Salam.Bir zadyñ negatiw tarapyny aýdanyñdan soñ pozitiw tarapyny-da aýtmaly hasap edýän.Şeýtsek edýän hereketimize sözüñ doly manysynda tankyt diýip bileris.
Düýn edepsiz oglanlar barada gürrüñ gozgapdyk.Bu gün edepli oglanlardan söz açmakçy.Düýnki mowzukda olaryñ diñe gyz-oglan gatnaşyklaryndaky edepsizliklerinden söz açypdyk.Bu günem diñe şol gatnaşyklardaky edeplilikleri barada bellejek.Beýleki gatnaşyklardaky edeplilikleri barada teswirde belläp bilersiñiz.
1.Ilkinji nobaty gyzlara berýän,hatda yzyndan gyz gelýän bolsa şolara girjek jaýynyñ,ulagyñ gapysyny açyp berýän "jentlmenler".
2.Ýolda duran nätanyş zenany gitjek ýerlerine çenli ulagynda äkidip jogap hökmünde diñe "Tañryýalkasyn"soraýan hemaýatkärler.
3.Gyzlaryñ ýanynda (belkem hiç haçan) diline paýyş söz alman edeplilikde rekord goýýan oglanlar.
4.Bir gyzy söýüp,oña dürli wadalar bereninden soñ wadasynda tapylyp şonuñ bilen bagt toýuny toýlaýan ähtine wepalylar.
5.Aýalyna baýramçylyklarda,doglan günlerinde sowgat almagy ýatdan çykarmaýan romantikler.
6.Arak,çilim,geroin serişdeleri bilen arasy bolmadyk oglanlar.
7.Çagalarynyñ ýekeje ýylgyrşyna sebäp bolmak üçin irmän-arman işläp,işden geleninden soñam olar bilen wagt geçirmegi ünsden düşürmeýän "Super kakalar".
8.Aýalyndan başga zenana göz astyndanam garap görmedik wepaly ýanýoldaşlar.
9.Aýalynyñ aýagyny ýere ýetirmän gitjek ýerine äkidip-getirýän "meýletin"sürüjiler :))
10.Ýolda-yzda haýsydyr bir nätanyş zenana azar berseler,şony goramagy özüne borç saýýan ýagşyzada gylyklylar.
Ine,meniñ ýadyma düşen edepli oglan görnüşleri-hä şular.Siz nähili edepli oglanlary aýdyp bilersiñiz?
Edepli oglanlar
Sorag-jogap,
Mümkin
tarapyndan
14-08-2022, 10:24