Däl men
Ýalbarsamda günälermi öt diýip, Başarmaryn saňa özgä git diýip, Şeýle ýary söwer ýaryň tut diýip, Asla ýüregime emir eden däl men! Ýürekdäki duýgym geçirýän goşga, Hemmeler deý söýüp bilsedim käşga, Yşk hakda maslahat bersemde başga, Ýöne söýmekligi öwreden däl men! Sebäp tapdyň meni terk eder ýaly, Ýol ýokmy yşkymyz berkider ýaly, Unudyp özüme erk eder ýaly, Söýgi diýlen zady döreden däl men!