Eger googl-dan ýaltanman, musulman dininde iň agyr günä näme diýip sorasaňyz. Google size iň agyr günä "köphudaýylyk" diýip jogap berer. Hudaý bilen deň-hatarda başga hudaýlaryň bardygyna ynanmak. Eýsem şeýle günä näme üçin iň agyr hasap edilýär? Mysal üçin aýdaly Hudaýyň asla bardygyna ynanmazlyk, ýa-da çagany öldürmek, ýa-da beýik urşlary turuzmak, adam baryny gyrmak. Bularyň hiç biri agyr günä hasaplananok-da, gel gel köp-hudaýylyk agyr hasaplanylar. Käbir adamlaryň şu ýerde, kellesine ters pikirleriň gelmegi mümkin, hamala Hudaýy birine deňeseň, Ol gaharlanýan ýaly, emma bu diňe adamlaryň ýagdaýa baha berip bilşi. Hakykatda bolsa bar zat şeýleräk: Köp hudaýa ynanýan adam, ilki bilen özine zyýan ýetirýär we oň dünýägaraýşy, ony dowzahdan çykmaz ýaly edýär. Biziň ählimiz irde giçde öz Ýaradyjymyz bilen duşuşmaly, eger Hudaýa ynanmaýan adam (), Hudaý bilen sataşsa, oň ýüreginde Hudaýa bolan ynam döremegi mümkin, sebäbi ol, öň beýle Beýik Güýç bilen sataşyp görmändi. Ýöne köp hudaýa ynanýan adam, Hudaý bilen sataşsa, oň kellesine geläýjek zat, musulmanlaryň hudaýy adamlary basyp aldy, çyzykdan çykdy we bikanun suda başlady. Ýöne, bir ýerlerde biziň hem hudaýymyz (şiwa, ýehuwa, Ysa pygamber, Aly şahymerda) bolmaly, we ol häzir biziň dadymyza hökman ýeter. Elbetde şeýle adam, musulmanlaryň Allah diýýän Hudaýyndan hiç zat (rehimdarlyk) sorap durmaz. Hristýanlar ahyrýetde tutuş adamzady Isa Pygamber sud eder diýip ynanýarlar. Şaý musulmanlar bolsa, ahyrýetde Hezreti Aly şahymerdan olaryň sudýasy bolar öýdýärler. Netijede şeýle dünýägaraýyşly ölen, we kyýamatda direlen adamlar, Hudaýdaý rehimdarlyk diläp bilenoklar, olar ýene köne endige görä, şol öňki hudaýlaryndan diläp başlaýarlar. Garaz köp-hudaýlyk, ýa-da Hudaýyň hökmürowanlygyny ýene birne ýazmak ýaly hereketler, adamyň özini gapana düşürýär, bu ýerde Hudaýyň edýän işi ýok. Adam öz ýoluny özi saýlady we hakykatdan hem iş çözýän Güýçden hiç zat dilemedi.

Biziň döwrümizde ýaşaýan adamlar üçin ýene bir gorkuly dünýägaraýyş bar we şol dünýägaraýyş diňe kyýamatda öz hasylny bermeli. Telewidenýede we başga mas-mediýada ýaýradylýan, başga planetadan gelen, basypaljylar baradaky dürli maglumatlar we ideýalar, ýöne ýere ulanylanok. Asmandan basyp aljylaryň irde giçde geljegine berk ynanýan adam, kyýamatda gözlerini açyp, asmandan Allahyň we Perişdeleriň inip gelýänini görse, oň iň birinji pikir etjek zady kosmosdan biri bizi basyp almaga geldi we Ol hökman bize duşman bolmaly? Şeýle pikirli adamlardan hiç biri, Hudaýdan öz günäleriniň geçilmegini soramazlar, asla Hudaýa Hudaýdyram öýtmezler. Köp-hudaýylygyň eltýän netijeleri şeýleräk, onsoňam Hudaý ýöne ýere "siziň öziňiz öz göwnüňize degdiňiz" diýenok.


P/S: Ömrüne Namaz okaýan adamlaryň kyýamat güni iň birinji edäýjek hereketleri, Hudaýy gören batlaryna ýere ýykylyp oňa tagzym edip başlamak, sebäbi entek dirilikde ençeme gezek gaýtalanan hereketler, adamyň ruhuna siňip gidýär, kyýamatda bolsa biziň ruhymyz çykyş etmeli bolýar.

Rahman Zulfikarow

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, setdars tarapyndan 20-01-2024, 14:34

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler