birneme üýtgeşik... Gyz birini halanynda, ony halandygyny köplenç özüni duýman görkezip başlaýar (Elbetde, biz erkeklerde). Üns bereniňizde bulary duýmak aňsat we bu
Futbol jankoyerlerine 2023nji yylda garashylmadyk sowgat boldy. Bu sowgat hem hemme jankoyerleri begendirdi diysek ote gecdigim bolmaz. Yokary Ligamyza taze Arkadag kluby goshuldy. Klub Ahal welayatyna degishli bolup bu yyl Ahal welayatyndan 2 Arkadag Ahal Ashgabat shaherinden Altyn Asyr Kopetdag Ashgabat Mary welayatyndan Merw Energetik Balkan welayatyndan bolsa Nebitchi Shagadam chempionlyk
Uzak wagtyň dowamynda semizlige eltýän we saglyga zyýanly önümleriň hatarynda kartoşka çipsileri öňde baryjy hasaplanyp gelinýär. Düzümindäki ýag, krahmal, duz we gowrulyşyň hasabyna muny kabul edýän işdämenlerde bir näçe wagtda ýürek gan-damar keseli, semizlik döräp başlaýar. Gahar üssünde döredilen çipsler. Kartoşka çipsileri ABŞ-da kurortlaryň biriniň restoranynda tötänleýin döredilýär, bu
Uzak yaşa diýip göterdik bada ýöne bir sözide salalyň ýada balyk suwdan doýmaz,adam ömürden. berkligi öwrensin adam demirden, bürgütden uçmagy öwrensin adam, ýanmagy öwrensin adam kömürden, az ýaşasyn welin,oňat ýaşasyn, synasy hem kalby,sagat ýaşasyn Doglan gün üçin.(Ata Atajanow) Sapa mollum doglan günüň gutly bolsun.Uzak ýaşa manyly ýaşa .Älem gowulyklaryny arzuw edýän.
(Sapa Hommadowa) Garagumuň giň hem ýagty köçesin Synlaýşyň ak göwün ynsanlaryny, Säher salamyny paýlap ýörşüňi... Çekdim, hem ullakan bag-saýasyny. Görşüp bilşiň, Bu barlygy parhlyrak. Gowlugy göwnüňden gözläp ýörşüňi... Asmanlarda ýaşan ynsan melegňi Zeminiň üstünden gözläp ýörşüňi... Agram beren gussaň bilen bäsleşip, Duýgurlugňy, synçylygyňy çekdim. Soňra hyýal bilen garyp barjasyn, Çilmiň
Suhanberdi Körmollanyň (1876-1934) ýaşlygy Daşoguz sebitlerinde geçýär. Onuň kakasy Öwezberdi aga garyp bolup gün-güzeranyny dolandyryp bilmansoň, onat durmuş gözläp, ilki Mara, soň Sakarçäga göçüp barýar. Ol ömrüni daýhançylyk bilen geçirýär. Öwezberdi aga öz döwrünüň sowatly adamlarynyň biri bolupdyr. Körmolla 23 ýasynda iki görejinden mahrum bolýar. Şondan soň halk arasynda oňa Körmolla
Poeziýa döredijiligiň iň kyn çylşyrymly ugrudyr. Goşgynyň berýän ryhy lezzetini hiç zat berip bilmeýär. Döredijilikde hakyky poeziýanyň derejesine ýetjek başga hiç bir zat ýokdur. Goşgynyň üsti bilen aýdyp bolmaýan zat hem ýok. Ýöne gep aýtjak pikiriňi goşgynyň üsti bilen aýtmany başarmak ussatlygynda. Goşgy bilen aýdyp bolmadyk zat gymmatlyga eýe däldir. *** Hakyky goşgular köp däl. Olar hakyky