Статьи по выбранной дате

Iň agyr günä / esse

Eger googl-dan ýaltanman, musulman dininde iň agyr günä näme diýip sorasaňyz. Google size iň agyr günä "köphudaýylyk" diýip jogap berer. Hudaý bilen deň-hatarda başga hudaýlaryň bardygyna ynanmak. Eýsem şeýle günä näme üçin iň agyr hasap edilýär? Mysal üçin aýdaly Hudaýyň asla bardygyna ynanmazlyk, ýa-da çagany öldürmek, ýa-da beýik urşlary turuzmak, adam baryny gyrmak. Bularyň hiç
0

Durmuşda iň gymmat zat näme?

Her bir adama şeýle sorag berseň, jogaplar hökman dürli-dürli bolaýmaly. Aýal-gyzlar üçin, köplenç iň gymmat zat çaga we maşgala durmuşy. Erkekler üçin wezipe, pul, hökmürowanlyk we at-abraý bolup biler. Gymmatlyklar her bir adam üçin dürli-dürli bolýar, eýsem gymmatlyklaryň haýsy biri dogry? Mysal üçin, zenan üçin iň gymmat zat pul bolsa, şeýle adam pul gazanmak üçin, öz tenini satmakdan we

Dag

Dag Oňa näme diýmediler, Nämeleri eştmedi ol? Aýdyp – aýdyp goýmadylar, Kä belent, kä pesdedi ol Hem garady, hem ýaşyldy, Öwüsýärdi dürli hili. Ha saklady, ha aşyrdy, Dagatdy ýa düzdi ili. Bir-de ýakyn, bir-de uzak Bolup göze görünýärdi. Bir-de halas, bir-de duzak Bolup üste sürünýärdi. Badyhowa ýa-da pespäl Diýýänlerem bardy oňa, Hiç bir sözem täsir etmän, Ol dag bolup galdy diňe Bägül ATAÝEWA