Söýgüm, kabul eýle janan,
Ýürekde perýat galmasyn,
Yşk, ýandyrdy onki synam,
Öçür onda ot galmasyn.

Bagt, bazaryn gyzdyryp gel,
Päk söýgüňi syzdyryp gel,
Görüplerden ozduryp gel,
Duşman ýüzi şat galmasyn.

Sökeli, ömür ýodasyn,
Bozmany kaým-kadasyn,
Göter gülüm yşk badasyn,
Boşat syrdan zat galmasyn.

Barlyk, gözel seniň bilen,
Söýdüm artyk kemiň bilen,
Kalbyň birle meniň bilen,
Gaýgy-gussa wagt galmasyn.

Synaglarda, mert duraňda,
Çäresi bor, dertleriňde,
Dünýäň, taryh depderinde,
Bizden ýaman at galmasyn.

Süleýman Tekäýew

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Hasratly ýürek tarapyndan 5-01-2024, 12:19

  • Abdylla85 Abdylla85 off № 1 6 января 2024 13:22
    Gowy, soygi barada arassa mazmunda yazylan goşgy. Suleyman shahyr soygilisine cyn yurekden yuzlenyar. Oña ozuniñ ashyklygyny halys ykrar edyar. Magshugynyñam ykrar etmegini umyt-arzuwa beslenip
    isleyar. Ilkinji nobatda cyn soyginiñ simwoly bolmagy, yrga soyjiniñ girdabyna dushup, il icinde yaman atly bolup galmazlygy isleyar. Liriki gahryman magshugy bilen birlikde durmushuñ her gornushli kyncylyklaryny el tutushup yeñip gecmage yuz prosent tayar. Gahryman
    hakyky soygi sutuniniñ berk binyadyñ mizemezligine goshandyny goshmagyñ ugrunda hic bowetden eymenenok. Magshugy hemishelik yanynda bolsa oña yeterlik. Oña yagny soygilisine bashyny gurban etmage dowtalap.
    Jogap
  • Hasratly ýürek Hasratly ýürek off № 2 6 января 2024 19:56
    Abdylla85,
    sag bolun minnetdar ýene-de bellik pikirleriňize garaşýan garaşýan
    Jogap
  • JackSparro JackSparro off № 3 9 января 2024 00:52
    Düzetmeli ýerleriň bar... Üstünde gowy işlemeli...
    Jogap
  • Myrat9087 Myrat9087 off № 4 9 января 2024 07:48
    JackSparro, Mysal üçin niresini?
    Jogap
  • Myrat9087 Myrat9087 off № 5 9 января 2024 07:53
    Abdylla85, Bähh, tuweleme, sizä kitaplara anataçyýa ýazybermeli şu talandyňyz bilen.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler