Öz goşgyma parodiýa
“Elim ýazgyr bolsun, galamym – ötgür”
diýip, ýazan goşgularmy aldym-da,
Oda, ýele, suwa zyňyp goýberdim,
Garaşýaryn, näme barka alnymda?!
Birhaýukdan bir ses gelýär daşardan:
“Ah-eý, ýüzi gurmuş, okumyş haýran!”
Seretsem, aşakda gybatkeş goňşym,
Elinde-de ýele niýetlän goşgym!
“Üç çagasy bara meňzänok asyl,
“Söýýän, köýýän” diýip, bu ýaşlardan soň...”
Äpişgäni ýapdym, sem boldy sesi,
Ynha, indi ýaz-da başarýan bolsaň!
Altyntäç REJEBOWA
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
2 комментария