Söýgüm, kabul eýle janan, Ýürekde perýat galmasyn, Yşk, ýandyrdy onki synam, Öçür onda ot galmasyn. Bagt, bazaryn gyzdyryp gel, Päk söýgüňi syzdyryp gel, Görüplerden ozduryp gel, Duşman ýüzi şat galmasyn. Sökeli, ömür ýodasyn, Bozmany kaým-kadasyn, Göter gülüm yşk badasyn, Boşat syrdan zat galmasyn. Barlyk, gözel seniň bilen, Söýdüm artyk kemiň bilen, Kalbyň birle meniň bilen, Gaýgy-gussa wagt
Durmuş, saňa soragym bar! Ne üçin berýäň bize ezýet? Adamlary gamlandyrman, Senem şatlan, senem hezil et! Aýtsana seň aryň barmy, Näme isleýäň ynsanlardan? Indi bizä halys irdik, Seň jogapsyz mysallaňdan. Aglap otyr hanha zürýat, Ýitiripdir käbesini. Gam derýada gark etjekmi, Alyp elden gämisini? A-how.. Hany sende ynsap nirde, Ýa ýuwutdyňmy lember-lember? Haýyşt saňa, iň bolmanda, Ýetimlere bir
"Sowapdan pul gelmez" diýip, Diniň ýoly ýoda boldy, Utançsyz gyz açyk geýnip, Ten görkezmek moda boldy. Söýýän diýip berip wada, Ertesi gün atyp oda, In soňunda galyp ýolda, Ýalan söýmek moda boldy. Ýazgytda bar bir gün ölseň, Ýaryn aglar gözüň ýumsan, Kyrk gün aglap, kyrkyňdan soň Ýar tapynmak moda boldy. Ejizleri ezýänler kän, Şoňa nädip dözýärlerka, El uzadyp kömek etmän, Basyp
Ýagyş ýagsa, çalarýar ap – ak daşlar, Ýagyş ýagsa, garalýar sary ýaprak, Ýagyş ýagsa, ýuwulýar gara saçlar, Ýagyş ýagsa, melerýär ene toprak. Ýagyş ýagsa, has asuda bu durmuş, Onuň ne gaýgysy, ne gowgasy bar, Ol zeminiň ähli soňky zatlaryn Özünden özgesin ýitirip barýar. Özi hakda ýygy – ýygy ýatladyp, Özi hakda aýdýar ýadaman – irmän, Göýä ondan soňky zatlaryň bary, Ýagyş ýagsa, öňki reňkine