*** Goňşy otagdan gelýär Çilimiň ysy. Kalbym myjalaýar Gitaryň sesi. Ýadyma düşenok, Horluk, zorluk, nol. Bulaşyk saçlaňmy? Söýmez ýaly däl. Uzakdan, daşlardan, Allaworradan. Belki, Meksikadan Braziliýadan... Gelýär aşyk heňiň, Gitar owazy. Men gözlermi ýumman, Uklasym gelýär Çyr-çytyrja bolup Guran bagtymyz Gutarmaz ýaly. Howada burk urýar Seň çilmiň ysy. Bagta ritm goşýar Gitaraň sesi. Suraý
32 Yşkdan agdyryp eňkimi, Gülmäne goýmarsyň sen. Solduryp gül reňkimi, Elwana goýmarsyň sen. Yşk oduna ýanan çydar, Gözleň – goşa ýanan çyrag. Köpi gören ýalançyda, Perwana goýmarsyň sen. Goşa gözleň – goşa däri, Gutulmagyň nedir täri? Lukmanyň destine, däri– Dermana goýmarsyň sen. Zyňyp gamyň ujalyna, Tekge bolup keç ölüme, Nädeýin öz ajalyma, Ölmäne goýmarsyň sen. 34 Sen hasratly seda, gussaly
Salam, gadyrly tagamdaş, duýgudaş, dünýädeş... Seniň bilen tanyşanymdan bäri özümi şol bir deňizde birmeňzeş gämilerde ýüzýän ýaly duýýan. Gözümiň dilinden aňlaýan, gämileriň portlary ýaly wagtal-wagtal durjagym, kalbymdaky dertli ýükümi düşürjegim, gursagymdaky tolkunlar gutarýança garaşjak, köşeşdirjek. Soň bolsa meni açyk deňizlere goýberip, yzyma ýene gaýdyp geljek günüme umyt we höwes bilen