Pahtakor vs Ahal AFK Çempionlar Ligasy A topary 3-nji tapgyr. Bunýodkor stadiony. Sagat: 19:00-da Sport UZ we Football HD kanallarynda we şu blogda. Ildeşlerimizi goldalyň, öňe Ahal!!!
Bu wawwaly gürrüňi biraz aňyrrakdan başlamaly boljak. Ir zamanda bir adam oba mollasynyň ýanyna baryp, hat ýazyp bermegini haýyş edipdir. – Haty nirä iberjek? – diýip, molla sorapdyr. – Pylan ýere. – Ýok, bolmaz, başarman! – diýip, molla boýun gaçyrypdyr. – O diýýän ýeriň gaty uzak ahyryn! – Uzak boldy, ýakyn boldy, parhy näme? – Parhy kän. Sen düşün-ä! Gidip, özüm okap bermesem, o diýýän
Hiç zat etmeýän adamyň mydama kömekçisi köp bolýar. Bir zadyň hakdygy ýa nähakdygy barada adamlar ömürboýy ýalňyşyp geldiler, ýalňyşmalaryny dowamam ederler. Erkekleriň köpüsi aýallaryndan özlerinde ýok mertebäni talap edýärler. Ynsabyň ykrar etmedik hiç bir zadyny etjek bolma. Kemter alada kemter bilimden has uly zyýan ýetirýär. Bagtlylyk mydama islän zadyňy etmek däldir, gaýta eden zadyňy
Döwran dostlary bilen täze ýyldan soňky günlerde göwünlerini hoş geçirýärdiler. Her gün bir ýere oturmana gidýän oglanlar öýlerini hatda küýsemeýärdilerem. Köp gezmekligem gowy zat däl, ýöne bular çenden geçdiler. Günleriň birinde bularyň arasyna gyzlaram goşulýar. Şol gyzlaryň arasynda Maral atly bir gyza Döwran aşyk bolýar. Belkem oglan çyny bilen söýendir, ýöne şol gyzy sypdyrmajak bolup jan
Ine, güýz. Ine, gyz. Ine, pessaý saz. Güýzi saz göwünli gyz garşylaýar. Ýatlamalar saz ritmine goşulyp, Güýzi yşkdan galan yz garşylaýar. Ömrüni paýawlan ýapraklar özün Ene ýeriň gujagyna oklaýar. Gyzyň gözün dikip oturan ýaby Öňküsi deý çasly-çasly akmaýar. Diňe güýz gepleýär agras ses bilen, Gyz dymýar, diňleýär, ýazýar, diňleýär. Kalbyň ysy gelip duran setirem, agras güýzem, gyzam, sazam
Bir oglany bagtly etmek ücin gyz näme etmeli?! 1) Söýmeli. 2) Nahar bişirmeli. 3) Kellesini agyrtmaly däl. Bir gyzy bagtly etmek üçin oglan näme etmeli?! Gyz ücin kim bolmaly: 1) Dosty. 2) Söýgülisi. 3) Başlygy. 4) Mugallymy. 5) Povary. 6) Santehnigi. 7) Elektrigi. 8) Mehanigi. 9) Dogtory. 10) Parihmahery. 11) Psihology. 12) Özine göwni ýetýän. 13) Arassaçyl. 14) Ýumşak hasiýetli. 15) Jomart. 16)