Статьи по выбранной дате

"AŞYK ÝIGDIŇ ÝARYNA ÝAZAN HATY"

"Ýollar aýra salýar ýar bilen ýary" Gurbannazar Ezizow Gülüm aramyzda menziller ýatyr, Sen öýüňde, a men başga şäherde. Ýüreklermiz aýryp bilmez menziller, Söýgümiz gül açar şamu-säherde. Seniň gara gözleriňi ýatladym, Bakyşlaň ýylysy ýüregme ýeter. Şamar deýin saçlaň gijäň tümlügi, Güler ýüziň dolan aýa bäs eder. Ýatladym näzijek gülküleriňi, Şol gülküler meniň janyma melhem. Meniň

Kakabaý Ylýasowdan setirler...

Meniň hyýalymda, oýlansam haçan, Göýä bir damja sen bulutdan gaçan. Ana, onsoň göwnüm gorkydan doly, Gaýyp bolarmyň diýp daň çygy ýaly. Şöhlelerden gözüň-başyň aýlaýan, Seni goramagyň tärin oýlaýan. Köňlüm içre bol sen, meň nurly aýym, Ýürek jümmüşimde gizledim gaýym. Gün şöhlesi eklär durmuş çeşmesin, Saňa howp salýaka, solam düşmesin:) Kakabaý Ylýasow.

Geliň tanyşalyň?! Madmuazel ssaparaý bilen...

Salam, islenen city. Onuň mestnylary we kwartirantlary! Sag-salamatmysyňyz! Bu gün saýtymyzyň iň meşhur agzalarynyň biri, özüne mahsus kreatiw pikirlenişi bilen tapawutlanýan, alçak, agras, şahyr agzasy, madmuazel ssaparaý bilen wirtual tanyşlyk gurnamaga synanyşarys. Islemeýän soraglaryna jogap bermezlik mümkinçiligi bilen, elbetde. 1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa). 2.

"GAHAR, SAGAT, GÖWÜN"

Düşünşmezlik boldy bir tanşym bilen, Ola maňa diýibildi diýjegin, A men bolsa göwne degmejek boldum, Ýogsama meniňem belli diýjegim. Öýe geldim gahar gazapdan çişip, Beýnimem bulanyk, göýäki palçyk. Ýeri sagadyňky näme diýsene, Olam bizar etdi ýöne jyk jyk jyk. Diýmeli ýerinde diýmänim üçin, Özümi ýazgardym, özüme söwdüm. Ahyr gaharyma bäs gelip bilmän, Şol jykgyldap duran sagady döwdüm. Soň

William wint holman

Öňem bir suratkeş ýaşap geçipdir Täsin pelsepäniň üstün açypdyr Suratyn tamamlap sergä goýupdyr Hemme oňa baha bersin diýipdir Suratda ylymhon ajap bir dana Garaňky gijede çykyp meýdana Bagyň içi panus bolsa elinde Süýji sözler doga dileg dilinde Täsin bir gapyny durdy ol kakyp Bahada berdiler surata bakyp Suratyňa söz ýok William Wint Holman Ýöne ýeke zada düşünip bilmen Danaň bu gapyny duramla

Razy diýäý gülüm söýýän diýsene

Atyrgül ysyny giň dünýä seçmiş, Jady gözleň kalbyň işigin açmyş, Ýürek bir sözüňe intizar geçmiş, Razy diýäý gülüm söýýän diýsene! Garamyk gözleňden ýyldyzlar öper, Aşyklar yşgyňda dyzyny eper, Bir bakyp kalbyma ýetirdiň zeper, Razy diýäý gülüm söýýän diýsene! Nije ýyl yzyňda boldumla saýyl, Aý deý jemalyňa eýlediň maýyl, Sen näme diýseňem men şoňa kaýyl, Razy diýäý gülüm söýýän diýsene! Söýgümi