Статьи по выбранной дате

Özüme sowal?

Yigrim dokuz ýyly yaşan ömrümiñ Günasinden artykmyka sogaby? Munyñ jogabyny agtaryp ýörün Öz-özüme gaýtalap bu sowaly? Bilmen,nije göwni bilmezden yykdym Bilib-ä degmedim ejiz ýürege! Ömrüñ sa:llarynda eglendim,y:kdym Meñzemedim bir gayyksyz kürege Ýetimi göremde başyn ogşadym Bilýarin! Kyn onuñ gecmeli yoly. Egnime ýüklermi alyp ýaşadym Şu gün şu dünýäden göçmeli ýaly Nacarlara el galdyran

Durmus

Bilýärin men,ak kagyz däl durmuşym Adam- a biz! Munda her kim günäli! Öwrenmeklik ücin dünýäñ gurluşyn Ýalñyşyñy düzetmegem günämi?! Ýaşaýyşa haýsy gözden bakýañyz Bolduñyz utanman nacara ýagyr Sebäp gözläp ejiz göwni ýykýañyz A bu günädenem agyrdyr agyr. Haýyşym,gözlemäñ hic kesiñ kemin Hoş söz bilen artygyny öwüñ siz. Ak pagta deý bolsa durmuşy kimiñ Gelip göni,meñ garşymda öwünsin! Men-men

SAMSYKLYGAM BOLSA ÝYLGYRDÝA 33

LYGAM BOLSA ÝYLGYRDÝA 33 321. Mugallym okuwçydan soraýar: — Meselem ine Jerenjigiň 50 süýjisi bar. Ol bu gün 35-ni iýdi. Inni näçe galdy? + Inni bir süýji-kesel galdy! 322. Lukmançylyk synagda bir professor talyba sorag berýär: — Nämçün operatsiýa-hirurgy bolmak isleýäň? + Sebäbi adamlary ýigrenýän, a hirurglar bolsa diňe kesýär. 323. Hassa narkozdan açylandan soň, oň ýanyna dogtar gelipdir we: —

***

Saňa şo bir zady gaýtalar ýörerin, Nädip bolar seniň göwnüňe ýarap – pikrin etmerin. Bilýäň-ä, onsuzam işim köp meniň, Men kowýan guşlary günorta tarap. Ýarygije oýanyp, tukat şäheriň Gussasyny ölçeýärin sönmedik çyralaryndan. Gyşa aşyk guşlaň sowukdan gatan jesedini ýygnaýaryn ýodalaň gyralaryndan. Säher ýollaň çyralarny söndürýän, Oýarýan ukusyz awtobuslary Hem çekip bulutlaň şekillerini, Ýüp

Aratapawut

Aratapawut. Diriniň öliden bir tapawudy, Diri heniz bu dünýäde ýaşaýar. Bilinmeýän bolsa ýaşaýanyňam Seniň ölilerden näme parhyň bar? Adamyň haýwandan bir tapawudy Adamda akylly beýni ýerleşýär . Eger şol beýniň hem içi boş bolsa Seniň haýwanlardan näme parhyň bar? Akyllyň akmakdan bir tapawudy Akylly öz etjek işini bilýär . Näme iş edýänňi bilmeýän bolsaň Seniň akmaklardan näme parhyň bar?
3

ŞEM ÝAKJAK

Ýene-de şem ýakjak! Ýatlajak tozana garylan günüm. Seň keşbiňi göz öňüne getirip Aglapdym öňem. Goý, atsyn daňym, Ýene-de şem ýakjak! Çöşläberjek köne günleň ýumagyn, Şol ýumaklaň arasynda ýaňagyň Düwün atan bolsa, dişläp çöşlejek, Düwün bilen garyp göwnüm hoşlajak, Ýene-de şem ýakjak! Men perwana ýaly ýangynda ötjek, Özümem idil däl, wah, senem hötjet. Şemiň ýanyp damýan gözýaşlaryna Aglajak!

???

Iki-üç günden bäri "bazar güni agşam howa minusa düşjekmiş" diýip gürrüň edip ýördüler weli, ugrunda bar öýdýän şol. Şu wagt daşary sowapdyraý. Bäş-alty düýp sortowoý alma bardy weli, sowuk urmaz ýaly näme emel edip bolýa bulara, eger howa birçen minusa ýykylaýsa? Ýa -1,-2 gradus sowuk täsir edenokmy miweli agaja?

Aýralyk

Ýüregimde okalmadyk adyň bar, Aýtjaklarmam kitap ýaly jemlenen. Göreçlerimde ah-u-perýadym bar, Okap bilmez, senden özge çem gelen. Gözleň maňa penjiredi - bu dünýä, Durmuşy, dünýäni gözellik saýdym. Arşa perwaz etdimmikäm bidin ýa?! Müdümi uçjakdym, ýelek deý gaýdym. Ýyllar hoşlaşygy gezer ýatladyp, Synlanymda perwazyny durnalaň. Şonda hiç kim bilmez meni şat edip, Peýdasyz - geçmişe gatnap