Salam, gadyrly tagamdaş, duýgudaş, dünýädeş...
Seniň bilen tanyşanymdan bäri özümi şol bir deňizde birmeňzeş gämilerde ýüzýän ýaly duýýan.
Gözümiň dilinden aňlaýan, gämileriň portlary ýaly wagtal-wagtal durjagym, kalbymdaky dertli ýükümi düşürjegim, gursagymdaky tolkunlar gutarýança garaşjak, köşeşdirjek. Soň bolsa meni açyk deňizlere goýberip, yzyma ýene gaýdyp geljek günüme umyt we höwes bilen garaşjak, käte-de garaşmagyň ýerine, öňünde şemalam bolsa, maňa tarap ýelkenini açjakdygyna ynanýan duýgudaşym, bu gün seniň bu dünýäniň mylaýym howasyndan dem alýanyňa 31 ýyl bolýar. Men bu gün seniň täze ýaşyň, diňe bu günüň däl, eýsem mundan soňky durmuşyň, ýaşaýşyň üçinem aýdasym gelýän kalbymdaky gözel arzuwlarym, men saňa gije-gündiz daglar ýaly uzynlykda hat ýazsamam, içimdäki saňa bolan minnetdarlyk duýgusyndan ejiz geler. Ýagny, ýüregimdäki sözler beýan edip bilmejegim derejede duýgulardan, arzuwlardan ybarat. Seniň ömür kitabyň mukaddes söýgi, tämiz we arassa duýgulardan ýazylan. Men ol kitaby diňe bir okamak däl, batly ses bilen daşymdan okamak isleýän. Çünki sesimi eşiden üçin yşk bolsun diýip. :)
Aramyzdaky dostlugyň “bir bar eken, bir ýok eken” bolmazlygy üçin içimdäki dostluk agajyny seniň bakjaňa dikmek we şol ýerde miwelemegini isleýän.
Gussa, şatlyk şowhunymy
Paýlaşaryn seniň bilen.
Gadyrly Sapa Hommadow,
Duýgudaş bol meniň bilen! :))
“Söz uçar, ýazgy galar” diýlişi ýaly, meniň ýönekeýje bu setirlerim saňa ýadygär galsyn. Durmuşyňda alyp, lezzetini duýup biljek iň uly sowgadyň süýjülikde, ýagşylykda ýatlanmak bolsun! Her gyşyň bir bahary, her gijäniň bir säheri bolup ýaşa! Goý, durmuş saňa ullakan, soňsuz bagt, wepaly söwer ýar eçilsin! Doglan günüň gutly bolsun!
Ýeri, saňa näme arzuw etsemkäm?!
Bagtdan paýyň bolup dursun hemişe.
Bolmawersin bu durmuşda gussaň kän,
Güler yüzüň gülüp dursun hemişe.
Owadan bolmagam iň uly bagt,
Seň görküňe täsir wagt,
Bir gün ykbalyňa ýar boljak gözel
Çyn söýgiňi bilip dursun hemişe.
Ömre bezeg berjek ýyllar alnyňda,
Beýik-beýik, gowy günler alnyňda,
Gujak-gujak, elwan güller alnyňda
Bolup dursun, bolup dursun hemişe.
“Sen — barlykda gazanan baş ýeňişim.”
Seňem bilşiň ýaly, goşgy ýazmaga ukybym ýok bolany sebäpli barja ukybym, ylhamym şu bendiňe jogap hökmünde aşakdaky setirleri ýazmaga ýetdi. :))
Bu gün görýän bagt uçgunly gözleriň,
Şirin-şeker, bal garylan dilleriň,
Goşgy ýazýan dert görmesin elleriň,
Elmydam şatlykdan gülsün ýüzleriň.
Sen — meniň sözlenmeýän sözlerim!
GUTLAÝAN!
Bilim,
Telwas
tarapyndan
30-03-2023, 03:42