Статьи по выбранной дате

SOŇKY WAGTLAR...

Soňky wagtlar solan güller hoşuma gidýar. Belki şonuň üçindir içimdäki kebelejiklerimiňem meni terk edeni. Içim daşymdan yza galyp barýar öýdýän. Wagt täsir etmeýän ýaly. Daşyma bahar gelse-de içimde güýz. Henizem bahara garaşyp oturşym. Ýapynjamam maňa ýylylyk berenok. Sözlerem ýigrenip başladym, olaram maňa päsgel berýär soňky wagt. Seslerden ýadadym. Sessizlige tarap ýöräsim gelýar... Hiçkim

Gyzlar size nähili oglanlar ýaraýar geliň mowzuga #Perhadik

Her bir gyzyň "Hakyky oglan" diýeni elbetde görmegeý bolmagyny isleýär. Birine uzyndan daýawy, gönimelden gödegi, kimsine ýumşakdan ýuwaşy, a kimsine "püsökkül" oglan, ýagny owadan gürleýäni ýaraýar. Ýöne her bir "meňki" diýen oglanynyň içki dünýäsi uly rol oýnaýar. Geliň 10 sany punkt barada durup geçeliň.(gyzlar, siz üçin, siziň çala eşidip çatma ýykmazlygyňyz üçin

Salam

Salam saýtyň hormatly agzalary men bu saýta täze geldim.Men ilki bilen özüm bilen tanyşdyraýyn Adym: Esmira ýyl:2000 ýaşaýan ýerim:Mary welaýat Mary şäheri. Saýtyň hormatly agzalary siz meni araňyza goşarsyňyz diýip uyt edýärin.Sizem gaýrat edip özüňiz bilen tanyş edäýiň.

"...DURMUŞA SÖÝGI"

Adamzat bu dünýä döräli bäri, Bir tarapy şatlyk, birinde gaýgy. Şeýdip ony bu günlere ýetirdi, Beýik ýaşaýyşa, durmuşa söýgi. Adamzat özgerdi, adamzat ösdi, Gözledi özüne beýikden beýgi. Ýöne hasam beýiklere göterdi, Beýik ýaşaýyşa, durmuşa söýgi. Kän söweşler bolup, köp gan dökülip, Ýürek paralady ýamanlyk tygy. Ýene ýaralarna derman bolupdy, Beýik ýaşaýyşa, durmuşa söýgi. Adam bar ýerinde

Bir güni

Ýüregim sensiz ot elek, Eden işim bolýar telek, Meniň ýüzüme şum pelek, Gülersiň özä bir güni. Keşbiň çekdi garaçygym, Özüm bilen göreşenim, Umyt baglap garaşanym, Gelersiň belki bir güni. Ýaşa baglap gara gözüm, Hijranlara urdum özüm, Eý söwdügim söýgi sözüm, Alarsyň özä bir güni. Söýgiň meni etdi merdem, Aýrylmarsyň hyýal serden, Gije gündiz çeken derdim, Bilersiň özä bir güni. Aşyk arzuwyňda

Açyk dursyn penjiräň

Açyk dursun, Açyk dursun gapyňyz, Size tarap barýandyryn elmydam. Italmaz Nuryýew Açyk dursyn açyk dursyn penjiräň, Ýanyňa ýeterin menziller aşyp. Gara gözleriňe bakyp eljiräp, Ýenede diýerin men saňa aşyk. Ir säherden gözüň açan badyňa, Şemal bolup penjiräňden girerin. Ajap pursatlary salyp ýadyňa, Şar garaja saçlaryňy örerin. A soňrada güneş bolup öýňüze, Taýsyz nurum bilen şöhle saçaryn.

Maýsa #Hekaýa #Doga-Jady #Molla

Maýsa ýokary okuw jaýyny tamamlap işe başlapdy. Ol entek ýaşdy, bary-ýogy 22 ýaşyndady. Maýsaň işe giren ýerinde diňe ýaş oglanlar işleýärdi. Ýaş, ýöne ählisi bir eýýäm öýlenendi. Ol ýerde soňky 20 ýyl bäri ýekejede aýal maşgala görünmändi. Oglanlaryň ünsiniň barsy diňe Maýsaňkydy, dogrusy oglanlar hem öz aralarynda gyzyň peýda bolmagyna begendiler. Maýsa daş töweregindäki oglanlar barada