Her bir gyzyň "Hakyky oglan" diýeni elbetde görmegeý bolmagyny isleýär. Birine uzyndan daýawy, gönimelden gödegi, kimsine ýumşakdan ýuwaşy, a kimsine "püsökkül" oglan, ýagny owadan gürleýäni ýaraýar. Ýöne her bir "meňki" diýen oglanynyň içki dünýäsi uly rol oýnaýar. Geliň 10 sany punkt barada durup geçeliň.(gyzlar, siz üçin, siziň çala eşidip çatma ýykmazlygyňyz üçin derläp otyryn şuwagt :-))
1. ★ ALADAÇYL Ýagny, ilki bilen sizi ýatlap dursa, bir ýere gitseňiz idäp dursa, ýaramanyňyzda üns "gujagyna" salsa. Bir tarapdan Kakaňyz ýaly "gyzym-gyzym" diýip ýörse.
2. ★ WEPALY Elbetde, gyt duýgy :-) Seni hiç ýerde ýeke goýmajagy bolsun. Bolmasa, bilýäňizä, "waýmeýt, menden gizlin joramy yrypmyş eýleň -beýleň)".
3. ★ BILIMLI Mydama özüňizem şu oglanyň yzyndan ýetjek bolup progress edip bilersiňiz we bu oglan eklemekde kösenmez ýada maslahat bermekde uly kömek bolar.
4. ★ JOGAPKÄRLI Mužik skazal-mužik sdelal. Bu düşinjeli oglanlar mydama boýnuna alan zadyny bitirer.
5. ★ GAÝDUWSYZ/GAÝRATLY/MERT Siz gyzlara tüweleme, gepde aldyrmarsyňyz hiç ýerde :-) Ýöne gerek ýerinde erkek güýjini görkezip, siziň abraýyňyzy gorap bilsin.
6. ★ MAKSADA OKGUNLY Mydama täzeliklere we ösüşlere ymtylýan bolsa, sizide öňe çeker.Kän boş gürleme diýmäňde diýenini goldaň, şonda gowy belentlikler açylar.
7. ★ ZÄHMETSÖÝER/IŞEŇŇIR Ýalta bolmany sizem gowja ýerine ýetirip bilýäňizä :-) Oglan diňe işde däl, öý işlerinde hem ussat bolmalydyr. (çüýlemek, düzmek, bejermek... nahardagy gowy bişirýän bolsa ýapyşyp ýatyweriň :-) oglanyň eli süýji bolýandyr).
8. ★ GÖWNI AÇYK/ŞAHANDAZ Siziň içiňizi gysdyrmaýan, ýagny boş otyran ýerinden hem wagtyňyzy şadyýan geçirip biljek gürrüňleri ýa oýunlary bolsun.Garaz, şu punktdaky oglanlaryň has bolmanda ýarysyna gabat gelýänini tapsaňyzam siziň utdygyňyz bolar.
9-y düzüw barmy. Bu gözellikli dünýäde, gözi gamaşdyrýan boş-boşluklar dälde (maşyn, jaý, eşik) oglanyň içki dünýäsi, häsiýeti gözel bolsun. Ruhy taý tapynmak maddy känli tapmakdan kyndyr.

#talyplar.com@Hickim77

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, PerhatSabirov tarapyndan 15-09-2023, 15:08

  • PerhatSabirov PerhatSabirov off № 1 15 сентября 2023 15:10
    *Oglanlar eger siz gyz bolan bolsaňyz, haýsy häsiýetli oglany saýlardyňyz (ýalňyş düşünmäň ýöne)
    Jogap
  • Aydogdyyewa Aydogdyyewa off № 2 15 сентября 2023 16:33
    Ohooo asmandan gozleyanimi yerden tapdym Perhat hayys licga yazayyyyyyy plsssss
    Jogap
  • Berdimurad Berdimurad off № 3 15 сентября 2023 16:46
    Perhat Sabirovv,
    Gowni acyk men ozim gowni acyk gyz
    Jogap
  • Garlawaç Garlawaç off № 4 15 сентября 2023 16:48
    Gyzlaryň dälde arzuwlarynyň yzyndan ylgaýan oglanlar )
    Jogap
  • Belki Belki off № 5 15 сентября 2023 20:55
    Aý häzir sanasam ýene kriteriýa sanaýar adyna galýan :))
    Jogap
  • Genial Genial off № 6 15 сентября 2023 21:58
    Ikilik etmese wepaly bolsa ýalan sozlemese gyzlara seretmese soýýänligini aýdyp dursa zähmetkeş bolsa, şeýle oglan bolsa bar mährimi ona bererdim
    Jogap
  • PerhatSabirov PerhatSabirov off № 7 15 сентября 2023 22:46
    Aydogdyyewa,
    Bu ýerde şahsyda hat gidenok, elime sms ýazaýyň 864177934
    Jogap
  • Birisi Birisi off № 8 16 сентября 2023 07:44
    Namazly İkilik etmeyan mylakatly jogapkarli
    Jogap
  • .Resul. .Resul. off № 9 16 сентября 2023 13:48
    Birisi,
    Namazlylar edýädä ikiligi
    Jogap
  • Berdimurad Berdimurad off № 11 16 сентября 2023 14:18
    .Resul.,
    Tanyssak bolyamy men gyz indi islendik.ru saytyna agza boljak bolup kakamyn adyndan girdim adym Mähri
    Jogap
  • Berdimurad Berdimurad off № 12 16 сентября 2023 14:24
    Perhat Sabirovv,
    Sizinkli yaly oglanlary huda ozi jezasyny bersin
    Jogap
  • .Resul. .Resul. off № 13 16 сентября 2023 14:26
    Berdimurad,
    Bolýandäldir
    Jogap
  • Berdimurad Berdimurad off № 14 16 сентября 2023 14:27
    .Resul.,
    Neme ucin
    Jogap
  • PerhatSabirov PerhatSabirov off № 15 16 сентября 2023 14:54
    Berdimurad,
    Siz bilen deň bolup durmaga wagtym ýok . Söýülmek isleýäňizmi öz deň duşuňyzy tapyň men siziň deňiňiz däl bu sözleri men ilki sms ýazan wagtyňyz hem aýtdym. Başga diýere sözüm ýok
    Jogap
  • PerhatSabirov PerhatSabirov off № 16 16 сентября 2023 14:55
    Berdimurad,
    Özi hem durmuşa Real göz bilen serediň siz entäk kiçilik edýäňiz bagty Wirtualdan gözlemäge!
    Jogap
  • Birisi Birisi off № 17 16 сентября 2023 14:56
    .Resul.,
    Alladan gorkyan Adam hiç wagt ikilik edenok
    Jogap
  • Nazlı Nazlı off № 18 16 сентября 2023 15:02
    Men pikrimçe,
    100% ideal adam yok her kimin bir kemi bar, onsonam govnine yarasa bar bolshucha kabul etyan
    Jogap
  • yalniz prenses yalniz prenses off № 19 16 сентября 2023 16:07
    dine oglanlar seyle bolmalymyy a gyzlar naili bolmaly oglanlar
    Jogap
  • Seyrek Seyrek off № 20 17 сентября 2023 03:22
    Gyzlara bay oglan gerek yalnysman
    Jogap
  • yalniz prenses yalniz prenses off № 21 17 сентября 2023 19:15
    oglanlar gyzlaryn ovadanlygyna seredip oylenyan bolsa gyzlar hem oglanlaryn baylygyna seredim durmus gurup biler
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler