Salamaleykum Abaddon aga men shu sayda mundan 2 yyl on Men sho atly nikde giryadim. Gulluga gaydamson shon acharsozini yatdan cykardym welin indi shondan girip bolmazmyka?!
Berilen ygrarda wepaňda durup, Geljek ýollaryňa boýnuňy burup, Ýalňyzlykda arzuw hyýallar gurup, Iki ýyl garaşmak ýeňil däl ýigit! Maňa garap dursa ajaýyp bakyş, Onsoň hiç bir zady görmerin ýokuş, Az müddetem däl ol iki bahar gyş, Iki ýyl garaşmak ýeňil däl ýigit! Jaň ederňe şol garaşyp intizar, Bir özüm oturyp çekerin azar, Ýekelikden belki Hudaýam bizar, Iki ýyl garaşmak ýeňil däl ýigit! Sessiz
Merdan dünýäme girişi kimin duýdansyz gitdi mesgenimden öz mesgenine tarap. Özi üçin urýan ýüregiñ dad-u-perýatlaryny eşitmedimi? Ýa eşitse-de biperwaý garadymy? Sowallar...Sowallar. Olardan halas bolmagy umyt edip, süýji ýatlamalaryñ gaçybatalgasyna siñip gidýärdim. Merdan bilen geçen günlerimiziñ lezzetini ýañadan duýmak üçin hyýalda şol günlere dolanýardym. Meniñ otuz alty ýaşymda, onuñ kyrk
Salam, Kaka! Ýatyrmyň gara ýere garylyp? Bagyşla meni, kaka, seniň ýanyňa gatnamamy azaldanym üçin. Topragyň astynda seniň ýatanyň üçin ädimlerimi gatyrak basmakdan hem çekinýän, kaka! Göwnüme sen menden ynjaýjak ýaly bolup duýulýar. Käşge, käşge men seni ynjytman bilen bolsadym. Arman... Ýadadym, kaka! Maňa bir zatlar-a bolýar, özüme özüm düşünip bilemok, düşünesimem gelenok! Içimi gemirip
Bankomatyñ içinde kartyñyz galan bolsa siz ony çykaryp bilmeyan bolsañyz okañ!!! Kartyñyzy Bankomat yzyna çykarmayan bolsa ýörüte öz barlap gören usulym bar. Bankomatyñ "Отмена" (knopkasyny) duwmesini basyp saklañ we 3-5 minut eliñizi ayyrman saklañ. Bankomatdan her hili şygyrdy sesler çykar bankomadyñ içinde tupan turar siz oñ sesine üns bermañ duwmañizi göybermän basyp saklañ.
Men seni hiç, unutmaryn öýdüpdim, Aslynda unutmak kyn dälem eken. Seniň üçin gör, näçe wagt köýüpdirn, Wagt hemmesini bejerýän eken. Baglar unudypdyr ýapragyn güýzde, Ýollar unudypdyr geçen öwrümin. Kä-te asla undulmajak zatlaram, Wagt geçse kiçeldipdir göwrümin. Unutdym men undylmajak zatlary, Agladym-eňredim unudyp bilmän. Göwnüm degilen sözlere berlip, Süýjisiniñ kalby diljegni bilmän... Wagty
Es Salamu Aleýkum! Hormatly Gadyrdan hem Mähriban Islenen citynyñ söýülýän zenanlary we goç ýigit gerçekleri. :) Garaz, okuwçylar okuwa başlady uly kiçi magazinima gelýäler, we birgün 3-4 sany çagajyk magazinimda zat aljak bolup durdy(özlerem ulylaryň gepleýşi ýaly gepleýişleri)). -Hä ýok gymmat eken -Gülzarda arzan Elinde 1 manady bar welin her birzady aýratynlygyna bahalatýarlar). Şo wagt ýaşy
Az däldirle dert çekenlem, Daş çykdy gül diýp ekenlem, Durmuş juda kyn ekenle, Aýagyň eliň bolmasa. Görenlermi düýşdir öýtjek, Ýazgydyňdan gaçyp nätjek, Aýt derdiňi kime aýtjak, Gepläre diliň bolmasa. Käte geň görüp bakyşar, Gussa üstüňe çöküşer, Hasratyňy kim çekişer, Gaýratly biliň bolmasa. Gussalardan şatlyk ýasap, Gidip barýaryn alňasap, Görenoklar adam hasap, Jübüňde puluň bolmasa. Ölüm sen
Akyl, Söýgi Gaýgy ýenede Bagt, Bir ada:da ýaşapdyrlar bir wagt. Derýanyň içinde joşanda suwlar, Puç boldy edilen ajap arzuwlar. Ählijesi şolbat kän oýa batyp, Gark bolmajak bolup şaýyny tutup. Akyl,Gaýgy,Bagt jemlenip birden, Hereketin eden üçsi üç ýerden. Söýgi darykmandyr kän garaşypdyr. Umyt bile birdem ol göreşipdir. Ahyr gark bolmakdan edip ätiýaç, Halas bolmak üçin gözläpdir alaç. Adany suw
“Maňa bulgur beriň! Şerap äberiň!” Sapa Hommadow Pikirlerim goturlana döndi-le, Göýäki degen deý oňa heýwere. Şypa bolar ýaly, rahatlyk bile, Maňa meý beriň! Gerek bolsa, alyň elden galamym, Ýa pikirlem öz erkine goýberiň! Barybir aýdaryn kalba gelenin, Maňa meý beriň! Ýarylmanka arzuwlarmyň bekedi, Böwet bolmaň, arzuwlarma iberiň! Içeýin, ganaýyn, agzym kepedi, Hem goýberen hatalarmy unutjak!