Статьи по выбранной дате

Isleneniň agzybir döredijiliginden dörän detektiw "hekaýa"

Islenen productions hödürleýär: Gatnaşanlar: @Khanture @Granger @Massimus @Rigel @Gerçeknazar @Ayralyk_oficial @ýüreksözi @Gauzen @Dowsypat @Jekwarabey @danger @FanB Maksat çylşyrymly geçmişi bolan 17 ýaşly ýetginjekdi. Şäheriň iň gowy mekdepleriniň birinde okasa-da, içindäki syrlary we arzuwlary ony adaty okuwçylardan tapawutlandyrdy. Ejesi bilen kakasy dünýä inen wagty aýrylyşdy we Maksatyň

Ýük

(hekaýa) Oňa öz aýratynyna täze otag berdiler. Otagyň dardygy sebäpli, içinde iş stoly bilen oturgyçdan başga zadyň ýerleşibiljek gümany ýokdy. Dörtburç gutyň içine salnan ýaly ýürekgysgynç duýgudan onuň ünsüni diňe stoluň gapdalyndaky bir ädim ýere ýazylan insizje türkmen halysy sowýardy. Öňünde iň çetki bölegi açylýan, alty sany ownuk penjireden ybarat otag diwary goragda duran sak esger ýaly

Saglyk gerek

Saglyk gerek Saglykdyr sözleriň başy, Ol ýaşaýşyň göwher gaşy, Allam berse ýüzläp ýaşy, Ýaşamaga saglyk gerek. Dert egsilmez derdinenňe, Umyt bardyr her demiňde, Ýazgyt ýükün gerdeniňde, Daşamaga saglyk gerek. Saglyk bolsa bolmaz gussa, Saglyk gadryn biler hassa, Şatlyk paýlap desse-desse, Ýaşlanmaga saglyk gerek. Söýgä besläp ömürleri Çöz aradan düwünleri, Açyp birdem göwünleri, Hoşlamaga saglyk

Goşgy

Meňki bol Gün bolup ýoluňa şöhle saçaýyn, Bagyňa ýakymly yslar seçeýin, Durmuş kynçylygyn bile geçeýin, Ezizim bir ömür meňki bolup gal. Ýyldyz bilen bezäýin men gijäňi, Men bereýin saňa bagt bijäňi, Söýgüm üçin gurban etjek bu jany, Ezizim bir ömür meňki bolup gal. Suwsanyňda ýagyş bolup ýagaýyn, Saýa bolup çynar başym egeýin, Seniň üçin bagt çemenin bogaýyn, Ezizim bir ömür meňki bolup gal. Deň

Sizi meňzetýärin...

Garaz, her biriňiz her temada "bizi aldaýalar, bizden gizleýärler, ynanmaň, ine şeýle bolmagy ahmal....." diýip janygyp ýazýaňyz. Beý diýsem janygamzok diýmegiňiz ahmal. Aslynda size näme diýesim gelýär. Aldanlarynda olara näme peýda, size näme zyýan diýesim gelýär. Ýalňyş öwredipdirleremda, onda-da näme zyýan çekdiňiz. Wah-wah. Howaňyzy kesenoklar, iýjek çöregiňiziň ýoluny kesenoklar,

*****

Özbegistanda 1nji sentýabrdan başlap 10-11 synplar okajak derslerini özleri saýlap bilýän boldy. Şu usul has önjeýli bolaýjak ýaly meň pikirimçe-de. Ýokary okuwa taýýarlanmaly ýaşa ýetip golaýlan okuwçylaryň özleriniň saýlap alan ugry boýunça okap, beýleki özlerine "peýdasyz" hasaplan derslerinden "dynmagy" gaty dogry zat ýaly

Adam ömüri nämä sarp bolmaly

Adam ömüri gaty gysga. Bu ömür örän tiz geçýär. Hiç zat bolman ömüri ahyrlanyňda 80-90-a barmagyň mümkin. Ýogsa awaria düşüp, keselbent bolup, durmuşda degerli hiç zat etmän ölüp ýörenler hem az däl. Indi şujagaz gysga ömüri nähili geçirmeli, bu ömüri nämä sarp etmeli diýilýän sorag aňy-huşy ýerinde bolan adamyň öňünde keserip diýýär. Dogrydanam, ömüriňi nämä sarp etjegiňiz barada oýlanyp

Biraz bolsa-da ýylgyrtýar

Salam dostlar,sizi biraz bolsa-da ýylgyrtjak suratlar paýlaşdym . Meniň bu suratlary paýlaşmak üçin wagtymam ýok . Diňe bu suratlary däl başga zatlarada wagtym ýok.Wagt bar wagty internet ýok, internet bar wagty ýok.Garaz şeýleräk men bu suratlary wagtym bar wagty bejerip goýdum . Internet bar wagty paýlaşaryn diýip.Şeýle suratlaryň ýene gelmegini isleseňiz teswir galdyryň