Es Salamu Aleýkum! Hormatly Gadyrdan hem Mähriban Islenen citynyñ söýülýän zenanlary we goç ýigit gerçekleri. :)
Garaz, okuwçylar okuwa başlady uly kiçi magazinima gelýäler, we birgün 3-4 sany çagajyk magazinimda zat aljak bolup durdy(özlerem ulylaryň gepleýşi ýaly gepleýişleri)).
-Hä ýok gymmat eken
-Gülzarda arzan
Elinde 1 manady bar welin her birzady aýratynlygyna bahalatýarlar).
Şo wagt ýaşy ulyrak aýal geldi:
—"Es Salamu Aleýkum! Çagalar hany mugallymymyňyz Salam öwretmedimi size?
Ulylara Salam bermeli diýmedimi?"- diýdi. Soň bu barada biraz gyzyklandym. Dogrydanam magazinima gelýän çagalaň köp bölegi Salam berenak. Ulylar gapydan çykyp barýan bolsada ýol bereýin diýmeýäler. Bu esasan 5nji klasdan aşaky çagalaryň gaýtalaýan hereketi.
Internetde biraz gezip etdim. Salam Allanyň ady diýýäs, şeýle diýibem eşitýäs.
"EsSelamuAleýkum we Rahmetullahu we Berektullahu!" (Allanyň gowlygy seň üstçňe bolsun ýa-da Allanyň ady bilen saňa Salam bolsun).

Bir wagyzda:
"Salam berende adam garşysyndaky adama Allanyň ady bilen dilegini ýetirýär. Gündelik durmuşda 
'Selaminälik, salowwa, salamlar' diýip gürlenýä bu ýalňyş hereket. Sen Salamyň sözlerini üýtgetdiňmi bu eýýäm dilegiň manysynam üýtgetdigiň bolýa." Diýdi. Pikirlenip otyrsak bu dogry.
Soň men bir tejribe geçirmek isledim. Magazina gelen uly kiçi, erkek aýal her bir ynsana EsSelamu Aleýkum diýip salam berip başladym. Adamlaryň nähili hereket etjegini bilmek isledim.
Bu sözümi eşdip salamymy gowy alanam boldy, menden biriki ýaş kiçi gyzlar towlanşyp salam almadyk boldy. Ulylara ulymyş ýöne esasy mekdep okuwçylary salamymy almaýalar. Salam diýibem yzyna jogap bermeýaler. Bu meni gynandyrdy. Bize Salamy ilki ene atamyz soň bolsa mekdepde mugallymlarymyz öwredipdi. Klasa kim girse ýerimizden turup salam diýip gygyrýadyk. Kalidorda mugallym gorsek salamlaşan bolsagam, ýene Salam berip geçerdik. Mugallymyň oglyna salam berdim arada güldi maňa seredip, bir puhararak biriniň çagaçygy bar hergün daşary süpürýärkäm okuwa gidýä, şuýyl bardy okuwa, mekdebe gatnap ýörenine 8 gün boldy, "Salamuelýkum ejeke" diýip geçýe Tüweleme mä ŞaAllah!
Çagalaryn bu ýagdaýyna mugallymlaryň seretmegi dogrymyka diýýän. Klasda ýüpsüz daňylyp otyrýan okuwçylara näme öwretmän bolar?
Ýaş nesillerimize gowy terbiýe bermeli.

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, garaburc tarapyndan 14-09-2023, 12:26

  • kwadrat kelle kwadrat kelle off № 1 14 сентября 2023 12:38
    Салам бермани овретселер айбы ек. Эмма чем гелен ерде эллешип саламлашмагын зерурлыгы ек. Шонам пугта овретмели чагалара. Арада бир ушмеленде кичирак чага отуранлар бн эллешип чыкжак болуп гапдалракда дуран чайлы чайнеги дундерип гойберди будурап. Г.. тум дагы бишди..Намане герек юмрук ялы халына чаршаклашып чыкмак?obaly
    Jogap
  • Sabyrly Sabyrly off № 2 14 сентября 2023 13:08
    Salam ýetirilýär ýakyna ýada,
    Salam Pygamberde doga hem kada,
    Salam sözi eýe keramat jada,
    Ol bizi dost ýara ýakyn edýändir.

    Gursaga guýulsa Taňrydan salam,
    Ilki salam berer dil biten balaň,
    Mähriň medetkäri ýaradan Allam,
    Salam ýüregiňi ýalkym edýändir.

    Herkime duşaňda salamsyz ötme,
    Özüňe hormat ol sylagsyz ötme,
    Ýokdur bu salamyň düýbüne ýetme,
    Dünýä mähir çaýyp ýalkym etýändir.

    Ertekide şire salam berilýär,
    Ötenlere pire salam berilýär,
    Rysgal çeşme ýere salam berilýär,
    Salam ykbalyňy galkym etýändir.

    Sapargeldi Gummanow
    Jogap
  • Hemedany Hemedany off № 3 14 сентября 2023 15:04
    Esselämu aleýkum.
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 4 14 сентября 2023 15:46
    kwadrat kelle,
    Howwa, kop çaga şonýalak bolýa, menem gawat gelfim şolarýalaklara :))
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 5 14 сентября 2023 15:48
    Goşgyňa sagbolSabyrly,
    Sen niki hergezek okamda täze aýyň sabyrly şekelady ýadyma düşýä :)
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 6 14 сентября 2023 15:50
    We Aleýkum EsSalam gowmyňHemedany,?
    Barmyňgy?
    Iş güýç gowmy?
    Üzümler nätdi dyndymy
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 7 14 сентября 2023 15:50
    Bu ne?Talypp,
    Jogap
  • Talypp Talypp off № 8 14 сентября 2023 16:50
    garaburc,
    Gir şol ssylka. Kopýa etde brozerde gir
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 9 14 сентября 2023 17:02
    Talypp,
    Saýtmy ol
    Jogap
  • Hemedany Hemedany off № 10 14 сентября 2023 18:28
    garaburc,
    Elhamdulilläh gowy. Üzümi dyndym we başga üzümlere pygamber söwdasyna başladym.
    Jogap
  • danger danger off № 11 14 сентября 2023 20:01
    Menem bir zat belläp geçeýin. Meselem köplenç märeke oturan bolsa taze gelen kişi ,,Essalowmaleykimler" diyip salam berya. Oturan bir adam bolsun ýüz adam bolsun Salamyñ yzyna ,,ler" goşmaly dal
    Jogap
  • Talypp Talypp off № 12 14 сентября 2023 20:31
    Sayt dal. Nirvana baradaky faktlar
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 13 14 сентября 2023 21:09
    Hemedany,
    Pygamber sowdasy nàhili bolya ol?
    Jogap
  • Hemedany Hemedany off № 15 14 сентября 2023 22:32
    garaburc,
    Mysal üçin seň 5 gektar üzümiň bar. Menem alyjy, barýan-da seň üzümiňi synlap hasylyna baha kesýän. Meselem 5 gektardan 50 ton çykar diýip çaklaýan we bahany 200 müň manat diýýän men. Sen bolsa 250 müň diýýäň, ýene menem 245 müň, şeýdip alyjy bilen satyjyň arasynda çekeleşik başlaýa. Ahyram sen 230 diýäň men bolsa 225 etseň tutuş kartany bronlajak diýän. Ana şeýdip iki tarabam razy bolandan soň, men pulyny berýän. Eýesem öýünde arkaýyn pulyny sanap ýatýa, üzüm bilen işi ýok inniki ýyla çenli. Diňe ýygmaly bolanda maňa ýygyp berýä.
    Jogap
  • Garlawaç Garlawaç off № 16 14 сентября 2023 22:41
    Salam süýji burç:)
    Jogap
  • DonMaxx DonMaxx off № 17 15 сентября 2023 00:04
    [i][/i]Sagatjyk,

    Talypp,

    erkekler ownapdyr gezmeli ketenili
    #sykedali
    Jogap
  • Bole Bole off № 18 15 сентября 2023 10:12
    https://drive.google.com/drive/folders/1t8GoFrbxhNNyxj8PjQ3WGzfZeH1VTWbG

    Moderator @Telwas (öňki Nirvana barada faktlar

    Dusunmeseňiz johndaviesineuropa@gmail.com pocta yazayyn
    Jogap
  • ýüreksözi ýüreksözi off № 19 15 сентября 2023 10:46
    Bizede salam a harpdan on owredilen zatdy mekdepde onimizden bur gunde 10 15 gezek gorenem bolsak yene so mollyma salam beryas bir gun dagy bir mollymyn denindem gecip baryakam yanybir salamlassak boldym welin mollym salam salam pylanyyewa diyaydi?
    Jogap
  • kwadrat kelle kwadrat kelle off № 20 15 сентября 2023 11:44
    Hemedany,
    Хемедани, бу диййанин Деллал совдасы боляр.ПЫГАММЕР СОВДАСЫ ХАКЫНДА бизеха башгача душундирипдилер.. Меселем узумин бахасы 5 ман. 5 манатдан алжак бар, ягдайы песлер бар. Пыгаммер онсон шо узуми ымматынын хал ягдайына гора озуче сатыпды р Екардакы 1 манатлы чагажыклар габат гелседе дамак болар ялы этмандир. Шол 1 магадада 5 манадынкы ялы мукдарда берип гойберипдир. Умуман, Пыгаммер Совдасынын максады озуме пейда болсун далде ымматыма пейда болсун диен идея югрулыпдыр.
    Jogap
  • Hemedany Hemedany off № 21 15 сентября 2023 11:53
    kwadrat kelle,
    Bizdä şeýle söwda edene pygamber söwdasyny edipdir diýýäler. Dellal söwdasy diýäniňem bir çetinden barýa pikirlenip otursaň. Ýöne hemme ýeriňem horazy deň gygyrýa.
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 22 15 сентября 2023 12:16
    Hazir kop zatda edilmeli zat edilmeyar.Ozlerice kop pul tapjak diyip bir zatlar oylap edip yorler.Son ucinem bereket goterildi.
    Jogap
  • danger danger off № 23 15 сентября 2023 12:30
    Dellal söwdasy by aradurar yada araçynyñ üsti bn edilen söwda aýdylýa...
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 24 15 сентября 2023 15:08
    Bir yyllyk girdeyji 225 mun manat dagy bolsa gowy eken ol.

    3000 manat aylyk bilen ortaca yyllyk girdeyji 35-40 mun manat bolyan eken.

    200 mun manat yygnamak ucin aylykcy takmynan 8-9 yyl islemeli.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler