Bu wawwaly gürrüňi biraz aňyrrakdan başlamaly boljak.
Ir zamanda bir adam oba mollasynyň ýanyna baryp, hat ýazyp bermegini haýyş edipdir.
– Haty nirä iberjek? – diýip, molla sorapdyr.
– Pylan ýere.
– Ýok, bolmaz, başarman! – diýip, molla boýun gaçyrypdyr. – O diýýän ýeriň gaty uzak ahyryn!
– Uzak boldy, ýakyn boldy, parhy näme?
– Parhy kän. Sen düşün-ä! Gidip, özüm okap bermesem, o diýýän ýeriňde hat okap bilýän ýog-a! – diýip, molla düşündiripdir.
Wäşiler bu henegi gülki äheňinde aýdyp berenlerinde bizi, iň bolmanda, ýylgyrmaga mejbur edýär. Şol mahal şeýle wakanyň hakykatdan-da bolup biljekdigi barada pikirem edemzok. Ýogsa, ýokardaky ýaly ýagdaýlaryň geçmişde hälimi-şindi ýüze çykandygy görnüp dur. “Elip-den şermende, bi-den bihabar” diýen gürrüň ýöne ýerden dörän däldir. Maglumatlara görä, on dokuzynjy asyrda türkmenleriň müňden bary-ýogy ýedisi okap, ýazyp bilipdir. Hat ýazdyrmak ýa okatmak zerurlygy ýüze çykanda sowatsyz türkmeniň gülki ýadyna düşendir öýdemok. Tersine, bu özbaşyna bir alada döredendir diýse bolar.
Döwleti bolmadyk halkyň hat-sowat ýagdaýynyň mundan enaýy bolmajagy düşnükli. Döwlet goldawyna daýanman, mekdep-medreseleriň işini göwün islegiňe görä ýola goýup bolmaýar. Türkmenleriň Hywa, Buhara medreselerine gidip okamaklarynyň bir sebäbini şu ýerden gözlemeli. Üstesine ilatyň esasan çarwadarçylyk bilen güzeran aýlandygyny hem hasaba almaly. Mal yzynda göçüp-gonup ýören çarwalaryň kadaly sowat almagy mümkin däl. Ony diýseň, oturymly ýaşaýyşa geçen türkmenleriňem aň-düşünjesi çarwalaryňkydan düýpli tapawutlanmandyr. Sowatsyzlyk käte-käte adamlary oňaýsyz ýagdaýlara salypdyr. Taryhy çeşmelerde berilýän käbir faktlary okanyňda başyňy ýaýkap, ajy ýylgyranyňy duýman galýarsyň. 1880-nji ýylda iňlis habarçysy Edmond O'Donowan Maryda bolan wagty ýerli türkmenler onuň ýanyndaky gazetleri puldur öýdüpdirler. Iňlis habarçysy olara gazet diýilýän zadyň nämeligini düşündirjek bolup, şunça jan etse-de, türkmenler kes-kelläm ynanmandyrlar. Ahyrynda O'Donowan gazetleri ýyrtyp, ýakyp görkezipdir, diňe şondan soň onuň ýalan sözlemeýändigine akyl ýetiripdirler.
On dokuzynjy asyryň segseninji ýyllarynda türkmen ülkesi dolulygyna patyşa Russiýasynyň düzümine birikdirilýär. Şäherlerde rus-ýerli mekdepleri işläp başlaýar. 1914-16-njy ýyllarda “Ruzname-ýi mawera-ýi bahri Hazar” atly gazet çykýar. Ol türkmen dilinde ýaýran ilkinji metbugat serişdesi. Soňra, häkimiýet bolşewikleriň eline geçensoň, sowet mekdepleri açylýar. Hökmany başlangyç bilim bermek ýola goýulýar. Türkmen dilinde okuw kitaplary, gazetler çap edilip başlanýar. Indi Edmond O'Donowanyň gazetini puldur öýden türkmen ýok, onuň aň-düşünjesi giňedi, entek okap-ýazyp bilmeýän-de bolsa, köpçülik gazeti uly gyzyklanma bile garşy aldy. Degişmeleriň birinde aýdylşyna görä, şol ýyllarda bir türkmen eline düşen gazete seredip oturyşyna: “Wah-eý, bir ýerde-hä otly agdarylypdyr” diýip çyny bilen alada galypdyr. Görgüli gazeti başaşak tutup oturan bolsa nätjek!
Soňra sowatsyzlygy ýok etmek maksady bilen likbezler işläp başlaýar, gysga döwrüň içinde ilat uçdantutma diýen ýaly sowat edinýär. Netijede geçen asyryň dowamynda türkmen halky ummasyz uly medeni ösüşe eýe boldy, ylym-bilime teşne türkmenleriň arasyndan halk hojalygynyň dürli hünärmenleri, medeniýet işgärleri, alymlar, ýazyjylar, şahyrlar, lukmanlar... ýetişdi, halk köpçüliginiň kitap okamak endigi ýaňy ösüp başlapdy.
* * *
Türkmenistan özbaşdaklygyny jar edeninden soň ýagdaý düýpgöter üýtgedi. Türkmen okyjysy kitapdan sowap başlady. Munuň esasy sebäpleriniň biri hökmünde elipbiý çalşygyny agzaýanlar bar. Elipbiý geçen ýüzýyllykda üç gezek çalşyldy. 1928-nji ýyla çenli jedit, 1928-40-njy ýyllarda latyn, 1940-2000-nji ýyllarda kirill, ondan soň ýene latyn. Elbetde, elipbiý çalşygynyň kitap okamak höwesine uly zarba urýandygy belli. Uly nesil soňky hata öwrenişip bilmän görgä galýar, soňky össürimler öňki elipbiýde çykan kitaplary okamakda kösençlik çekýär. Şu günki türkmen okyjysynyň kitap okamak endigini ýitirmegi barada oýlanyp oturyşyma “Eger elipbiý çalyşmadyk bolsa, nähili bolardy, okyjy bu peýdaly endigi öňki derejesinde saklap bilermidi?” diýen sowala jogap gözleýärin. Saklap bilmezdi diýen netijä gelýärin. Kitap bilen okyjynyň arasyna düşen sowuklygyň elipbiý çalşygyndan başga-da sebäpleri kän. SSSR darganyndan soň, edil beýleki respublikalarda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem bazar ykdysadyýetine ýol açyldy. Muny geçiş döwri diýip atlandyrýarlar. Geçiş döwründe dürli ykdysady kynçylyklar, adamlaryň maddy-hal ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy, şol zerarly çeper edebiýata islegiň peselmegi tebigy ýagdaý. Ýöne bu döwür tamamlanandan soň hem kitaba bolan islegiň gitdigiçe pese gaçmagyny näme bilen düşündirip bolar? Öňi bilen telewideniýäniň örüsiniň giňelendigini agzamaly. Hemra antennalary arkaly elýeterli bolan köp sanly teleýaýlymlar, olaryň hödürleýän özüne çekiji, gyzykly gepleşikleri ulyny, kiçini ekranyň öňünde dyza çökerdi. Hususan-da taryhy, söýgi, maşgala dramalaryny beýan edýän köp bölümli teleseriallar bada-bat okyjyny kitaby taşlamaga mejbur etdi. Diýmek, çeper edebiýat kino sungatyndan asgyn ekeni diýen birtaraply pikiriň döremezligi üçin şuny-da aýtmak gerek. Sowet döwründe türkmen okyjysy galapyn eserdäki dramatizme, dartgynly wakalaryň ösüşini yzarlamaga ram edipdi. Onuň üçin çeper sözüň jadysy, şiresi, gözelligi, edebi tilsimlere baýlygy, adam häsiýetleriniň yzarlanylyşy, psihologizm we beýlekiler soňky derejede durýardy. Şol sebäpli başdangeçirmeler, detektiw häsiýetli eserler isleglidi. Çeper eserdäki şol zatlary okyjy teleseriallardan tapypdy.
Tehnologiýa, tilsimat dünýäni gitdigiçe globallaşdyrýar. Ummasyz peýda getiren el telefonlarynyň okyjy bilen kitaba uly zarba urandygyny hem aýtmak gerek. Wagtyňy bihuda iýýän dürli oýunlar, gyzykly güýmenjeler kitabyň galanja ähmiýetini-de püçege çykardy. Esasanam soňky össürimleriň el telefonyna bagry badaşan ýaly imrikmegi olaryň kitap okaýan adama geňirgenip seretmeklerine getirdi. Ýaş nesliň kitaphonlara durmuşdan yza galan adam hökmünde ýaňsyly garaýan bolmagy-da ähtimaldyr. Şol bir wagtda-da olar öz medeni derejeleriniň juda çäkliliginden, sowatsyzlygyndan bihabardyr diýip arkaýyn güwä geçip bolar.
Okaýan adam gepinden mälim diýlişi ýaly, okamaýan adam hatyndan belli diýseňem gelişmän durmaz. Kitapdan bihabarlygyňy, sowatsyzlygyňy ýaşyrjak gümanyň ýok. Ol her ädimde diýen ýaly äşgär bolup dur. Bir fakt. 10-12 ýyl mundan öň suw hojalygy pudagynyň ýokary bilimli bir hünärmeni: “Dos byr haýyşt ba” diýip sms ýazypdy. Onuň näme haýyş edeni hakydamda galmasa-da, dört sözden ybarat tekstindäki dört sany orfografik we iki sany punktuasion ýalňyşlyk ýadymdan çykanok.
* * *
Sowatsyzlygyň, hususan-da kitaba garasöýmezlik bilen garamagyň adamlary nä günlere salýandygy barada amerikan ýazyjysy Reý Bredberiniň “Farengeýt boýunça 451 dereje” atly ajaýyp fantastiki romany bar. Romanyň baş gahrymany Gaý Monteg ýangyn söndüriji komandada işleýär. Bu komandanyň wezipesi – ýangyny, ody söndürmek däl-de, tersine, otlamak!
Totalitarizmiň iň uly duşmany – erkin pikirlilik! Kitabyň ýok ýerinde erkin pikirlilik bolmaýar. Şol sebäpli totalitar jemgyýet kitabyň kastyna çykýar. Kitap göçmäge häzir bolup duran bir ýaragdyr, kitap okaýan adam eli ýaragly duşman ýaly howpludyr, kitaby, ony okaýany we kitap saklaýan öýleri otlamaly, ýok etmeli! Ine, şu ynanja uýýan ýangyn söndüriji komanda akyla sygmajak wagşylyga ýüz urýar. On ýyllap edýän işiniň düýp sebäbine düşünmän, buýrulan ýumşy berjaý edip ýören Monteg bir gün Klarissa atly ýaş gyz bilen tanyşýar. Tanyşlyk onuň aňynda ýakymly özgerişlik oýarýar, adamkärçilik, söýgi, mertebe, mukaddeslik ýaly gymmatlyklardan üzňe, mährewsiz, sowuk durmuşda ýaşap ýören mahluga öwrülendigine düşünýär. Mundan soň onuň durmuşynda güzaply günler başlanýar. Aýaly, işdeşleri, edara ýolbaşçysy bilen çaknyşyklar güýjeýär. Kitapsöýüjiligi ýigrenýän jemgyýet Montegiň açyk duşmanyna öwrülýär. Ol pikirdeş gözläp, professor Fabere sataşýar. Faberiň maslahaty bilen şäherden çykyp gidýär we ýokary intellektli, geň adamlaryň köpçüligine duşýar. Asyl görüp otursa, olar özara toparlara bölünip, ýurduň çar künjüne ýaýran eken. Hemmesiniň maksady bir – kitabyň kastyna çykanlara garşy göreşmeli! Munuň iň ygtybarly usuly – kitaplary ýat tutmak! Adamzat paýhasynyň dür dänelerini hakydasynda göterip ýören bu adamlaryň özleri janly kitaba öwrülip gidipdir. Olar tüýsi bozuk jemgyýetde kitaba zerurlygyň dörejek pursatyna umyt bilen garaşyp ýörler.
Reý Bredberiniň romanyndaky dana söze sarpa goýýan adamlar maňa döwleti bolmadyk, tire-taýpa pytraňňylygynda ýaşan türkmenleri ýatlatdy. Eposlary, dessanlary, ertekileri, şahyrlaryň goşgularyny, hüwdüleri, läleleri, ummasyz uly edebi mirasy halk kagyza ýazman, kitaba göçürmän, ýitirmän, ýadynda saklap gelipdir. Çeper sözüň bahasyz baýlykdygyna düşünmese, ony soňky nesillere ýetirmek zerurlygyny duýmasa, halk beýle uly edebi hazynany hakydasyna ýazmazdy. Ýazypdyr. Ýöne bir ýazmagam däl, ony asyrlaryň dowamynda aňynda sünnäläpdir, timarlapdyr, kämilleşdiripdir, edebiýatçynyň dili bilen aýdylanda redaktirläpdir. Bu gün beýle zerurlyk ýok. Şertler üýtgedi, mümkinçilik giňedi. Okajaga kitap tapdyrýar. Kagyz kitap bolmasa, elektron neşirler bar. Görejiň çöňňelen bolsa, ýa okamaga ýaltansaň, audiokitaplar bar. Şonda-da kitaba bolan höwes artyberenok-la! Çynlakaý çözgüdi talap edýän bu mesele häzirlikçe açyklygyna galýar.
* * *
Bir meýlisde kitapdan söhbet açylanda biri garaşylmadyk sowal beripdir:
– Iň gowy kitap haýsy?
Muňa her kim özüçe jogap beripdir. Biri:
– Magtymguly! – diýipdir.
Takwa adamlaryň biri has aňyrraga gidipdir:
– Hasap güni amal depderiň sag tarapyňdan berilse, ana, iň gowy kitap şoldur!
– Ýok, sen o dünýäň gürrüňini goý. Şu dünýedäki kitaplardan birini aýt – diýipdirler.
– Elbetde, Gurhany-Kerime taý geljek kitap bolmaz!
Ahyrynda sowal bereniň özi jogap beripdir:
– Meniň üçin-ä iň gowy kitap “Harplyk”!
Muňa garşy gidere söz tapmandyrlar. Sowada, bilime, kitaba söýgi “Harplykdan” başlanýar.
✏Kakamyrat ATAÝEW
Okyja nä hudaý urdy?
Edebiýat,
Pegas
tarapyndan
24-10-2023, 13:55