Salam, islenen city. Onuň mestnylary we kwartirantlary! Sag-salamatmysyňyz!
Bu gün saýtymyzyň iň meşhur agzalarynyň biri, özüne mahsus kreatiw pikirlenişi bilen tapawutlanýan, alçak, agras, şahyr agzasy, madmuazel ssaparaý bilen wirtual tanyşlyk gurnamaga synanyşarys.
Islemeýän soraglaryna jogap bermezlik mümkinçiligi bilen, elbetde.
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa).
2. Käbir agzalaryň pikirine görä, bagtly, üstünlikli adamlar wirtual saýta gelenoklarmyş, bärde diňe durmuşy manysyz, ýaşaýşy gyzyksyz adamlar barmyş. Olaryň bu pikiriniň ýalňyşdygy barada nämeler aýdyp biljek?
3. Kino gören wagtyňyz aglap gördüňizmi? (Hökman möňňürip aglamak däl, gözüňize ýaş aýlanyp biler).
4. Saýtdaky haýsy agzany taýaklap urmak isleýäňiz? (Elbetde, beýdäýmäň, ýigrenýän adamlaryňyza aýtjak, goýjak zadyňyz).
5. Eşidişime görä Siz ylham gelmegi üçin "goşa çynar" içýän ekeniňiz, bize näme maslahat berýäňiz?
6. Şahsy durmuşyňyz barada gürrüň beräýiň.
7. Siziň ýazgylaryňyzda Şabat kanalyna köp duş gelmek bolýar. (Söýgüliňizi gahar edip Şabada okladyňyzmy ýa şo kanal bilen bagly başga ýatlamalar barmy)?
8. Maşyn sürüp bilýäňizmi? Kakaň ýa agaň maşynyny alyp gaçyp sürüp gördüňmi?
9. Kellämden ary çakdy, kömek ediň, ýanymdaky skameýkada iki sanysy söýüşip otyr, näme etsemkäm, maslahat beriň, özümi öldüresim gelýär, ýöne muny nädip agyrysyz edip bolar, pikirleriňizi aýdaýyň, goňşudan ogurlan kartym bankomada gaçdy, nädip goňşa aýtman şony alyp bolar, kömek edäýiň diýýän agzalara Siz kömek etmeýämişiňiz, heý, eýlede bir beýle bormy, hany ynsabyňyz????
10. 23-nji fewralda beren iň gymmat sowgadyňyz?
11. Ejeňiziň erkek doganynyň ýekeje ýegeniniň kakasynyň gaýyn enesiniň adamsynyň ýekeje gyzy Siziň nämäňiz bolýar?
12. Maýkl Jeksony halaýanyňyzy aýdypdyňyz. Şabadyň boýunda şu wagt "lunnyý pahodka" tans edip ýören gyz Sizmi?
13. Iň uly arzuwyňyz?
14. Goý Siziň janyňyz sag, başyňyz dik, durmuş ýoluňyzam rowan, aýdyň, şowlulyklardan doly bolsun! Siziň ylhamyňyz elmydama Daşoguzyň ýol gurluşygy ýaly bolsun, hiç gutarmasyn!
15. Agzalar sizem özüňizi gyzyklandyrýan soraglary sorap bilersiňiz, sag boluň!

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Massimus tarapyndan 13-09-2023, 14:02

  • Khanture Khanture off № 1 13 сентября 2023 15:20
    Maýkl Jeksony halaýanyňyzy aýdypdyňyz. Şabadyň boýunda şu wagt "lunnyý pahodka" tans edip ýören gyz Sizmi?

    ?
    Jogap
  • ssaparay ssaparay off № 2 13 сентября 2023 17:05
    1. Aýsapar Emelowa. 1993-nji ýyl. Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndan. (Özüm barada gysgaça)
    2. Käbir agzalar şeýle diýýän bolsa, onda olam şol durmuşy manysyzlaryň biri bolmagy ahmal.
    Her kim öz garşy bilen ölçeýär.
    3. Hawa, özem ýakynda. " 7. koğuşdaki mucize" filmini görenimde gözüme ýaş geldi.
    4. Hiç kimi. Men uruş-sögüşe garşy :)
    5. Goşa çynar öndürilip başlaly bäri içip gören zadym däl. İşdeşim ýanymda içip oturka ysynam halamandym şol içgiň.
    6. Şahsy durmuşymda adamlary gyzyklandyrjak zatlar ýok. Il hatary ýaşap ýörüs.
    7. Şabat bilen bagly köp zat ýazanym ýadyma düşenok. "Men-menik" hekaýamda bardy. Bolany. Hiç hili ýatlamam ýok.
    8. Häzir-ä başaramok. Ýöne geljekdäki arzuwlarymyň sanawynda bar şolam.
    9. Ynsapsyzda men. :)
    10. Sowgat beremok.
    11. Ejem :)
    12. Maýkl Jeksonyň döredijiligine hormatym çäksiz. Tansyny başaramok.
    13. Dünýäde iň mähriban eje bolmak. :)
    14. Şeýle mowzuk açyljagy barada pikir edýärdim welin, soraglar beýle bolar öýtmändim. Ýene-de minnetdar Massimus.
    Jogap
  • ssaparay ssaparay off № 3 13 сентября 2023 17:12
    Khanture,
    Şuň-a menem sesli güldim ?
    Jogap
  • DonMaxx DonMaxx off № 4 13 сентября 2023 17:29
    2. Käbir agzalaryň pikirine görä, bagtly, üstünlikli adamlar wirtual saýta gelenoklarmyş, bärde diňe durmuşy manysyz, ýaşaýşy gyzyksyz adamlar barmyş.

    ayfonda vpn islanok imo islanok son ucin gelyan mena erkek yaly ))?
    Jogap
  • Anil Kapur Anil Kapur off № 5 13 сентября 2023 17:34
    toy etsen meni chagyrjakmy?
    Jogap
  • Anil Kapur Anil Kapur off № 6 13 сентября 2023 17:36
    Massimus manada shahsy hat yazypdynyz gepleshik hakynda. Ishlem azaldy gecirip bileris. Yone gecirjek wagtyn nomerime sms yazayyn biler yaly kan giremok barik
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 7 13 сентября 2023 17:41
    ssaparay,
    3. Hawa, özem ýakynda. " 7. koğuşdaki mucize" filmini görenimde gözüme ýaş geldi.

    Täsirli film menem gözlerim ýaşardy şunda
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 8 13 сентября 2023 17:56
    Haçan toý? :)
    Jogap
  • ssaparay ssaparay off № 9 13 сентября 2023 18:00
    Anil Kapur,
    Men çagyraryn welin sen ženkaňdan rugsat alyp bilermikäň?! ?
    Jogap
  • ssaparay ssaparay off № 10 13 сентября 2023 18:00
    Pegas,
    Ertir ?
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 11 13 сентября 2023 18:08
    ssaparay
    Pegas,
    Ertir ?

    Çynym bilen soradym.
    Jogap
  • ssaparay ssaparay off № 12 13 сентября 2023 18:13
    Pegas, Bardyr bir nesibeli gün. :)
    Jogap
  • Garlawaç Garlawaç off № 13 13 сентября 2023 18:19
    Ajaýyp ýazýaňyz, zametkamda siziň goşgularňyz ýerleşen ýörite katalog bar))
    Jogap
  • ssaparay ssaparay off № 14 13 сентября 2023 18:45
    Garlawaç,
    Sagboluň :)
    Jogap
  • nurmuhammet nurmuhammet off № 15 13 сентября 2023 19:07
    Menem bir sorag beresim gelyar yone name sorajagamy bilemok suwagt?
    Jogap
  • backsp backsp off № 16 13 сентября 2023 19:46
    name ucin adyna Aysapar dakylan
    Jogap
  • ssaparay ssaparay off № 17 13 сентября 2023 20:13
    backsp,
    Sapar aýynda dogulanym üçin.
    Ilki Jahan goýjak bolupdyrlar. Aradan çykan gyz doganymyň ady. Ony enem yrym edip goýdurmandyr. Ejemiň gazak gelnejesi bar. (Şu wagtam bar, Nurfan daýza.) Şol aýdypdyr "Häzir Sapar aýy, Aýsapar goýuň" diýip. Ýöne Aýsapar adymy diňe atam pahyr tutýady. Atam aradan çykansoň doly adymy tutýan ýok. :)
    Jogap
  • Yonekey Yonekey off № 18 13 сентября 2023 20:35
    ssaparay
    backsp,
    Ýöne Aýsapar adymy diňe atam pahyr tutýady. Atam aradan çykansoň doly adymy tutýan ýok. :)

    Onda bu wagt näme diýip tutýalar adyňyzy
    Jogap
  • ssaparay ssaparay off № 19 13 сентября 2023 20:42
    Yonekey,
    "Öýde, dogan-garyndaşlardan doly adymy tutýan ýok" diýjek boldum. Gysgaldyp "Aýa, Aýka" diyip tutýalar.
    Jogap
  • kwadrat kelle kwadrat kelle off № 20 13 сентября 2023 21:26
    Китапчыда гошгыларнызы окаярдык. Бу гунлер о ерде горунмейарсинизле?
    Jogap
  • ssaparay ssaparay off № 21 13 сентября 2023 22:26
    kwadrat kelle, Ýok girýán käte. Özüme gerekli zatlary okap çykýan ýene. Goşgy ýazamok. Ýazsam goýaryn.
    Jogap
  • FanB FanB off № 22 13 сентября 2023 22:30
    @ssaparay
    Şahyra zenan (türkmençe ženski roda geçirilişi) diýen sözi dogry hasaplaýañyzmy. Meselem rusça on-ona, peves-pevisa, uçitel-uçitelnisa, hudožnik-hudožnisa ýaly bizdede mugallym-mugallyma şahyr-şahyra diýlip zenany añlatmak üçin goşulýan goşulma biziň dilimizde dogrymy?
    Jogap
  • ssaparay ssaparay off № 23 13 сентября 2023 22:38
    FanB,
    Men dilçi däl. Şonuň üçinem "Bu dogry, bu nädogry" diýmek islämok. Ýöne öz pikirimi aýtsam "Şahyra, mugallyma" sözleri owadan eşidilýär. "Şol sözleri özüň ulanýaňmy?" diýjek bolsaňyz, men ulanamok. Özüme "Şahyr, şahyra" diýip ýüzlenselerem halamok.
    Jogap
  • Yusupahmet77 Yusupahmet77 off № 24 14 сентября 2023 09:30
    Aysapar, seniñ ak goshga, yagny erkin mazmunly goshga garayshyñ nahili.
    Jogap
  • Sypayy Sypayy off № 25 9 октября 2023 13:00
    Salam dost.Men hakymda mowzuk acmang gayrat edingde.
    Youtubeli mesela gezek gelsek .VPN gerek bolsa mening komegim deger.Youtubeda asjak bolyan bolsanyz.YouTube hemme girip bilmeza.Men girerin siz we basgada bir-iki adamdan kop girmez.vpn meselesi sebapli
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler