Ýalbarsamda günälermi öt diýip,
Başarmaryn saňa özgä git diýip,
Şeýle ýary söwer ýaryň tut diýip,
Asla ýüregime emir eden däl men!

Ýürekdäki duýgym geçirýän goşga,
Hemmeler deý söýüp bilsedim käşga,
Yşk hakda maslahat bersemde başga,
Ýöne söýmekligi öwreden däl men!

Sebäp tapdyň meni terk eder ýaly,
Ýol ýokmy yşkymyz berkider ýaly,
Unudyp özüme erk eder ýaly,
Söýgi diýlen zady döreden däl men!

Hak bagtyna gowuşana sapa bar,
Bu yşgyňam bir ujynda jepa bar,
Menem bu söýgüme boldum wepadar,
Senden özgelere sereden däl men!

Saňa bagly hem şu günim ertämem,
Düşünýärin bolandyr meň hatamam,
Ulaldyp ösdüren ene atamyň,
Ýüzlerini ýere garadan däl men!

Ynanýaryn dolanarsyň yzyňa,
Aýralygy rowa görme özüňe,
Söýgi görýän baksam gara gözüňe,
Entäk umydyny guradan dälmen!

Süleýman Tekäýew

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Hasratly ýürek tarapyndan 3-12-2023, 17:06

  • DonMaxx DonMaxx off № 1 4 декабря 2023 00:55
    boş durmasyn (nokatjyk) .
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler