Статьи по выбранной дате

Sümer Plita ýazgylary (7-nji plita)

TIAMAT (HOW ENE) AFRIKADA TÄZE JENNETINDE ÇAGANY DÜNÝÄ GETIRÝÄR ''...Edinden uzakda bolan, Abzuwa (Günorta-gündogar Afrikada bir ýer) gitsinler'' diýip Enlil janykdy. Adamu we Tiamat Edinden kowuldylar. Enki olary baglaryň arasynda gurulan ýapyk mekana (Afrika Jenneti) ýerleşdirdi; biri-birlerini bilsinler'' diýdi. Ningişziddanyň bitiren işiniň netijeliligini gördi.

Bilet satylýa diýýä

AFK Kubogy — 2023/24-iň 2-nji tapgyryndan orun alan «Merw» (Türkmenistan) — «Abdyş-Ata» (Gyrgyzystan) hem-de «Altyn asyr» (Türkmenistan) — «Rawşan» (Täjigistan) oýunlaryna petekler satylyp başlandy. Oýunlaryň ikisi hem 5-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde geçiriler. Petekleri «Aşgabat» stadionynyň kassalaryndan satyn alyp bilersiňiz. Kassalaryň iş wagty her gün sagat 8:00-dan 21:00-a çenli. Petegiň

Ynam berseň...

Bir-biregi tanamzogam üýtgeşik, Ýakyndanam görmändik ýol öterlik. Emma, seni görmek asla gerek däl, Kalbyň gördüm, maňa şolam ýeterlik. Ýaşymyzyň tapawudam möhüm däl, Mydam gabat gelse içki dünýämiz. (Öte geçip aýtýandyryn öýdemok, Başdan meňzeş döredilen dünýä biz) Söýen ýürek rahat urup bilermi, sen uzakda gözleriňi ýaşlasaň?! Bilgin, mende geljek sary umyt bar, Ejizligi ýola çykman taşlasaň.

Puluň Güýji

Pul gerek ula-kiçä-de, Billeri egik goja-da, Molla, işan, pir, hoja-da, Mekgeden gelen haja-da, Emma ki pul küjede? Pul gerek şahyr, alyma, Eli gamçyly zalyma. Şäherde aýak ýoluma, Utanmak utandym neden, Bazarda pulsuz halyma. Pulsuz ýaşap bilmez täjir, Güni geçer wajyr-wujur. Parahordan gider gujur, Baý öýüniň bezegi pul, Pul bolmasa çeker ejir. Pul gerekdir rezidente, Pul gerekdir dissidente,

Soýgi owadanlykda däl!!!

Bir-birini biçak gowy gorýän bir är-aýal bar eken.Günlerde bir gün aýal erbet bir kesele uçrapdyr. Kesel aýalyn ýüz-gozüni mama dişän ýaly edip,ony gorkden gaçyrypdyr.Bir gün bolsa, ýanky aýalyn adamsy işden gelýärkä ulag heläkçiligine uçrap, kor bolupdyr.Muna garamazdan olar ýene-de bir-birini gowy gorüp ýaşapdyrlar. Wagtyn geçmegi bilen aýal keselden gutulyp bilmän,hasam beter

Hala sen äsgerme, hala sen äsger... (Madrigal)

Hala sen äsgerme, hala sen äsger, Men seniň bagtyňa bermäýin päsgel. Bileniňden galma, bagtyňdan galma, Şatlykdan doýma ýok, bu bagtdan ganma. Et göwne gelenin, köňül söýläniň, Parhy näme söýýänim ýa söýmänim. Men bolmaýyn aýagyňa çolaşan, Owal söýüp soň söýgüde sowaşan Ömürbaky bir-birege ýagydyr, Seň bagtyň - özgäň betbagtlygydyr. Hala sen äsgerme, hala sen äsger Men seniň bagtyňa bermäýin

Men üýtgemen...

Ýok, men üýtgemen Aslynda hiç zadam bolmaz Biraz üýtgesem. Adamlar gaty görýär, Hakykaty gürleseň. Adamlar ýumşak görýär, Aýalyňy diňleseň. Adamlar gowşak görýär, Sylag bilen ýüzlenseň. Başymdan sowjak bolýan Hemmesini. Gizlensem - Muň ýeke sebäbi şol. Ýakynyma gelme, Okalsada tebärek dost. Dünýeden aýrylmak, Meň üçin ýeke çäre dost. Tapylar dost, Atmana üstüme çäge dost. Ýo ýalňyş pikir etme